Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Tehnologiıa Habarlary

Robot Eneke

Gaıgysyz Garaıew

 

Nowruz 10, 2004 . G.orta Koreıada çaga dürli ugurlarda kömek edip biljek robot işläp düzüldi. Bu “hiper-eneke” dürli erteki we hekaıalar aıdyp berıär, çagalary halaıan sazy bilen çagalary güımeıär, we hat-da iňlis dilini hem öwredip bilıär. Robotda ıerleşdirilen kamera arkaly çagalaryny internet – çät arkaly yzarlap bilerler. Öıe keseki biri gelse, suradyny düşürip elektron hat adresine ıollar. Gündelik ediljek işleri ıadyna girizip bolıar we wagty gelende robot çagajyga etmeli işini ıatladar. Mysal öı ıumuşyny etmegi ıa-da süıt içmegini ıatladyp biler. Altas

 

Päkistanda Täze Raketa

Gaıgysyz Garaıew

 

Nowruz 10, 2004. Päkistanda Şahyn-2 raketasynyň atyşygy(howalandyrylyşy) üstünlikli amala aşyryldy. Raketa zarba-ediji enjam kellejigini hem ıerleşdirip bolıar, şol sanda atom enjamyny. Bu raketa 2000 km ıol aralyk geçmäne ukyply we Hindistanyň islendik nokadyna ıetmegine ıeterlikdir. Hindi tarapynda yzarlamalar Yzraıylyň radar tehnikasy arkaly amala aşyryldy. Bu radar arkaly Päkistandaki aragatnaşyk ulgamlarynyň uly bölegini yzarlap bolıar, we telefon gepleşiklerini yzarlap bolıar. Altas

MyDoom-yn İasaıyjysyny Tapana 250’000 Dollar

Şamyrat İusupow

 

Türkmenbaşy 31, 2004. Öňde gelıän kompıuter üpjünçilik firmalaryndan Symantec, W32.Mydoom@mm ady bilen bilinıän W32.Novarg.A@mm ‘solugjan’ wirusyny geçen ıylyň Alparslan aıynyň 13-ne tapandyklaryny, emma zyıanyny Baıdak aıynyň 1-ne başlajakdygyny metbugata habar berdi. Kompıuter ulanyjylar şugünlerde seresap bolmalygyny, internetden alıan materiallaryň Antiwirus programmlary bilen göz aılamaklaryny, ol programmalary täzeläp durmalydygy (update) ekspertler tarapyndan maslahat berilıär. Şu wagt wirus e-hat arkaly ıaıraıar. Hatyň mowzugy esasanda ‘test’(derňew) ıa-da ‘error report’ (ıalňyşlyk tabşyrygy) ıaly görnüşelere ıakyn şekilde gelıär. Bu wirus kompıuteriň ulgamyny arkaıyn çökerdip biljek ıagdaıdadygy hem habar berilıär.

 

Emma bu habar köp geçmäkä, F-Secure kompıuter üpjünçilik firmasynda işleıän, Finlandiıaly kompıuter ekspert Mikko Hyppoenen, iki sagatlyk zähmetiniň netijesinde antiwirusyny tapmagy başardy. Esasy mesele, ol antiwirusyň ertirden (Baıdak 1, 2004) öň ulanyjylara ıetrilmegidir.

 

Mikrosoft firmasy MyDoom wirusyny çykaryp ıaıan adamy habar berene 250’000 amerikan dollary wada berdi.

 

Türkmen.Net üçin ıörite Altas Tehnologiıa

Mars Ekspres: NASA “Ruh”lanıar  we “Pursat”dan Peıdalanıar

Şamyrat İusupow

 

Türkmenbaşy 31, 2004. Türkmenbaşy aıynyň 3-ne Mars planetasyna gonan Mars Ekspres hemrasy, 7 aılyk ıol geçmeginiň netijeli tamamlanandygy üçin alymlary begendirdi. Öňem birnäçe gezek beıle synanşygyň netijesiz jemlenmegi umyt odyny söndüripdi. Mars Ekspresde ıerleşdirilen Spirit (ruh) robotyny kameralary arkaly Marsyň ıüzünden wideo görnüşler geldi. Marsyň ıüzünden ilkinji görnüşleri almak, örän tolgundyryjydy. Aıyň 15-ne Spirit aıaklaryny açdy we Marsyň ıüzünde hereket edip başlady. İaşaıyşyň bolmagy mümkinçiligini nazara alyp, ıokary hilde reňkli surata we wideo ıazga geçirıän kameralaryň bardygy ıatladyldy, we ilkinji reňkli suratlar aıyň 19-na alynyp başlandy. 40 ıyl bäri, Marsda suw barlygy-ıoklugy jedel edilip gelıärkä, NASA, aıyň 24-nde käbir ekspertleriň metbugata ıetiren habarynda, Marsyň ıüzündäki şekilleriň suwyň emele getiren şekilleridigini öňe sürüp, Marsda bir wagtlar ıaşaıyşyň bolaňdygy barada çaklamalar ıüze çykdy. Bu alymlaryň arasynda uly jedele ıol açdy, emma netije hökmünde Marsda suwyň barlygy-ıoklugy entek hem nä-anyk bolup galıar. NASA ikinji hemra topary, Opportunity (pursat)-ni hem gondurmagy aıyň 25-ne başardy. Hepdäniň Hoş güninden (Türkmenbaşy 28, 2004) bäri Spirit roboty oňat işlänok.

 

Robot uly tehnika bilen, termometr, kameralar wşm. bilen enjamlasdyrylandyr. Üç aı boıunça Marsda ıaşaıyşyň yzyny gözlejekdirler.

 

Türkmen.Net üçin ıörite Altas Tehnologiıa