
ALTASda İaılym
Senesi: Nowruz 6, 2004
Myratgeldi Söıegow
Dil
geçmişden geljege tarap dolanuwsyz akyp ıatan wagt derıasynyň üstünde
hut dikligine gurlan köpri bolup, onuň kömegi bilen ıaşaıan
döwrümizden has alyslarda bolup geçen taryhy wakalara, ıüze çykan
hadysalardyr ıagdaılara içgin nazar aılamak mümkindir. Munuň özi geçmişde köp sanly
döwletleri we ençeme medeniıet . siwilizasiıalary döreden ıa.da döremegine gönezlik beren
halkymyzyň şöhratly taryhynyň biziň dilimizde galdyran
özboluşly yzlaryny ıüze çykarmaga esas berıär. Bu babatda geçirilıän
derňewleri dil bilimi bilen taryh, pelsepe, medeniıeti öwreniş, ylahyıet ıaly jemgyıetçilik
ylymlarynyň sepgidinde özüni
görkezıän
"Sözleriň we durnukly söz düzümleriň medeni- sosial taryhy"
atly täze ugurhasaplamak bolar.
Türkmenbaşy,
Oguz han, Magtymguly, Gorkut ata, Merw, Seljuk, Köneürgenç, Nusaı, Altyndepe ıaly şahs we
ıer.ıurt atlarynyň aňladıan medeni-sosial manylary halkymyzyň taryhynda şöhrata
beslenen milli guwanjydyr. Iň täze taryhymyzda Türkmenbaşy
adynyň deňi taıy ıokdur, gymmaty egsilmezdir. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk
döwrümizde Türkmenbaşynyň ady beıik many-mazmuny bilen sözler içre şamçyrag bolup
şöhle saçıar. Bu Altyn asyrymyzdada, ondan aňyrlarda.da şeıle bolar.
Diňe
has atlar däl, eısem jyns atlar we sözleriň dürli durnukly
utgaşmalary hem özboluşly medeni.sosial taryha eıedir. Aşakda wenger alymy La.os
Ligetiniň türkçe terjimesi 1946.njy, 1970.nji we 1986.njy ıyllarda üç gezek neşir edilen
"Bilinmeıän içerki Aziıa", türk alymy Abdulkadyr Inanyň
1.nji neşiri 1954.nji, soňky 4.nji neşiri bolsa 1995.nji ıylda
çapdan çykan "Taryhda we şu gün şamanizm. Materiallar we
derňewler" ıaly işlerinde we beıleki çeşmelerde getirilıän taryhy
maglumatlar türkmen dilindäki durnukly söz düzümleri, nakyllardyr atalar sözleri bilen
deňeşdirlip, soňkularyň ıüze çykyşy we
ilkibaşdaky medeni.sosial manylary
hakynda
käbir anyk pikirler orta atylıar.
Aı diıseň,
agzy bar, gün diıseň, gözi bar
Şeıle
deňeşdirme halkymyzyň Güni we Aıy kämilligiň we
gözelligiň iň ıokary derejesi,
ıagny
Hudaı hasaplap, olara çokunan döwürlerinden habar berıär. Hytaı
çeşmelerinde hun (gün) hökümdarynyň her säher daşary çykyp, dogan Güne we
agşamlaryna Aıa se.de edendigi hakynda maglumatlar bar. Türkmenlerde gadymky ata.babalary bolan
hunlardan galan şeıle dini däp.dessur irden Gün dogmanka örmek, ıagny Günüň ilkinji
şöhlelerini üstüňe düşürip ıatmazlyk we täze dogan ıaşajyk Aıy ıüzüňe sylmak
görnüşinde musulmançylyga geçilensoň hem dowam etdirilipdir.
Agaç ata mündürseler.
Asmandaky
Güne we onuň ıerde ıüze çykmasy bolan oda uılan döwürlerinde ösüp oturan daragtlar mukaddes
saıylypdyr. Milady ıyl hasabynyň VI.VIII asyrlarynda dowam eden Oguz hakanlygynda (Türk
kaganaty, gök türkler) oda se.de edilip, ot ıakmak üçin esasy serişde
bolan agaçlar keramatly hasaplanypdyr. Agaçlara "odun" (ıagny
oduňky) diıilmegi şol döwürleriň önümidir. Türkmenlerde
gudraty güıçli Günüň (oduň) eıeçiligindäki agaçlardan üstünde oturmak ıa.da ıatmak üçin
oturgyç, seki we ş.m. ıasalmandygynyň esasy sebäbi şol gadymky dini ynanç bilen
baglanyşyklydyr. Diňe adam aradan çykandan soň onuň
jesedini agaçdan merduwan şekilinde ıasalan tabyda mündürmäge (ruhunyň
asmana çykmagy üçin) ygtyıar berlipdir.
