
ALTASda ıaılym senesi: Gurbansoltan 2, 2004
Onjuk Musaıew
Bahym,
2000-nji ıylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan özüniň Hemişelik Bitaraplygynyň 5
ıyllygyny bellär. Türkmenistanyň Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permany
bilen Bitaraplyk güni her ıyl bellenilip geçilıän milli
baıramçylyk
diılip yglan edildi. Şu ıyl bu ıubileı senedir we Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet derejesini
almagynyň bäş ıyllygyna taııarlyk işleri has ykjam we giňişleıin alnyp
barylıar, bu dabaralara daşary ıurtly myhmanlaryňam gatnaşmaklaryna,
bu
babatda halkara maslahatynyň geçirilmegine garaşylıar.
Biziň
halkymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň bäş ıyllygyny ıurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 9
ıyllygynyň yzıanyndan belläp geçer. Bu şanly senäni bolsa biz täzet äze üstünlikler bilen
mynasyp garşyladyk. Köpsanly baıramçylyk desgalary işe girizildi, olaryň arasynda Beıik
Garaşsyzlyk binasyny, Aşgabatdaky täze Olimpiıa stadionyny aıratyn bellemek gerek. Bu
ajaıyp sport desgasynyň dabaraly açylyşyndan soň ol ıerde ıurduň Baştutanynyň,
aşgabatlylaryň we myhmanlaryň 30 müňüsiniň gatnaşmagynda
baıramçylyk
dabaralary we dürli hili sahnalar görkezildi.
Türkmenistan
Garaşsyzlyk baıramçylygyna ykdysadyıetiň ähli ugurlary boıunça gazanan uly üstünlikleri
bilen geldi. Döwletiň senagat kuwwatlyklary Türkmenistanyň Prezidenti Beıik Saparmyrat
Türkmenbaşynyň ıurtda durmuş-ykdysady özgertmeleriň
2010-njy
ıyla çenli baş ugrunda göz öňünde tutulyşy ıaly ıokarlandy.
Türkmenistanda jemi içerki önümleriň 9 aı üçin görkezijileri geçen ıylyň
degişli döwri bilen deňeşdireniňde 17 göterim ıokarydyr. Bu bolsa biziň
ıurdumyzyň ykdysadyıetiniň örän ıokary depginler bilen ösıändigini görkezıär. Şeıle üstünlik
esasan senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda önümçiligiň möçberiniň ösmeginiň
hasabyna üpjün edildi. Şu ıyl senagatyň ileri tutulıan ugurlarynda öndürijilik
depginleri has hem güıçlenıär. Umuman, Türkmenistanda senagat önümleriniň möçberi geçen ıylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende hereket edıän bahalarda 49 göterim artdy.
Bu örän ıokary görkezijidir.
İylyň
başyndan bäri ıurduň ıangyç-energetika toplumynda geçen ıylyň şu
döwrüniň netijelerinden 1,5 esse köp önüm öndürildi. Elektrik energiıasynyň,
tebigy gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň öndürilişi düıpli ösdi. Önümçiligiň
iň ıokary ösüşi ıurduň gaz
çykaryjy
pudagynda gazanyldy, muňa Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nebit-gaz toplumy boıunça özara
bähbitli döwletara gatnaşyklaryny ıola goımaga gönükdirilen netijeli syıasaty ıardam
berdi. Şu ıyl türkmen .mawy ıangyjy. örän uly möçberlerde
Russiıa,
Eırana, Ukraina goıberilıär.
Oba
hojalygynda şu ıyl iň uly üstünligi ıurduň isleglerini
dolulygyna üpjün edıän, görlüp-eşidilmedik ıokary bugdaı hasylyny ıetişdiren we
ıygnan gallaçylarymyz gazandylar. Tutuşlygyna oba hojalygy boıunça 9 aıyň dowamynda
önümçiligiň ösüşi
geçen
ıylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 27 göterim boldy. Garaşsyzlygyň dokuz
ıylynyň için-de Türkmenistanyň senagatynda bolup geçen düzüm üıtgetmeleri gaıtadan işleıän
pudagyň tutıan ornuny ıokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Aıratynam ıetişdirilen
pagta hasylynyň ep-esli bölegini ıerinde gaıtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kuwwatly
dokma toplumyny döretmekde gazanylan üstünlikler haıran galdyryjydyr.
