Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Metbugat, Ýaýlymlar, Magaryf

Editor: Şamyrat Ýusupow

Samanýoly TW: Türkmenistan Ujypsyz Ösüşde

Magtymguly 04, 2004. Türkiýäniň hemra arkaly dünýä ýaýlyma açylan ilkinji teleýaýlym kanaly bolan Samanýoly TW, habarlar bölümünde Türkmenistan barada taýýarlanan wideo-materialyny görkezdi. Reportažy taýýarlan Weýsel Gylyç Türkmenistan gysga wagtda örän uly ykdysady ösüşlere eýe bolmak bilen uly üns çekýändigini, ülkede eşretli durmuşyň bardygy, gaz, suw, tok ýaly serişdeleriň halkyň ulanyşyna tölegsiz berilýändigi we dünýäde iň arzan benzin tükedýändigini belläp geçdi.

 

Paýtagt Aşgabadyň ‘Ak Şäher’ maksatnamasy esasynda örän gözel we jadylaýyjy şähere öwrülendigini, Soýuz döwründe paýgtasyny hem daşary ugradýn Türkmenistan, şu wagt tekstilden oba-hojalyga ähli pudaklarda özüne ekläp biljek ýagdaýa gelendigini hem belläp geçdi.

 

“Bu galkynyş maksatnamalaryň ýolbaşçygyny edýän prezident Saparmyrat Türkmenbaşa halkynyň söýgüsi çäksizdir,” diýen Weýsel Gylyç sözüne şeýle dowam etdi:

 

“Bu söýgüsüni halk bu beýik serdaryň suratlaryny we heýkellerini şäher we guramalaryň esasy merkezlerinde görmek mümkin”

 

Samanýoly TW Türkiýäniň ilkinji hususy kanallarynyň biri bolup, dünýäniň 50-den gowrak döwletinde hemra arkaly ýaýlym edýär we Türkiýäniň daşynda Häzirbegjanyň Baku şäherinde-de ýaýlym studiosy bar. Samanýoly TW Türkiýede we dünýäde sanly baýraklara eýe boldy. Samanýoly TW Türkmenistanda-da hyzmat edýän Jahan Habar Gullugy we Zaman Gazeti bilen ylalaşyk arkaly ýakyndan arkalaşýar.

 

Samanýoly TW dünýäniň ähli ýerdäki tomaşajylaryna internet arkaly hem ýaýlym edýär. Şol sanda Samanýoly Habar topary hem iň täze habarlary, iň adyl analatika bilen hödürleýär.

 

Samanýoly TW: http://www.samanyolu.tv

Samanýoly Habar: http://www.samanyoluhaber.com

Samanýoly Ýaýlym: mms://usa.stv.com.tr/live

 

Altas

 

Öňki Habarlar

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center