Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Dürli-Dümen Bölümi

Ýaýlym: Gurbansoltan 2, 2004

Dost isleseň

Ylyas AMANGELDI

Bu dünyede köpler azaşyar. Menem köpuň biri... Azaşdym, hatalarym gara tupan bolup dunyämi tutdy. Depämden gum dökulyärmi, ayagymyň astyndan çäge sowrulýar bile bilmedim. Töhmetmidi, yazykmydy, ya bahylyn nazary anşyra bilmedim. Ho beylede çala görunyän atam elindäki hasasyny galgadyp dunyämi yagtyltmaga yhlas edyär. Hasasy hiç zada ilmän asmanu-zemini tutan gara tozanyn içinden boş geçyär. Enemin pyganyna yuregimde ilkinji sanjyny syzdym. Çagalaryny penalayan enelerinin howsalaly gözleri elek-çelek...

Görsene muny harasadyn içinde hiç zat saygartmayarka, dogan-gardaşlarymy, hemem özum yaly tupana galanlary yanlarynda yaly görup durun. O birinin ustune yagan gumdan yana garagy gapylypdyr. O biri ayak ustunde durup bilmän bir yykylyar, bir galyar. Yykylsa gömuljek. Gayrat etmeli, ayak ustunde saklanmaly. Görsene apy-tupana galan näçe - yuzlreçe, munlerçe. Jahanyn arassa asmanly, asuda eri bir galdymyka? Bu ne bela, bu ne harasat...

Aljyramaly däl. Penalara-da hiç zat yok. Ne öy görunyär, ne uçek. Yanymdaky dogan garyndaşlaryma dayanjak bolyan. Emma aramyzda ayna perde goyulan yaly. Elim anyrysy görnup duran sowuk diwara degyär. Belki bäş ädim beylämde yol bardyr meni tupandan alyp çykjak? Yöne haysy tarapda, çepimdemi, sagymdamy? Ters aylanyan. Ahyry duşundim yol gözläninden peyda yok. Yol-yodadan önurti dost-duşmany saygarmaga çalyşmaly. Biri elimden çeken yaly boldy, birisi yzymdan aslyşdy. Duşunmedim, elimden çeken gorpa çekdimi, yzymdan aslyşan gorpa gaçmadan halas etdimi? Duşunmedim. Özumi aşak goyberip sessiz oturdym. Indi göpup otursam ilkinji dogry hereketimi şonda eden ekenim. “Yol bilmeyänin yzyna duşenden duran yerinde duranyn has beter azaşmazlygyn uçin bähbitlidir”1 dien dana sözi son eşitdim.

Bu apy-tupanda dost-duşman - ikisi birden saygartmaz, ilki dostumy gözläyin diydim. “Dost
sana näme etsin? Olam özun yaly gidere ugur tapman durandyr-da.” Bu anyk, duşman sesidi. Yeke galanymdan gowy. Dostdan mana kömek yok bolsa, belki menden ona hemayat eter. Söyenşen yykylmandyr. Ey dost, nirede sen? Uzat ellerini. Barmagym barmagyna degse tanaryn. Esasy zat sen menden howp etme... Hiç kimin barmagyna däl dyrnagyna-da galataşyp bilmedim.

“Ha-ha-ha! Söyenşesin gelyärmi? Hemayat etmek yadyna duşdumi? Ozal, tupandan ön näme işledin, beyle hemayatçyl bolsan? Gol uzadana gol uzatmak bu çuypuk dunyede adat ahyryn.”

Bu yene-de senmin, ejize duşman. keseden pitjin atyarmyn? Şu gun sesini eşitsem, ertir görerin. Şonda aman syparyn öytmegin. Onsanam sag bol dunyän çuyrukdigini aydanyn uçin. Ona ozal ters duşunyärdim. Biri-birine kömek etjek bolmaly däl. Özuni bilmeli, gunun geçerini bilmeli. Söyenişmek bidereklik. Çunki dunyä çuyruk diyerdim. Emma çuyruk salyn ustunde söyenişmän nädip saklanjak? Bir-birege gol bermedikleri batga eke-eke yuwutmazmy? Men taparyn, dayanjagymy taparyn. Gol berjegimi taparyn, dostumy taparyn, taparyn...

Birdenem... tapdym!