Türkmenistanyň ıeňil senagatynyň ösüşine şu aşakdaky
maglumat ynamly şaıatlyk edıär: pudak 2000-nji ılyň dokuz aıynda
önüm öndürilişini 18 göterim artdyrdy. Bu üstünlige Garaşsyzlyk ıyllarynda . Türkmenbaşy
zamanasynda gurlan täze döwrebap dokma toplumlarynyň, dokma we tikinçilik
fabrikleriniň durnukly işlemegi netijesinde ıetildi.
Garaşsyzlygyň
9 ıyllygyny senagatyň beıleki pudaklarynda: gurluşyk industriıasynda, himiıa, azyk, maşyngurluşygy,
medisina senagatynda işleıän zähmetkeşlerem mynasyp garşyladylar. Täze
demir we gara ıol ulgamlaryny gurıan kollektiwler hem depginli
zähmet
çekıärler.
Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 5 ıyllygyna biziň halkymyzyň durmuşykdysady ösüşindäki täze
üstünlikler bilen barıandygyna şübhe ıokdur. Türkmenistanyň Halkara
Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk derejesini gazanmagyny biziň
halkymyz öz Baştutany, Türkmenistanyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Beıik
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen aırylmaz baglanyşdyrıar. Munuň
üçin näçe diıseň delil bardyr. Ilki bilen, biziň döwletimiziň Baştutanynyň gadymy
türkmen topragyndaky taryhy özgertmeleriň başyny tutujy, teoretigi we praktigi
hökmünde Garaşsyz Türkmen döwletiniň hemişelik, oňyn
Bitaraplyk
syıasatynyň filosofiki esaslaryny ylmy taıdan hemmetaraplaıyn işläp taııarlandygyny bellemek
zerurdyr.
Öňi
bilen şu ıerde men Türkmen döwletiniň bitaraplygynyň nazarıetiniň
türkmen halkynyň özüne mahsus bolan gylyk-häsiıetine, aň-düşünjesine
esaslanandygy barada biziň Baştutanymyzyň çuňňur pikir
ıöretmesini mysal getirmek isleıärin: .Türkmenleriň
milli
aň-düşünjesinde düıp özeniniň milletparazlygy ret edıändigi, iň
belent gymmatlyk hökmünde ynsanyň bähbitlerinden ugur alıandygy tötänden
däldir. Onuň binıadynda açyk göwünlilik, başganyň dinine sarpa goımak, beıleki
halklaryň medeniıetini
sylamak,
asylly, parahatçyl bolmak ıaly sütünler bardyr. Hut şonuň üçin
Bitaraplyk pikiri biziň daşary syıasat ugrumyzy ösdürmegiň tebigy we
pähime laıyk dowamy boldy.
Onda
halkara syıasy gatnaşyklarda öz ornuna akyl ıetirmek hyjuwy türkmenleriň
töwerekdäki
dünıä bilen gatnaşyklarynyň taryhy däpleri bilen sazlaşykly utgaşıar..
Biziň
ıurdumyzyň bitaraplygynyň konsepsiıasynda diňe bir türkmen
halkynyň aňdüşünjesi beıan edilmän, eısem dünıä taryhynyň osüş
ugurlary we bu ösüşde Garaşsyz
Türkmenistanyň
tutıan orny baradaky çuňňur pikirlerem öz beıanyny tapdy. 1994-nji ıylyň 17-nji
ıanwarynda bolup geçen Halk Maslahatynyň we Umumymilli ‘Galkynyş’ hereketiniň birinji
gurultaıynyň birleşdirilen mejlisinde eden çykyşynda Beıik
Saparmyrat
Türkmenbaşy bu pikiri şeıle görnüşde kesgitledi: .Türkmenistan
Garaşsyz, özygtyıarly döwlet hökmünde umumydünıä özgerişlikler
döwründe, konfrontasiıa ıörelgesinden dünıäniň bitewiligi filosofiıasyna geçilıän
eııamda emele gelip başlady.