Dokuzy düzüw.
Maňa dokuz
"Dokuzy
düzüw" aňlatmasy ıüze çykyş aıratynlygy boıunça "iki
dünıäň abat bolsun!" diıen dileg bilen meňzeşdir. Soňky dileg iki dünıä
(pany we baky) barada yslam düşünjesi esasynda dörän bolsa,
dokuzy düzüw aňlatmasy halkymyzyň musulmançylykdan öňki dokuz
gat asman
hakyndaky ynanjy bilen baglanyşyklydyr. Şol dini ynanja görä,
asmanyň dokuz gatynyň hemmesi hudaılaryň we ruhlaryň (janlaryň) bolıan
mesgen.mekanydyr. Köne döwürlerde adamyň dokuzynyň düzüwligi ozaly bilen o dünıäsiniň
abatlygyny aňladypdyr. "Maňa dokuz" diıilmeginiň hem
aňyrsy soňky bolıan üıtgeşikleriň ony diııäniň o
dünıäsiniň abatlygyna zeper ıetirmejekdigi hakyndaky ynanjyndan gaıdıar.
Gudrat
görseň, daglara bar
Oguz-türkmenleriň
ata.babalary bolan gunlar (hunlar) Isa pygamber dünıä inmezinden, ıagny milady hasaby
başlanmazyndan 200 ıyl çemesi öň döwlet gurup, taryhyň sahnasyna çykypdyrlar we ıene
şonçarak ıyl sahnadan düşmän gelipdirler. Olaryň meşhur
hökümdary käbir alymlar tarapyndan Oguz handyr diılip çaklanylıan Mode (Mete,
Maodun) han eken. Hökümdaryň adynyň ıazylyşynyň soňky
görnüşleri hytaı çeşmeleri üçin häsiıetlidir. İewropa giden gunlaryň
başga bir meşhur hökümdary Attila diıen at bilen tanalıar.
Hunlaryň
dini düşünjesine görä, asman (gök) bilen bir hatarda daglar hem
hudaılaryň we ruhlaryň mesgen.mekany hasaplanypdyr. Mukaddes saıylan
daglarda ıaz we güız aılary baş hudaı Taňry üçin mal öldürilip, gurban berlipdir. Dokuz oguz
diılen kowumda göge uzap, göıä asman bilen birleşip duran daglara Gutdag (ıagny Ruh dagy)
diılipdir. Oguz türkmenlerini
gadymky
dininiň ruhanylary (bagşy, porhan, kam, şaman we ş.m.)
daglardan ylham alypdyrlar. Şeılelikde, daglaryň gudratly saıylmagynyň ilkinji
we esasy sebäbi tebigatynyň täsinligi üçin däl.de, eısem
hudaılaryň mekany hasaplanylandygy üçindir.
Aıaz
han,çarygyňa bakarak!
Adamyň
bu dünıädäki we o dünıädäki ruhy güıjüne esaslanıan gadymky dinleriň biri
bolan şamanizm döwründe türki kowumlaryň kamlary (porhanlary)
baş hudaı Taňryny dürlüçe atlandyrypdyrlar: Aıaz han, Ak Aıaz, Ülken (ıagny Ullakan), Gaıra
han we ş.m. Olar asmanda oturyp, Güni we Aıy herekete getirıän, bulutlary ondan.öňa
göçürıän, ıyldyrym çakdyryp, gök gürledıän Uly (Ullakan) Taňryny ynsan şekilinde göz
öňüne getiripdirler, oňa adamlara mahsus gylyk.häsiıetleri
beripdirler.
Edil
"Taňry" sözi ıaly, "Aıaz" sözi hem ilkibaşda
"asman" we "hudaı" diıen iki manyly bolupdyr. Türkmen dilinde
onuň häzir gaty sowuk gyş gijesiniň bulutsyz asmany babatynda ulanylyşyna gabat
gelmek bolıar. Diımek, Aıaz han sözi ilki Hudaıyň özüni we onuň
bolıan ıerini (asmany) aňladyp, soňra, sözbaşyda ıazylan
nakyldan belli bolşy ıaly, garyp.gasarlykdan patyşa derejesine
ıeten adamyň adyna öwrülipdir.
Ak gyz
ıoldaşyň bolsun!
Şamanlaryň
(kamlaryň, porhanlaryň) halk köpçüligini ynandyrmalaryndan çen
tutsaň, Ülken (Ullakan) atly baş Hudaıyň ıedi ogly we dokuz gyzy
bolupdyr. Gyzlarynyň hersine aıratyn at dakylman, hemmesine.de
"Ak gyz" diıipdirler. Ak gyzlar şamanlara ylham berıän periler, adamlara haıyr getirıän
ruhlar diılip düşündirilipdir. Häzir aıal.gyzlara dakylıan Akgyz sözi aslynda baş
Hudaıyň gyzlarynyň adydyr. Şeılelik bilen, "Ak gyz
ıoldaşyň bolsun!" diıen dileg "Alla ıaryň
bolsun!", "İagşyzadalar ıoldaşyň bolsun!" ıaly
durnukly söz düzümleri bilen manydaş bolup çykıar.