“Dost islesen Alla yeter. Çunki Allahyn dostuna ähli barlyk dostdur.” Tupan şobada yatyşdy. Allany unutdyrmagyn tupany eken o tupan. Mesjidi yykylan yurdun tupany eken o tupan. Orazasyz galan remezanlaryn hasraty eken ol harasat. Gum-çägänin orny yerde, yere-de sindiler. Yagmyr geldi. Yagyşa galsam ozallar ezilerdim, bu gezek yuwuldym. Jayryk-jayryk dodaklarym nemlendi. Depämden daman damja yuregime gurbat-gan bolup damdy. Essime geldim. Gyssandym, ysgyna geldim. Emma şemalyn çala bady uytgese-de töweregime howsalaly garanjakladym. Bu gelen asudalygyn asyl manysyna duşunmeyärdim. Tozan-tuweleyden nam-nyşan galman, yagan yagmyra töwerekler gulzarlyga öwrulip baryanam bolsa yuregim ynjalyk tapmayardy. Gayta, hayran galaymaly bu asudalyk meni harasatdanam beter gorkuzyardy. Dostumdan gorkyardym. Ters yoly salgy beryän, görunmän pitjin atyan şeytanyn sesi barha guyjeyärdi. Yapyşara dayanç gözledim. Şeyle gulzarlygyn içinde elime gury çöp ildi. Howsala has beter gaplady kalbymy. Çunki gyssananda Onun özunden başga yapyşan zadyn gury çöpçe-de bolmajagyny bilmeyärdim. Mana bu zatlary duşundirere yaran gerekdi.

“Yaran islesen Kuran yeter. Çunki ondaky pygamberler, perişdeler bilen hyyalynda göruşip, olaryn başdan geçirenlerinden netije çykararsyn”

Men indi eke däldim. Bakyşym täzelenip, payhasym durlandy. Ol buyuryardy, men parzymy berjay edyärdim. Onun gadaganlyklary erde uçutlardan, suwda girdapdan sowyardy. Yoluma nurdy, gözlerime röwşen. Indi men halaly harama gatmayardym, batmayardym unji-aladalar layyna. Yedi menzil beylämde şeytan öz nökerleri bilen nätjegini bilmän yalny?aryma garaşyp durdy. Emma men yalnyşlardan daşdadym. Çunki dostum Allah, yaranym Kuran, yoldaşym nietim-pälimdi. Onsan men nenen yalnyşyp bilerin?

Rugsatlary yoluma gul kibi dökulen aljak alkyşlarymdy, gökde uçarsyz uçuran hayyr-sahawatymdy. Yolum pany dunyän yyllaryn, ellerin astyna duşup kesege dönjek köşki eywanyna däl, baky jennete alyp baryan sogaplarymdy. Onsan men nenen Onun rugsat edenlerini özume yörelge edinmäyin?

Menin duşunendigime duşunen Atam rahatlanyp hasasyny bir yana goyupdyr. Içimden Guneşin şöhlesi enelerin şukuridir diydim. Çunki dan agaranda ilki Alla bilen duşuşmak uçin hemmeden ön namaza turyan enemdi. Guneşem ondan son serederdi penjirämden.

Indi sesi gelip özi görunmeyän duşmanymyn kimdigini bileyin diydim. Bilimde guyç, dyzymda ragwat bar. Dostuny tapan duşmanyndan heder etmez. Ynsanyn gayraty kalbyndadyr, kalbynyn gayraty imanynda. Görenime duşmanymmyka diydiryän, sunkume eten munkurligem yulugimi soryar. Duşmanymy tanara kuwwat ber, ey Dostum - Allam!

“Duşman islesen nebsin yeter...”

Wah gör sen kim ekenin, wah gör sen näme ekenin, wah gör sen nirede ekenin! Men sana özumdesin öytmändirin. Öyumde gonşymsyn öytdum, işimde işdeşimsin diydim. Sen bolsa damaryma işilip, yuregime saralan nebsim ekenin. Tupan senden eken, toz senden eken. käkilik dey sayradyp, albay bulan sen ekenin. kökumi erden soguryp, meretebämi ere sokan sen ekenin. Denimi tanatdyrmadyk, häsietimi daratdyrmadyk, şahamy payasyz goyan, zehinim yryasy bolan sen ekenin. Seni tanadana yuz mun şukur. Garalyga akdyr garşy, yalana hakdyr garşy, hile-ala ygrar garşy, duşmana dostdur garşy. Tanalan erine gelmersin, bilyän. Görulen erinde görunmersin. Imanyma dayanyandygym uçin sen meni yenmersin. Zekadym bagryny paralar, orazam yarar döşuni. Her namazym bogun-bogun söker seni.

