
ALTASda İaılym
Senesi: Gurbansoltan 2, 2004
Myratgeldi Söıegow
Ör gökden gelmek
Häzirki
dilimizde göçme manyda ulanylıan "Ör gökden gelmek", "Diň gökden
gelmek" (ıagny allaniçigsi bolmak, oslamadyk, çak etmedik zadyň üçin
geň galmak, haıran galmak), "Gökden düşen (gaçan, inen) ıaly" (ıagny duıdansyz
gelen, garaşylmanka bir ıerden çykan), "İeriň-gögüň
diregi bolmak" (ıagny il içnde at, abraı almak, şöhratlanmak, göz
dikilıän hemaıatçy bolmak) ıaly durnukly düzümleriň köne dilimizdäki
asyl, göni manysy, olaryň gelip çykyşy ıerden göge galmak (soňra gökden gaıdyp gelmek,
inmek, ıere düşmek) hakynda halkymyzyň gadymky dini düşünjeleri bilen baglanyşyklydyr.
Iň
gadymky döwürlerde ata.babalarymyz Polıar ıyldyzyny gögüň diregi hasaplap,
ony Demirgazyk
diıip atlandyrypdyrlar. Demirgazyk ıyldyzynyň türkmençe Altyngazyk diıen
ady hem
bolupdyr. Edil göge kakylan demir (altyn) gazyk ıaly gymyldaman duran Polıar
ıyldyzyna görä, beıleki ähli ıyldyzlaryň her gije hereket edişini,
ornuny üıtgedişini synlan gadymy adamlarda bu ıyldyza bolan üıtgeşik ynam döräpdir, täsin
garaıyş emele gelipdir. Şamanizm dinine görä, kamlaryň (şamanlaryň
) göge galyp, ruhlar bilen duşuşıan ıeri, gögüň gapysy, ıagny onuň 1.nji gaty
Demirgazyk ıyldyzy bolupdyr. Şol ıerden Ruhlar dünıäsi başlanypdyr.
Göge galan
kamlar jemi dokuz gatdan ybarat gögüň iň ıokarky, 9.njy gatynda Beıik
Taňry bilen duşuşypdyrlar. Şeıle dini ynanç şamanizme
uııan türki (ıakut, hakas we beıleki) halklarda häzirki wagta çenli
saklanyp galypdyr. Bu barada türk alymy prof. dr. Bahaeddin Ögeliň türki halklaryň mifologiıasyna
bagyşlanan kitabynyň 2.nji jildinde degerli maglumatlar berilıär. İewropa ylmynda Gadymy Türk
kaganaty diılip öwrenilıän Oguz.türkmen döwletiniň 572. 588.nji ıyllarda ıurdy
dolandyran hökümdary To.Po hanyň (Hytaı çeşmelerinde onuň ady şeıle ıazylypdyr) kabul edip,
halk arasyna ıaıradan buddizm dininde bu dünıä bilen gatnaşygyňy kesip, ruhuňy kämilleşdirmek
üçin terkidünıälige ıüz (asketizme) urmak güıçli bolupdyr. Agzalan ıagdaılar ep.esli üıtgän
görnüşde sufizmiň (tasawwuf) üsti bilen musulmançylyga aralaşypdyr.
