Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dünýä Habarlary | Gysga Habarlar

Dünýä Habarlary

Editor: Şamyrat Ýusupow

Reagan: Gahrymanmy, Zalym?[syn]

Gaýgysyz Garaýew

 

Oguz 9, 2004. Soýuz bilen Sowuk Urşy duruzyp SSSR bilen oňat aragatnaşyk başaldan ABŞ-nyň 40-njy prezidenti Ronald Regan, alsemiýa keselinden 93 ýäşynda öldi.

 

Örän oňat lider bolmagyna garamazdan, käbir analitikleriň belläp geçişlerine görä Jorj Buşa garanda has ýeňil kelle we ‘zalym’dygy aýdylýar. Buş Owgana we Yraga Sentýabr 11-de ölen 3000 adamy bahana edip giren bolsa, Regan Germaniýada bir diskotekada emele gelen partlamada ölen 2 amerikan raýaty sebäpli hiç ýok ýerden Liwiýany günälap 2 şäherine bomba ýagdyrdy. Muammer Gaddafy Reganyň kazyýet işlerinden geçmän ölüp gideni üçin gynandy.

 

Eýrana gizli ýarag satýar diýip parlament tarapyndan prezindentlik kürsüsinden gysga wagytlygyna düşürülen Reganyň täsin hekýasam bar.

 

Ol asyl artist bolup Golliwud filmlerinde köp oýnapdy. Soň 60-njy ýyllaryň ahyrlarynda Kaliforniýanyň häkimi bolýar. Soňam 1981-de prezident bolýar. Tanyş gerek? Hawwa, başga Golliwud oýunçusy Şwarsneger şu wagt Kaliforniýanyň häkimi. Taryh bolşy ýaly gaýtalansa 10 ýyl soň prezidentlik kandidatlary arasynda Arnold-am görüp bileris.

 

Ronald Reganyň jesedi Anna güni dogduk mekany Kaliforniýada topraga beriler.

 

Öňki Habarlar

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center