
ALTASda ıaılym
senesi: Nowruz 5, 2004
Onjuk Musaıew
2002-nji ıylyň 18-nji awgustynda .Türkmenistan. gazetinde Türkmenistanyň ömürlik Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň .Türkmen milleti, Türkmen döwleti we dünıä: Müňıyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiıalaryň gatnaşygy atly filosofiki, ylmy-teoretiki, syıasy makalasy çap edildi. Bu taryhy ähmiıetli makala BMGniň sentıabr aıynda açyljak Müňıyllygyň Assambleıasyna bagyşlanıar. Mazmuny boıunça çuň, möçberi boıunça uly, oılanyp ıazylyşy boıunça özboluşly bu ajaıyp işde
Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň filosofiıa, ylym, teoriıa we syıasat ugurlaryndan giň möçberli akyl ıetiriş ukyplary ıene-de bir gezek dolulygyna ıüze çykdy. Häzirki zamanyň meşhur syıasy we döwlet işgäri, türkmen topragynda taryhy üıtgeşmeleriň
başyny başlaıjy we teoretigi Beıik
Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu makalasy adamzadyň
filosofiki, ylmy-teoretiki, syıasy pikiriniň, akyl ıetirişiniň
ajaıyp ıüze çykmasynyň iň ıokary derejesiniň mysaly bolup durıar.
Serdarymyzyň bu täze ylmy işine Beıik Saparmyrat Türkmenbaşa
mahsus bolan has öňünden görmek ukyby, çylşyrymly, milli,
sebitara we dünıä möçberli meseleleri hakyky ylmy, filosofiki esaslarda
jikme-jik, degerli derňemeklik häsiıetlidir. Türkmenistanyň
Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň makalasynda biz garalıan meselelere
häzirki zaman derejesinde çemeleşmelere, gumanitar ylymlary ulgamynyň täze
gazananlarynyň ıokary
derejede üstüniň ıetirilmegine gabat gelıäris.
İurdumyzyň baş neşirleriniň biri bolan .Türkmenistan. gazeti Milletimiziň Baştutanynyň bu makalasyny dürli reňkli bezegler bilen, çuň manyly netijeleri we düzgünnamalary aıratyn harplar, owadan röwüş bilen tapawutlandyryp çap edipdir. Bu bolsa okyjylar köpçüligine Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şol bada ıurdumyzyň üns merkezine düşen bu makalasyny çalt özleşdirmäge ıeňillik döredıär. Bu makalanyň köp sanly seslenmeleri döretjekdigine we jemgyıetçilik pikir ıöredilişini işjeňleşdirmäge
itergi boljakdygyna şübhe ıok.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ömürlik Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy öz çykyşlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň İer ıüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda, dawaly ıagdaılary düzgünleşdirmekde oınaıan ägirt uly ornuny birnäçe gezek belläp geçipdi. 1995-nji ıylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleıasynyň taryhy karary bilen berkidilen hemişelk bitaraplyk derejesine eıe bolan Garaşsyz Türkmenistan BMG bilen halkara durmuşynyň iň bir wajyp meseleleri boıunça giň we ıygy arabaglanyşyk saklaıar. Şu nukdaı nazardan BMG-niň Baş sekretarynyň sentıabr aıynda boljak Müňıyllygyň
Assambleıasynda etjek çykyşyna ilkinjileriň biri bolup Türkmen döwletiniň baştutany Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň seslenmegi kanuny zatdyr. Şol çykyşda birleşen milletleriň durmuşynyň dürli ugurlaryna: syıasata, ykdysadyıete, ylma, medeniıete,
saglygy goraıyşa, durmuşyň
dürli taraplaryna degişli bolan we haıal etmän çözülmegini talap edıän
birnäçe meselelere üns çekilıär. Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy bu meseleleriň
hemmesi boıunça özüniň özboluşly pikirini aıdıar.