Fransiıaly
alym aıal Iren Melikoff özüniň rus diline geçirilip, 1990.njy ıylda çap
edilen "Gyzylbaş meselesi" atly makalasynda sufizmiň pir
Hajy Bekdaş Weliniň (1248.1338) ady bilen baglanyşykly bekdaşiıe
tarykatynyň (ıolunyň) döremegine türkmenleriň yslamdan öňki
halk dininiň
esas bolandygy hakynda ıazıar. Sufizm taglymatyna eıerip, bu dünıä bilen ähli baglanyşygyny üzensoň,
tarykat ıoly arkaly iň belent hakykat basgançagyna (halyna) galmagy başaran türkmen
sufileri (sopulary).weliler, pirler, şeıhler, derwüşler, abdallar,
galandarlar Alla tagalanyň jemalyny synlapdyrlar, oňa hak aşyk
bolupdyrlar. Şeıle üıtgeşik haly başdan geçiren
sufileriň
(sopularyň) hakykatdan.da "Ör gökden gelip" ıa.da "Gökden
düşen ıaly" bolup durjakdygy şübhe döretmeıär. Käte weliler o dünıäniň bu
dünıädäki wekilleri hasaplanypdyrlar. Olaryň geljekde boljak wakalary öňünden bilıändikleri
hakyndaky düşünje "Özüni bilen--weli" nakylynyň döremegine esas
bolupdyr.
Milli
ruhumyzyň sütüni, beıik Magtymguly "Daglar ıeriň myhydyr"
diııär. Türkmen diliniň iň irki orhon.ıeniseı ıazuw ıadygärliklerinde (VIII asyr) Taňry
dag aňlatmasy bar. Şol döwürlerde Taňry sözüniň hem hudaı, biribar, hem.de gök,
asman manysy bolupdyr. Çünki Hudaı we asman bir bütewi, ıeke.täk düşünje hökmünde aňlanylypdyr.
Oguz.türkmen we käbir
beıleki
türki dillerde Taňry dag diılip, ıer ıüzünde iň beıik daglar bolan
häzirki Tıan.Şan daglaryna aıdylypdyr. Hytaıça Tıan.Şan sözüni hem türkmençä
geçirsek, "asman daglary" diımekdir. Şeılelikde, Taňry (Hudaı, asman) daglarynyň
ilkibaşda ıeriň diregi hasaplanylandygy belli bolıar.
Musulmançylyga geçilensoň, bu düşünjede degişli üıtgeşmeler
bolup geçipdir. Ol maddy manysyny ıitirip, ruhy mazmun alypdyr. Yslam
dünıägaraışynda ıeriň, gögüň diregi Pygamberimiz Hezreti Muhammet Aleıhissalamatu
Wesselemdir.
İokarda
görkezilenlerden başga, türkmen diline arap we pars dillerinden alnan
sözleriň gatnaşmagynda dörän, häzir göçme manyda ulanylıan "arşa
(asmana) çykarmak" (ıagny hetdenaşa öwmek, dabaralandyrmak, götergilemek), "asman
paıyňy çek" (ıagny eliňden gelenini aıama, bildigiňden
galma), "dünıäni gapyşdyrmak" (ıagny muşakgat ıagdyrmak,
göwni çökgünlik etmek, dargursak bolmak) ıaly durnukly düzümleriň asyl
manysy, düıp çeşmesi halkymyzyň göge galmak we ıeriň.gögüň diregi
hakyndaky gadymky dini düşünjelerinden gözbaş alyp gaıdıan
bolmaly.
Gargasa-gyş, ıalkasa-ıaz
..Gargyş
siňen" durnukly söz düzüminiň häzirki wagtda "halk
tarapyndan näletlenen, iliň gözünden düşen" diıen manyda ulanylıandygy "Türkmen
diliniň frazeologik sözlüginde" (1976 ı.) hasaba alnypdyr.
Aslynda weli edil ıalkamak ıaly (Taňry ıalkasyn), gargamak hem adamlara däl.de, diňe Biribara,
İaradana mahsus bolupdyr. XI asyryň görnükli dilçi alymy Mahmyt
Kaşgarlynyň
sözlüginde getirilen "Taňry any (oňa) gargady", "Taňry
gargyşyna ylynma" (galma) ıaly sözlemler muňa delil bolup biler. Sözbaşa çykarylan
"Gargasa.gyş, ıalkasa-ıaz" nakylymyz bolsa gargamagyň we
ıalkamagyň ähli ösüşleriň dialektikasyndaky gapma.garşylygyň
özara biri.birini şertlendirıän, aırylmaz iki tarapyna degişli
mysal bolup biljekdigini görkezıär. Deňeşdirmek üçin meşhur nemes filosofy Welgelm
Gegeliň (1770.1831) absolıut ideıa, bütin dünıä ruhy (ıagny Hudaı)
babatynda esaslandyran gapma.garşylyklaryň birligi we özara göreş kanunyny ıadymyza salalyň.
