Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

YKDYSADYİET WE SÖWDA HABARLARY

Türkmen Flotuna Täze Boeing Goşuldy

 

Gurbansoltan 30, 2004. Aıyň 26-syna türkmen howa flotuna bir Boeing-717 ıene goşuldy, we Türkmenhowaıollarynda Boeing kysymly uçarlaryň sany jemi 11-e çykdy. Kaliforniıadan getirilen bu uçar öňürti Birmingam-a (Aňliıa) getirildi, ol ıerden-em türkmen pilotlary uçurup paıtagt Aşgabada getirdi. Boeing -717 bolsa örän amatly uçar bolup, sagatda 800 km bat bilen 2800 kilometrlik uçuşy arakesmesiz ıerine ıetirip bilıär. Kaıutasyna bolsa 120 ıolagçy alar ıaly göwrümli.

Indiki ıyl Boeing 767 – 300 VIP (hormatly derejely adamlar üçin niıetlenen)  kysymly uçarlaryň garaşylıar. 2020-nji ıyla çenli Boeing uçıan alatlarynyň sany 30-a çykarylmagy maksatlanıar. Altas

Slawıanlar Telefonda

 

nCa

Gurbansoltan 28, 2004. Prezident Nyıazow İaşgüni ors prezident Wladimir Putin we ukrain prezident Leonid Kuçma bilen gürleşdi. Gürleşikler energetika we Gazprom gurluşyk işleri barada bolup geçdi. Bölekleıin bolan bu gürleşiklerde esasy mesele Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ukraina we Orsiıete eksporty boldy.

 

Geçen ıylyň Magtymguly aıynda Orsiıet bilen gol çekilen 25 ıyllyk ylalaşygyň esasynda 2007-nji ıyla çenli Türkmenistan 50-80 milliard kubmetr aralygynda tebigy gaz eksport etmegi başarmalydyr. Ors baştutany bilen duşuşukda Hazar statusy bilen baglanşyklary ylalaşyklaryň dowam etjekdigini, suw-ulagçylygyny ıarag we neşe daşamajylygyna ulanşygyna, garakçylyga we terrorizme garşy ortak çözgüt gözlenjekdigini nygtaldy.

 

Prezident Kuçma birnäçe gezek gijikdirilen Aşgabat resmi saparyny Magtymguly aıynyň ahyrynda amala aşyrmakçy. Ukrain tarapy hem Türkmenistan bilen 2032-njy ıyla çenli 25 ıyllyk tebigy gaz satyn alyş (mümkin bolsa gaıtadan eksport etmek) şertnama baglanşmakçy.  Altas

 

Amerikanlar Serhetçilere 10 Suw-daşaıyjy Ulag Sowgat Berdi

 

Gurbansoltan 26, 2004. Türkmenistan Serhet Gullugy ıolbaşçysy Rahmangeldi Annasähedow we ABŞ ilçisi Treısi Ann Jeıkobsonuň gatnaşygynda dabarada Eksport Barlagy we Serhet Howpsuzlygy (EXBS) meıilnamasy esasynda serhet gulluk işgärleriniň hyzmat üçin 10 suw-daşaıyjy ulag sowgat berildi.

 

Aıdyp geçmeli zat, ABŞ hökümeti regiondaky ‘neşe, ıarag we adam söwdasyna’ garşy göreş esasynda 2003-nji ıylda 40 sany UAZ kysymly awto-ulag, 40 sany gije-görüş enjamlary, 140 binokl, 7 sany gümrük barlag enjamy, 40 sany hemra-arkaly nawigasiıa enjmlary Serhet Gullugunyň hyzmazty üçin sowgat berilendir. Altas

 

Türkmenistan Petronasa İangyçgeçiriji Teklip Edıär

Gurbansoltan 23, 2004. Dünıäniň iň öňde gelıän 500 kompaniıalaryň biri Malaıziıanyň nebit-gaz ugrunda iş alyp barıan ‘Petronas’ firmasynyň ıolbaşçysy jp. Hasan Marican prezident Nyıazow bilen duşuşdy. İurt baştutany bilen arada geçen gürrüňdeşlikde Petronas-yň Türkmenistandaky filial toparyny alyp barıan işleriniň üstünlükleri barada, Hazar Deňizinde gözleg-agtaryş işleriniň tamamlanyp gelıändikleri barada agzaldy. Bu duşuşykda prezident Türkmenbaşy şereketiň ıolbaşçysyna Hazar Deňizinden Ukraina we Orsiıetiň üstünde İewropa harajaty 2.5 milliard dolara barabar boljak ıangyç-geçiriji gurnamagy teklip etdi.  Bu ıangyç-geçirijiniň ıyllyk 30 milliard kubmetr gaz geçirijegi takmyn edilıär.

Duşuşugyň soňunda prezident Türkmenbaşy Petronasyň Hazar Deňizindäki alyp barıan işleri üçin, we döwletlerarasy ylalaşyk esasynda tejribeli kadr ıetişdirmek üçin her ıyl 10 sany türkmen talyplaryny Malaıziıa Petronas Unwersitedine okuwa ıerleşdirıändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Altas

Öňki Habarlar

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center