Emma bilyärin, bilyärin senin nä derejedäki duşmandygyny. Howpum özum bilen. Seni sökmek uçin özum sökulmeli. Damarymda ganymyn akymyny kynlaşdyran lagta bolsanam ganymdasyn sen. Seni yenendigimin baydagy guburyma dikilen agaçlara danylan kepenimden galan bagjyklar bolar, kim bilyär?! Arman ol menin yenişim bolmaz, yöne senem yenmersin, nebsim. Mal-baylyk bilen aldamarsyn.

“Mal-baylyk islesen kanagat yeter. Çunki kanagatly adam dänjiremez. Dänjiremedige-de bereket geler.” Berekdin kanagtdadygyna akylym etdi. Yolumy saygardan Allaha şukur. Danalar öwretdiler: “Yaradylanlary Yaradana hormat bilip söy”2 Baharda meydanlaryn al-yaşyl burenip ekmedik gullerimizinem göwnumizi göterişini görup yaz paslyndan minnetdar bolmayarysmy? Onsan dört pasly daşymyzdan aylap, içinde birini bahar, birini tomus, birini guyz, birini gyş edip yaradany uçin Yaradany söymerismi? Eger Ony söymesen oglum diyip söenin özune duşman bolsa, gyzym diyip guwananyn yuzini ere salsa, malym-baylyk diyip gijeler yatman toplanyn başyna bela bolsa gen görme. Dostuny dost bil, yaranyny yaran bil, nieti pälini duz tut, bas gedemligini, nebsini saygyla, şeytany kow. Yogsa, eger Ondan buyruk bolmasa “Çeyneginin belki gumandyr, begler”3

“Nesihat islesen ölum yeter. Çunki ölume duşunen yalançy dunyänin toruna duşmez we ahyretini gazanmak uçin yhlas eder.”

Yadyma duşyär tupandakam men ondan gorkupdym,

“Ölum perde anyrsyndan habar,

Ölum erbet bolanda ölermidi pygamber”4 diyip heniz eşitmändim. Ölsem görjegim gutardy diyip yaşymy sanapdym. Gunälerimi sanamandym. Yalançy lezzetden galjagymy bilyärdim, sogap gazanmakdan galjagymy bilmeyärdim. Tenimin çuyrejegini bilyärdim, ruhumyn göteriljeginden habarym yokdy. Şonun uçin ol mana nesihat däldi. Ol mana gutaryşdy, sahnanyn yapylmagydy. Bilmeyärdim, sahnada ölen aktyorlaryn perde yapylandan son yaşamagyn pany däl, hakyky, baky görnuşine gaydyp geljekdiklerini, bilmeyärdim. Çunki men bu oyny Goyyjynyn bardygyndan, Onun synagdan geçiryändiginden men habarsyzdym. Ony bilenimde men hey yalançy dunyänin toruna duşermidim, ahyretimi gazanmalydygymy bilmezmidim.

Tupanda galypdym, Daş-töwerek garankylykdy. Garankyda bolsa dine garankylyk saygardyar. Gör niçeler şindem tupan içinde. Depelerinden toprak yagyp, ayaklarynyn astyndan göterilen tuweley dik asmana galyar. Sowuk ayna diwaryn anyrsyndan mana garap hayran galyarlar. “Sen yanam bizin aramyzdadyn ahyryn. Nädip halas boldun? Ya bizi gara basyp, gözumize görunyärmin?” Men janygyp, esasy bilmeli zatlary aytmaga howlkyan. Hem bogazyma sygdygymdan gygyryaryn:

“Dost islesen Allah yeter. Çunki Allaha dost bolana hemme barlyk dostdur.

Yaran islesen Kuran yeter. Çunki ondaky pygamberler we melekler bilen hyyalynda göruşip bilersin we olaryn başdan geçirenlerini görup netije çykararsyn.

Mal-baylyk islesen kanagat yeter. Çunki kanagatly adam zadyny isrip etmez. Isrip etmeyänlere bolsa bereket geler.

Duşman islesen nebsin yeter. Çunki özunden hoşal bela uçrar, görgi görer, päli pesler sapada gezer we rahmet görer.

Nesihat islesen ölum yeter. Çunki ölume duşunen yalançy dunyänin toruna duşmez we ahyretini gazanmak uçin yhlas eder.”5

Olar meni eşitdilermi, eşitmedilermi, eşidenlerine ynandylarmy, ynanmadylarmy bilmedim.

1 - Fetullah Gulen
2 - Yunus Emre
3 - Magtymguly Pyragy
4 - Nejip Fazyl
5 - Sayit Nursy Beduizzaman

Öňki Ýazgylar

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center