Munuň
özi biziň üçin hem goşmaça artykmaçlyklary hem-de goşmaça
jogapkärçiligi döretdi. Türkmenistan adamzadyň kollektiwleıin hyzmatdaşlyga
geçıän mahalynda özüniň daşary syıasatynyň esasy hökmünde oňyn
bitaraplygy yglan etdi. Munuň özi gizlenmek, öz aladalaryň bilen çäklenmek, umumy kynçylykly
meseleleri çözmekden özüni çetleşdirmek synanyşygy däldir. Biziň döwletimiziň
iki ıylyň dowamynda amala aşyrıan hereketleri şol sowallara doly kesgitli jogap
berıär. Türkmenistan haısydyr bir
halkara
başlangyçlaryny goldap çykyş etmek bilen çäklenmän, Bitaraplygy, köptaraplaıyn hyzmatdaşlygy
ıöredip, halkara işlere iň oňat pikir-niıetler bilen goşulmakçydyr. Biz
beıleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ıörelgesine gyşarnyksyz eıermek
barada BMG-de dabaraly wada etdik. Biziň pikirmizçe, munuň özi Türkmenistanyň kiçi
hem uly döwletleriň, biziň ıakyn goňşularymyzyň hem-de Türkmenistandan müňlerçe
kilometr uzakda ıerleşıän döwletleriň seçip alan ugruna, olaryň ıaşaıyş
usulyna, olaryň pozisiıalaryna we ygtykatlaryna sarpa goııandygyna pugta ynanmalydygyny aňladıar..
Türkmen
döwletiniň Baştutanynyň İewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk
baradaky sowetiň sebitara howpsuzlyk meseleleri boıunça maslahatyna
gatnaşyjylara iberen gutlagynda (1994-nji ıylyň maıy) adamzat ykbaly baradaky,
Türkmenistanyň dünıä
işlerindäki
roly baradaky çuňňur filosofiki pikirlenmeler jemlenip, onda şeıle
diıilıär: .Häzir dünıä bileleşigi örän çynlakaı kynçylyklara sezewar
bolıar. Biziň nesillerimiz konfliktleri we uruşlary ıok etmegiň we olaryň öňüni
almagyň netijeli we täsirli
mehanizmlerini
tapyp bilşimiz boıunça bize baha bererler. Biz üstünligi diňe
bilelikde, tagallalary birleşdirip gazanyp biljekdigimize ynanıaryn.
BMG-niň, İewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky geňeşiň,
beıleki halkara guramalarynyň agzasy
hökmünde
Türkmenistan beıik ynsanperwerlik ideıallaryň durmuşa geçirilmegi
üçin, halkara gatnaşyklarynyň hil taıdan täze derejä
çykarylmagy üçin özüne bagly bolan ähli zatlary eder. Pozitiw Bitaraplyk, açyklyk, deňhukukly we
özara peıdaly hyzmatdaşlyga
taıyarlyk
Türkmenistany hem gyzykly partnıora, hem möhüm durnuklaşdyryjy faktora öwürıär..
Beıik
Saparmyrat Türkmenbaşy diňe bir Türkmenistanyň hemişelik hoşniıetli
bitaraplyk syıasatyny işläp taııarlamak bilen çäklenmän, eısem bu
syıasatyň iş ıüzünde Garaşsyz Türkmen döwletiniň bitaraplyk
derejesiniň halkara ykrar edilmesiniň amala aşmagyny üpjün eden ägirt uly
guramaçylyk, düşündiriş işlerinem geçirdi.