Gelip
çykyşy taıyndan gargyş adynyň gargamak işligi bilen bir
kökden gaıdıandygy jedel döretmeıär. Eısem gargyşyň antonimi bolan alkyş at
sözüniň ıalkamak işligi bilen taryhy umumylygy barmyka? Biz bu
soraga "Hawa. Bar!" diıip jogap bermegiň tarapdary. Pikirimizi biraz ıaırawlyrak
delillendirmäge çalşalyň.
Halkymyzyň
iň gadymy dinleriniň biri hasaplanylıan şamanizmde üç dünıä düşünjesi bolupdyr. Bu barada türk
alymy Şerafettin Turanyň halklarymyzyň medeniıet taryhyna bagyşlanan kitabynda (1990
ı.) ıörite aıdylıar. Olaryň biri . bu dünıä, ıagny ıer üsti dünıäsi.
Başga
birisi, ikinjisi . ıeriň ıokarsyndaky, ıagny gökdäki dünıä. İene birisi,
üçünjisi bolsa ıeriň astyndaky dünıä. Uçmah diılen gökdäki dünıä ıagty,
nurly bolup, ıalkym atyp durupdyr. İer astyndaky dünıä tamug diılipdir, ol garaňkyda, tümlükde
ıerleşipdir. İagtylyk we garaňkylyk düşünjesi soňra uıgurlar adyny alan
dokuz oguzlaryň hökümdary Bögü kaganyň 763.nji ıylda kabul eden we
halk arasyna ıaıradan maniheıçilik dininiň hem esasyny düzüpdir. Musulmançylyga geçilensoň,
degişlilikde öňki uçmah we tamug düşünjeleri arapça jennet, jähennem hem.de parsça behişt,
dowzah düşünjeleri bilen goşulyşypdyr. Bu ıerde bizi
gyzyklandyrıan
mesele uçmahyň ıalkym atyp durmagyny dil nukdaı nazaryndan ıalkamak we alkyş sözleri bilen,
tamugyň garaňky bolmagyny gargamak we gargyş sözleri bilen
baglanyşdyrmak mümkinçiligidir. Çünki ıalkamak işliginiň aňyrsy
ıalkym, ıalaw (alaw), ıalpyldy, ıyldyz, ıyldyrym, ıylpyldy sözleri bilen, gargamak işliginiň
aňyrsy bolsa gara (reňk), garga (guş ady), garaňky sözleri
bilen umumydyr.
Alkyş
sözi türkmen diliniň VIII asyra degişli orhon.ıeniseı
ıadygärliklerinden Tonıukuk ıazgylarynda Taňry ıarlykady (häzirkisi: Taňry ıalkady)
görnüşinde gabat gelıän ıarlyga işliginden ıasalypdyr. Öňki ıarlykamak we ondan (r) we
(y) sesleriniň bolmazlygy bilen parhlanıan häzirki ıalkamak işlikleri aslynda bir kökden
emele gelipdirler. Irki döwürlerde türki kowumlaryň dillerinde bu iki işligiň şol bir
manyny aňladyp gelmegi şol sebäplidir. Soňra ıarlykamak ulanylyşyndan galyp,
onuň ıerini.de ıalkamak eıeläpdir. Edil garga düıp işliginden -ş goşulmasy arkaly
ıasalan gargyş adynda bolşy ıaly, ıalka- düıp işliginden ıasalan
alkyş adynda
hem
(a) çekimlisi (garga.mak, ıalka-mak) taryhy taıdan (y) çekimlisi bilen (gargy.ş,
alky.ş) gabatlaşypdyr. Mundan başga.da, alkyş adynda
ıalkamak işliginiň başyndaky (ı) çekimsizi düşüp galypdyr. Bu dil
hadysasyny şol ıal (ıyl) kökünden emele gelen ıalaw we alaw sözlerinde-de synlamak mümkin.
