Türkiıe: Edirnede 369 kilo geroin ıüklenen ıük ulagy saklanyldy
Gysga Habarlar – Gurbansoltan 25, 2004
D.gazyk Koreıa ABŞ-nyň DK-a çozmak niıetiniň
bardygy bilen günäledi. 50 ıyl öň bolup geçen Koreıa
Söweşiniň eltıän delilnamalaryny yzarlajakdygy habar berildi.
Amerikan we saudy ygtyıarlylar: "Saudy Arabystan ABŞ-a
Yrak söweşinde garaşylandan has köp ıardam berdi. Birnäçe howa
bazasyny açdy we arzan ıangyç üpjün etdi"
Yrakdaky amerikan deňiz Güıçleri: gozgalaňçylary täze
duşman emele getirmän basdyrmaly
Britaniıa: Musulman zenanlara özlerine garşy 'terror awy'
başlap biler gaıgysy bilen, hökümet raıatlyk şahadatnamasynda
suratlarynyň goımazlygyna rugsat berdi
Buş Fellujadaky üıtgeşiklikleriň tabşyrygyny
almak üçin iň esasy generaly bilen duşuşdy
Awstriıada Saılawlar. Soňky 18 ıyl hasabynda ıa ilkinji zenan
prezident, ıa-da ilkinji sosialist baştutan saılanar
Hytaı Koreıa pajygasynyň 'ıarasyny baglamak' üçin ilkinji
gumanitar kömegini ugratdy
Awstraliıa premıeri Jon Howard awstraliıaly esgerler bilen
duşuşmak üçin Anzak Hatyra Güni (25/04) Bagdat aeroportuna uçdy
Witaliı Kliçko Britaniıaly Lıuis bilen boks riňinde gaıtadan
duşuşmak isleıär
Maradonna ıasama nepesalyjy enjam bilen ıaşaışyna dowam
edıär.
Zimbabwe finans ministri Kris Kuruneri bikanun ıol bilen
daşary ıurt malyıe guramalaryna pul serişdesini çykarmak bilen
günälenip tussag edildi
Hytaı täze üsti açylan SARS ıagdaıy sebäpli duıduruş berıär.
Müňlerçe syıahatçylar barlagdan geçirildi.
Ispan täze baştutany Morrokka resmi sapar bilen gitdi.
Terrorizme garşy göreşde arkalaşyk işleri ara alynyp
maslahatlaşyldy.
Gyzyl Haç Koreıada partlamanyň bolan ıeriniň
arassalanandygy nygtaıar
Günbatar İakada Ysraıyl esgerleri 3 palestinlini öldürdi.
Ölenleriň biri 15 ıaşynda oglanjykdy.
Yrakda guruljak täze hökümetde Wagytlaıyn Hökümet Konseıiniň
agzalarynyň uly bölegi alynmajakdygy kararlaşdyryldy
Bagdatyn bir çetgi mahallasynda (mikroraıonunda) partlama: 9 öli
Bagdatda Amerikan harby bazasynda raketaly çozgun: 4 öli, 7 ıaraly
Tikritde bombaly çozgun emele geldi: 4 öli, 16 ıaraly
Basrada 3.5 tonna partlaıyjy maddaly ıük ulagy saklanyldy
Kolin Powel: "Buş Şaron tarapyndan Arafatyň
janyna kasdediji herhili herekete garşy"
Indoneziıada agyr ıagyş sebäpli taıan topragyň astynda
galan awtobusyň 37 ıolagçysy ıaşaışyny ıitirdi
Hytaı Habar Gullugy: Koreıadaky pajygadaky ölenleriň sany 154
Norwegiıa Oguz aıynda esgerlerini Yrakdan çekmekçi. ABŞ-den
Norwegiıa harby güıçlerini entek Yrakda saklamagy baradaky talabyna ıüz
öwürdi.
Kipr İB giriş referendumy üçin Kofi Annan meıilnamasyna Kipr
Türkleriniň 65% hawwa, grek kiprlilerin 76% ıok diıip ses berdi.
Günorta Kipr muňa garamazdan İB-a girdi.
Demirgazyk Kipriň ykdysady sanksiıalaryň açylmagy
garaşylıar.
Dynçgüni Aşgabatda hökümet taraplaıyn Türkiıäniň
İOM-laryna giriş TJS (Türki Jemhuriıetler Synagy) bolup geçdi.
Buş amerikan ıokary ygtyıarlylaryň gatnaşmagynda
Felluja we Yrak meıilnamasy meselesinde konferensiıa geçirdi