Atasyz oglan -
ıetim, enesiz oglan – ıesir
Oguz-türkmenleriň
gadymky dininde Ak gyzlardan başga.da, aıal hudaılar (ruhlar) bolupdyr. Olaryň
iň keramatlysyna Humaı diılipdir. Kamlar (porhanlar) Humaıa
"eje" we "ene" diıip ıüzlenip, ondan özlerine we köpçülige medet, ıardam
isläpdirler.
Diňe
haıry däl, eısem şeri alamatlandyrıan aıal hudaılar hem bolupdyr. Aıal
hudaılar babatynda ulanylan eje we ene sözleri köp hudaılylykdan bir
hudaılylyga geçilensoň, özara goşulyşyp, "ejine" (arwah, jyn) sözi arkaly
öňki şer manysyny saklap galypdyrlar. Ejine (başda, ejene) sözi eje we ene
sözlerinden emele gelipdir. Şeri alamatlandyran aıal hudaılar hakdaky köne düşünjeler
"Görogly" eposyndaky we beıleki folklor eserlerindäki betpäl kempirleriň
edebi keşplerine siňdirilipdir.
Hudaı ursun!
Öwlüıä jan kessin!
Şeıle
jümleleri ulanyp, ant içmek öz gözbaşyny gadymy döwürleriň dini
ynançlaryndan alyp gaıdıar. Gelip ıeten maglumatlaryň görkezişine görä,
mukaddes (Hudaı) hasaplanylan guşlaryň (laçynlaryň,
bürgütleriň) ady getirilip içilen antdan dänen ıa.da ıalandan ant içen
adamyň maşgala ojagynyň öçjekdigine, nesliniň
tükenjekdigine ynanypdyrlar.
Edil
özleriniň gadymky ata.babalary hunlar ıaly, iki uly topara bölünen (üçok,
bozok) 24 taıpadan ybarat oguz-türkmenlerde her taıpanyň Hudaı
hasaplap, sygnan keramatly guşy bolupdyr: salyrlaryňky bürgüt, baıandyrlaryňky laçyn,
igdirleriňki garçgaı, bükdüzleriňki ütelgi, ıazyrlaryňky gyrgy,
gaıyrlaryňky şüňkar, çepnileriňki humaı we ş.m. Ant
içilende aıdylan ıokardakylar ıaly jümleleriň käbir sözleri (guş atlary)
musulmançylyga geçilensoň, başga sözler bilen (Hudaı, öwlüıä)
çalşyrylan.da bolsa, olaryň özleri ulanylyşdan ıok bolup
gitmändirler.
Başyna oıun
getirmek (salmak)
..Başyny.gözüni
aılamak, enterpelegini öwürmek.. ıaly manylardaky bu durnukly söz düzüminiň ıüze
çykyşy bagşylaryň (porhanlaryň, kamlaryň) hassalary
bejermekde we käbir beıleki ıagdaılarda okaıan dogalary, çalıan sazlary, çüflemeleri,
dürli hereketleri we şuňa meňzeşler bilen baglanyşyklydyr, çünki bularyň
hemmesi irki döwürlerde "oıun" diılip atlandyrylypdyr. Türki
halklaryň biri bolan ıakutlar (sahalar, saklar) häzirki wagta çenli
"oıun" sözüni şol manyda ulanıarlar.Türkmen dilindäki "oınatgy
bolmak", "özüňi oınatmazlyk" ıaly söz düzümleri hem aslynda
porhanlaryň "oıunlary" babatynda ulanylyp, musulmançylyga
geçilmegi
bilen häzirki manylaryna eıe bolupdyrlar.
Derdi daglara -
daşlara gitsin!
Külli bela dep
bolsun!
Porhan
oınatmak ıoly bilen hassalary bejermek şamançylygyň esasy aıratynlyklarynyň biridir. Ol musulmançylyk
döwründe.de dowam edipdir. Şamanlar (porhanlar) soılan goınuň pilçe (palbakar)
süňküne seredip, pal atmak, gurra taşlamak, doga okamak, ak
towugyň kellesini kesip, ganyny akdyrmak, oda tutulyp, dym.gyzyl bolan demriň
üstünden ıöremek, hatda ony ıalamak, ıer depip, tans etmek, saz çalmak, üflemek.çüflemek, eli
gamçyly (gylyçly, tüpeňli) çarp urup aılanmak, "Ak jynym, gel!", "Gara jynym,
gel!" diıip kömege çagyrmak ıaly köp sanly usullary ulanmak arkaly hassanyň derdini
daglara.daşlara kowmaga, külli belany dep
etmäge
çalşypdyrlar. Görnüşi ıaly, şonda aıdylıan doga.dilegleriň
birnäçesi dilimizde häzirki wagta çenli ulanylıar. Dogry, uzak wagtyň geçmegi netijesinde
dini ynançlaryň üıtgemegi bilen, olaryň düzümindäki sözleriň käbiri başga sözler
bilen çalşyrylypdyr.