Gargamak
işligi gelip çykyşy taıyndan gara (reňk) we şondan ıasalan
garaňky sypatlary bilen bir umumylyk düzıär. Häzirki sary, uly, kiçi sypatlarynyň
aňyrsynyň saryg, ulug, kiçig görnüşinde bolandygy ıazuw ıadygärlikleriniň maglumatlary
arkaly subut bolıar. Şoňa esaslanyp, häzirki gara sypatynyň aňyrsyny garag ıa.da
garyg şekilinde dikeltmek dogrudyr. Ondan -a goşulmasy arkaly ilki garaga- (garyga), soňra
gysgalyp, garga- sözi emele gelipdir. Ol häzirki dilimizde hem işlik, hem at bolup, iki manyda
ulanylıar: 1) garga- (ıagny gargamak . işlik); 2) garga (köplenç, gara reňkde bolıan guşuň
ady). Alahekek ıaly, garga.da öňler çakyr sesi bilen şum habar
getirıän (belki, gargaıan) guş hasaplanylypdyr. Guşlara keramatly
jandar hökmünde seretmek halkymyzyň gadymky totemizm ynanjy bilen
baglanyşyklydyr.
Irki
döwürlerde diňe Taňra (has irki, köphudaılylyk döwründe bolsa başga
keramatlara.da) mahsus bolan ıalkamak (alkyş) we gargamak (gargyş) soňky
asyrlarda, ylaıta-da yslamda sufizmiň (tasawwuf) güıçlenmegi bilen welilere, pirlere we
beıleki şahslara-da degişli edilip ugralypdyr. Türkmenleriň
bir böleginiň meşhur pir Hoja Ahmet İasawynyň (XII asyr) gargyşyna galandygy, betdogasyna
sezewar bolandygy barada rowaıat saklanyp galypdyr. Elbetde, rowaıaty hakykat hökmünde
kabul etmek bolmaz. Bardy.geldi onuň bir ıan çetiniň hakykata galtaşıanlygynda.da, şol
bölegiň heniz yslam dinine girmedik oguz.türkmenler bolmagy ahmal.
Gynyk
taıpamyzdan ıetişen Seljuk hökümdary Soltan Sanjary (1086.1157) ıesir
alyp, iki ıyl öz aralarynda saklan türkmenleriň hem şol topary heniz
musulman däl ekeni. Seljuklar döwründe we Osmanlylar döwrüniň ilkinji asyrlarynda sufizmiň (tasawwuf)
täsiri has artyp, ol jemgyıetçilik aňyny üıtgetmäge ukyply ruhy güıje öwrülipdir. Prof. dr. Erol
Güngör özüniň "Yslam tasawwufynyň meseleleri" atly işinde türkmen derwüşleriniň
halkda milli.ruhy bütewligi döredip, Kiçi Aziıanyň (Anadoly) türkileşmeginde uly rol
oınandyklary hakynda ıazıar.
Sufizmiň
XVIII asyrdaky görnükli wekili, beıik Magtymgula ıüzleneliň:
Gargyşym daglary mum deı
erider,
Pür.pudak ıaıradar alkyş kylanym.
ıa.da:
Ömür saly artar alkyş alanyň,
Gargyş galyndyrmaz ıaşy
syndyrar.
Türkmen
halkynyň gargyşdan daş bolup, garaňkylykdan saplanyp, alkyş
almaly, ıalkanmaly, dünıä ıalkym salmaly zamanasy geldi. Bu biziň ajaıyp döwrümiz
. Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň zamanasydyr!
"Watan"
gazeti, 1999, 6 aprel.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center