“Türkmen milleti, Türkmen döwleti we dünıä: Müňıyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiıalaryň gatnaşygy” atly makalanyň meseleleri öz içine alyşynyň giňligi hem haıran galdyrıar. Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy dünıäniň syyasy, ykdysady, ylmytehniki
ösüşiniň barşynda XX ıüzıyllygyň ikinji ıarymynda ıüze çykan globallaşmagyň gutulgysyz prosesiniň üstünde-de jikme-jik durup geçıär. Şol bir wagtyň özünde-de awtor bu prosesiň käbir kanuny biynjalyk döredıän jähtlerine-de üns berıär. Gürrüň
käbirleriniň göıä bir syıasy filosofiıa beılekilerden artykmaçdyr, oňa taı geljek ıokdur diıip köre-körlük bilen ynanıan, hamala şol hem adamzady ıalňyz bir ülňüde .taııarlaıar. diıen taslamalary barada barıar. Saparmyrat Ataıewiç özüne örän oňat belli bolan, milli aıratynlyklary göz öňünde tutmazdan hökmürowan döwletiň modelini saklap galmaga çalyşan ozalky SSSR-i muňa mysal edip görkezıär. Makalada .Bu iňňän çynlakaı oılanyşmaly meseledir, sebäbi meselä şeıle çemeleşmek halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamyny, ulanylyp ıörlen halkara hukuk kadalarynyň, ıörelgeleriniň kanunylygyny, deňhukukly milletleriň meıletiň hyzmatdaşlyk edıän guramasy hökmünde BMG-niň maksatlaryny we durmuşa ukyplylygyny şübhe astyna alıar. diıip bellenilıär. Makalada beıleki bir ters ugur barada-da gürrüň edilıär. Ol bir filosofiıanyň hojaıynçylyk etmegi esasynda syıasy globalizasiıalaşdyrmak modeli bolup, edil şu halatda bu filosofiıa neoliberal filosofiıasyndan başga zat däldir. Bu ıoluň ıuwaş-ıuwaşdan dünıä möçberinde pikirleriň biri-biri bilen çaprazlygyny güıçlendirıändigi, .ynsanperwer interwensiıa., halklaryň hukugyny däl-de, eısem
.adam hukugyny. goramak diıilıän
hilegärçiliklere esaslanyp, halkara gatnaşyklarynda güıç ulanjak bolıanlary
ykrar etmeıänleriň elleriniň gaňrylmagyna getirıändigi görnüp dur.
Biziň Döwletimiziň Baştutany .Türkmenistan, zeminiň aglaba döwletleri ıaly, halkara meseleleriniň şeıle äheňde çözülmegine garşydyr. Biz bir hakykata ynanıarys: adamzadyň umumy ösüşi bir modeliň hojaıynçylyk etmegi, ıaşaıyş kadalarynyň we
ıörelgeleriniň umumylaşdyrylmagy,
birmeňzeşligi bilen kesgitlenmän, eısem ideıalaryň we
filosofiıalaryň utgaşmagy bilen kesgitlenıär. diıip belleıär.
Makalada HHR-iň Başlygy Szıan Szeminiň golaıda Türkmenistanda bolan saparynyň jemleri boıunça kabul edilen bilelikdäki türkmen-hytaı Jarnamasyndan bir bölek getirilipdir. Şol resminamada, hususan-da, .Islendik bahana bilen, şol sanda .adam
hukugynyň özygtyıarlylykdan artykmaçlygy. hakdaky tezisi we garaşsyz döwletleriň özygtyıarlylygyny äsgermezlik etmek üçin .ynsanperwer gatyşmak. teoriıasyny peıdalanyp hem hiç bir ıurduň başga bir özygtyıarly ıurtlaryň içerki işlerine gatyşmaga
haky ıokdur diıip hasap edıärler. diıip
aıdylıar.
Müňıyllygyň Maslahatynyň
bosagasynda BMG-niň özgerdilmeginiň otnositel zerurlygy barada
işjeň çekişmeleriň gidıänligi sebäpli, Türkmen
döwleteiniň Baştutany, biziň BMG-niň
özgerdilmeginiň tarapdarydygymyzy, ıöne biziň dünıäde onuň
ornunyň berkemegini we giňeldilmegini isleıändigimizi, BMG-niň
milletlerden ıokarda durıan
haısydyr bir täze düzümleriň içinde ıitip gitmegine,
BMG-niň ıerine ıetirıän işleriniň haısydyr bir aıratyn
döwletlere ıa-da ıurtlar toparyna, beıleki guramalara paılanmagyna ıa-da
berilmegine garşydygymyzy nygtap belleıär. Makalada meselä şeıle
çemeleşmekligiň, owgan meselesi ıaly düıpli meselä degişlidigi
bellenıär, çünki, taryhy hem geografiki sebäplere görä, owgan meselesi Türkmenistanda
örän ıiti duıulıar. Türkmen Döwletiniň Baştutany owgan halkynyň
içerki dawasyna islendik daşardan gatyşylmagynyň, ylaıta-da ıaragly
gatyşylmagynyň asla maksada laıyk däldigi, owganlaryň
.ıaramazlara. we .oňatlara. bölünmeginiň we .ıaramazlara. ile göz edilip temmi
berilmeginiň öňküsiniň üstüne ıene-de täzeden gan döküslige we
hiç bir günäsiz adamlaryň hesretine getirıändigi barada pikir aıdıar.
Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu
taryhy makalasynda durnukly durmuş ösüşini, öňe gidişligi
we halklaryň eşretli ıaşaışyny üpjün etmek nukdaı
nazaryndan seredeniňde, sebitdäki hyzmatdaşlygyň aıratyn ähmiıete
eıedigi bellenıär. Häzir biziň Aziıa sebitimizde Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň mysalynda durnukly özara hyzmatdaşlyk ulgamy hereket edıär, şol
bir wagtyň özünde bu guramanyň BMG, ASEAN, beıleki döwletara
düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygy ıola goıuldy. YHG-nyň
hereket etmeginiň şu gysga wagtynyň içinde bu guramanyň
häzirki düzüminiň çäginde İewropa we Aziıa ıurtlarynyň ykdysadyıetini
ıakynlaşdyrmaga niıetlenen örän uly sebitara ulag, kommunikasiıa taslamalary
amala aşyrylmaga başlandy. Beıik Saparmyrat
Türkmenbaşy bu babatda öz makalasynda Türkmenistanyň döwletara kuwwatly ıangyç
geçirijileri arkaly enegretik çig malyň daşary ıurtlara howpsuz we päsgelçiliksiz
geçirilmeginiň kepillendirilmegi baradaky taryhy başlangyjy
dogrusynda durup geçıär. Bu mesele deslapdan birnäçe döwlet ıolbaşçylary,
şeıle hem BMG-niň
Baş Sekretary bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Makalada Hazar deňziniň
derejesiniň kesgitlenmegi jähtinden täze çemeleşmeleriň işlenip
düzülmeginiň zerurlygyna BMG-niň ünsi çekilıär. Hazar
deňziniň täze halkara hukuk derejesiniň kemala gelşiniň
barşynda belli bir kynçylyklara duçar bolunıan şertlerinde
BMG-niň işjeň gatnaşmagy has hem zerurdyr.
Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy
Türkmenistanyň Saglygy goramagyň halkara guramasy (SGHG),
BMG-niň ilat gaznasy, BMG-niň ıanyndaky SPID-e garşy
göreşıän merkez, İUNISEF, İUSAID, Saglygy
goramagyň halkara birleşigi (ABŞ), .Araçägi bilmeıän lukmanlar. ıaly
ıöriteleşdirilen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna ıokary baha berıär. Saglygy
goramagyň halkara guramasynyň (SGHG), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň
we TIKA-nyň kömegi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň .Saglyk. Döwlet
maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ıardam etmek boıunça çäreleriň
taslamasy işlenip düzüldi.
Makalada türkmen döwletiniň uly
durmuş-ykdysady maksatly milli syıasaty bolan.Türkmenistanda
durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ıyla çenli Baş ugry.
Milli Maksatnamasyna uly üns berilıär. Onda Türkmenistanyň 2010-njy ıyla
çenli döwre niıetlenen durmuş syıasatynyň özeni bolan ilatyň
ıaşaıyş derejesiniň görkezijilerini ıokarlandyrmak
meselesiniň eıeleıändigi bellenip geçilıär. .Biziň maksadymyz . Türkmenistany
gülleıän ıurda öwürmek, onuň her bir adam üçin ygtybarly, mähriban öı bolmagyny
gazanmak, Garaşsyz Türkmenistanyň ähli döwlet maksatnamalarynyň esasynda
halkyň hal-ıagdaıynyň derejesini gyşarnyksyz ıokarlandyrmak,
onuň hukuklarynyň mizemezligini gazanmak hyjuwy durıar. diıip,
çuňňur hormatlanylıan Serdarymyz beıan edıär. Makalada adam
gymmatlygynyň we adam ölçegleriniň türkmen jemgyıetiniň
hem-de onuň daşary syıasy ugrunyň, içerki özgertmesiniň
baş ölçegi bolup durıandygy, hut umumyadamzat gymmatlyklarynyň,
ynsanperwerligiň we adalatlylygyň Bitarap Türkmenistanyň syıasatynyň özenini
düzıändigi barada diıseň wajyp teoretiki netije çykarylıar. Makala, XXI
asyr türkmen halkynyň taryhynda Altyn asyr bolar diıen
öňdengörüjilikli sözler bilen tamamlanıar.
Elbetde, uly bolmadyk şu seslenmede Beıik
Saparmyrat Türkmenbaşynyň giň göwrümli, ajaıyp mazmunly taryhy,
teoretiki makalasynyň ähli gymmatlyklaryny we taglymlarynyň dürlüligini doly
beıan etmek mümkin däl. Bu diıseň wajyp makala düıpli, hemmetaraplaıyn
öwrenilmegini, çuňňur pikirlenmegi talap edıär.
Milletimiziň Baştutany, Beıik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze filosofiki, ylmy-teoretiki, syıasy makalasyny wagyz-nesihat etmek we düşündirmek boıunça işleri giňden ıaıbaňlandyrmak Türkmenistanyň Demokratik partiıasynyň, Milli .Galkynyş.
hereketine girıän ähli jemgyıetçilik
guramalarynyň, köpçülikleıin habar beriş serişdeleriniň,
ähli aňyıet edaralarynyň, guramalarynyň, alymlaryň,
teoretikleriň, syıasatçylaryň, işjeň jemgyıetçileriň wezipesidir.
Bu her bir türkmenistanla Türkmen Döwletiniň Baştutanynyň içeri we
daşary syıasatyna gowy düşünmäge, mähriban Serdarymyz, ömürlik
Prezidentimiz Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň işläp düzen
giň möçberli özgertmelerini işjeň durmuşa geçirmäge kömek
berer.
2000-nji
ıylyň 21-nji awgusty
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center