Myhman birinji gün
- altyn, ikinji gün - kümüş, üçünji gün – demir
"Myhmanyňky
üç gün, üç günden soň göçgün" diıen pähimiň özboluşly
düşündirişi bolup ıaňlanıan bu nakylda ady tutulıan metallar, şol sanda
demir metaly bilen halkymyzyň has irki döwürlerden bäri iş
salşyp gelıändigini bilmek gyzyklydyr. Gadymy hytaı çeşmelerinde
türki kowumlaryň demir metalyny işläp bejermek bilen
meşgullanandyklary hakynda aıdylıar. Türkmenlerde demirçiligiň piri (Hudaıy) Dawut hakyndaky
düşünje şol döwürlerde dörän bolmaly (dogry, köne adynyň ıerine Dawut ady soň
girizilipdir).
Hun
(gün) döwletinden soň, taryhyň sahnasyna çykyp, VI.VIII asyrlarda
dowam eden Oguz hakanlygynyň (Türk kaganaty, gök türkmenler) öz
goňşularyna demir satandyklary barada ıazuw ıadygärliklerinde
maglumatlar bar. Mysal üçin, bu kuwwatly türkmen döwletiniň özara harby, syıasy, ykdysady
gatnaşyklary ıola goımak maksady bilen, Wizantiıa imperatorlygyna baran ilçileri söwda etmek üçin
öz hökümetleriniň adyndan imperatora ıüpek parçalar bilen bir hatarda demir önümlerini teklip
edipdirler.
Tarhandökerlik
etmek. Bar, sen tarhan!
Dürli
salgytlardan we döwletiň öňündäki beıleki borçlardan boşadylyp,
aıratyn ygtyıar berlen adamlaryň derejesi (çini, tituly) hökmünde "tarhan"
sözi türkmen diliniň Oguz hakanlygy hakynda VIII asyrda döredilen ıazuw ıadygärliklerinde gabat
gelıär. Diımek, ıokarky aňlatmalaryň ıüze çykmagyna " tarhan"
sözüniň şol başky manysy esas bolupdyr. Olarda tarhanlar babatyndaky käbir
tersin garaıyşlar hem öz beıanyny tapypdyr. Meselem, tarhandökerlik etmek-
.baılygy bisarpa harçlamak, döküp -saçmak, puly saga-sola sowurmak..
Sabyrly gul
dura-bara şat bolar.
Müsürde şa
bolanyňdan, öz ıurduňda geda bol!
Göräımäge
manysy boıunça biri.birine golaı bolmadyk bu iki nakyly bir sözbaşyda getirmegimiziň özüne
ıetesi sebäbi bar.
VIII
asyrda daşyň ıüzüne geçirilen türkmençe ıazgylardan belli bolşy
ıaly, "şat" sözi Oguz hakanlygynda (Türk kaganaty, gök türkmen) döwletiň uly
wezipeleriniň biriniň ady eken. Sözbaşa çykarylan nakyldaky "şat" sözi hut
şol manydadyr, çünki agyr söweşlerde ıaralanyp ıa. da başga sebäplere
görä duşmana alaçsyz ıesir düşmäge mejbur bolan türkmenleriň
soňra baran
ıerlerinde
hökümdarlyga ıetişen gezekleriniň bolandygyna taryh şaıatlyk
edıär. Meselem, Mamlüklar dinastiıasyny esaslandyryp, 1250.1257.nji ıyllarda
Müsürde şalyk süren ilkinji hökümdar Aıbegiň milleti türkmendir. Arapça
"mamlük" sözi "ıesir, akgul" diımegi aňladıar. Munuň başga bir
delilini bolsa ıokarda "Aıaz han, çarygyňa bakarak!"
nakylynyň mysalynda görüp geçdik.
"Müsürde
şa bolanyňdan, öz ıurduňda (Kenganda) geda bol!" diıen
nakylyň ilki ıüze çykmagynda İusup Pygamber hakyndaky rowaıatlaryň esas
bolandygyna garamazdan, onuň giň ıaıramagyna Müsürde şa
bolan türkmenleriň taryhy ykbalynyň täsiri hem az bolan däldir.
"Mugallymlar
gazeti", 2000, 4 fewral.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center