Öňi
bilen, Türkmenistan dünıä arenasynda garaşsyz döwlet hökmünde çykyş edip başlaly bäri biziň
ıurdumyzyň parahatçylyk, halkara hyzmatdaşlyk, hoşniıetli
bitaraplyk syıasatyny yzygiderli alyp barıandygyny bellemek gerek. 1992-nji
ıylyň iıun aıynda
Helsinkide
geçirilen İewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň (İEHHS-niň) agzalary
bolup durıan ıurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň konferensiıasynda çykyş
etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Beıik Saparmyrat
Türkmenbaşy
başga döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, hoşniıetli
bitaraplyk syıasaty Garaşsyz Türkmenistanyň esasy syıasat ugry bolar
diıip jar etdi. Soňra Türkmenistanyň Baştutany Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy
öz ıurdunyň parahatçylyk söıüjilikli daşary syıasatyny, onuň öz bitaraplyk
derejesiniň halkara ykrar edilmesini gazanmaga çalyşmasyny düşündirip, dürli kontinentleriň
döwlet ıolbaşçylary, öňdebaryjy syıasy işgärleri bilen köpsanly duşuşyklary
we söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu mesele abraıly halkara guramalarynyň we hereketleriniň öňünde-de
goıuldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň 1995-nji ıylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG-nyň)
agzalary bolup durıan döwletleriň baştutanlarynyň Yslamabatda geçen üçünji duşuşygynda
eden çykyşy giň halkara seslenmesini döretdi. Şonda ol Türkmenistana
sebitde bitarap döwletiň we parahatçylygy ıola goıujy merkeziň derejesini bermek hakynda
teklibi öňe sürdi. Bu teklip diňe bir YHG-nyň agzalary bolup durıan ıurtlar tarapyndan
goldaw tapmak bilen çäklenmän, eısem ASEAN ıaly başgada
halkara
guramalary tarapyndan goldanyldy. Goşulyşmazlyk hereketiniň Kolumbiıanyň Kartahena
şäherinde bolup geçen duşuşygynda Türkmenistany bu guramanyň agzalary öz
hataryna kabul etdiler we onuň bitaraplyk derejesiniň halkara ykrar edilmegi üçin
agzybirlikli seslendiler.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleıasynyň 1995-nji ıylyň 23-nji oktıabrynda bolup geçen
ıubileı sessiıasynda eden taryhy çykyşynda Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy
Türkmenistanyň hemişelik oňyn bitaraplyk syıasatynyň düıp
mazmunyny
çuň
esaslandyrdy we bu syıasatyň iş ıüzünde durmuşa geçirilıändigini
nygtap belledi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň geçiren ıadawsyz,
ägirt uly işi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň Dünıä Bileleşigi
tarapyndan ykrar edilmegine getirdi. 1995-nji ıylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň 50 ıyllyk
taryhynda ilkinji gezek şol guramanyň agzasy bolan döwletiň hemişelik
bitaraplygy baradaky mesele, onuň Baş Assambleıasynyň garamagyna
berildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleıasynyň Türkmenistanyň
hemişelik bitaraplyk derejesini ykrar etmek we goldamak baradaky ıörite
rezolıusiıasyny BMG-niň agzalary bolup bolan 185 ıurt biragyzdan tassykladylar.
BMG-niň Baş Assambleıasynyň, bu guramanyň agzalygyndaky döwletleriň
Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine
hormat goımaga çagyryşy örän möhümdir.
Halkara
bileleşiginiň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk
derejesini ykrar etmegi we goldamagy bilen baglanyşykly 1995-nji ıylyň 27-nji
dekabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiıasyna üıtgetme we goşmaça
girizmek hakynda
Kanun
kabul etdi. Şonuň ıaly-da, .Türkmenistanyň hemişelik
bitaraplygy hakynda. Türkmenistanyň Konstitusiıon Kanuny we başga-da möhüm
ähmiıetli birnäçe dokumentler kabul edildi.
Beıik
Saparmyrat Türkmenbaşynyň pähimli ıolbaşçylygy astynda biziň
parahatçylyk söıüjilikli ıurdumyz hemişelik bitaraplyk syıasatyny
yzygiderli durmuşa geçirıär. Biziň ıurdumyz sebitde hakyky
parahatçylygy ıola goıujy merkeze öwrüldi. 1995-nji ıylyň
noıabryndan
1996-njy ıylyň iıunyna çenli aralykda Aşgabatda dawany parahatçylykly düzgünleşdirmekde
möhüm rol oınan täjigara gepleşikleriniň bäşinji gezeginiň üç tapgyry geçirildi. Gepleşige
gatnaşıan taraplaram, BMG-niň wekilleri hem Aşgabatda
geçirilen
gepleşikleriň oňyn netijelerinde Türkmenistanyň Prezidenti
S.A. Nyıazowyň ägirt uly rolunyň bardygyny bellediler.
Aşgabatda
1999-njy ıylyň fewral, mart aılarynda Owganystandaky özara duşmançylykly bolan esasy iki toparyň
arasynda BMG-niň howandarlygynda göni gepleşikleriň iki tapgyry geçirildi. Gepleşikler
tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti S.A.
Nyıazow
BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan baradaky ıörite wekili ilçi
Zahdar Brahimini kabul etdi. Ilçi türkmen paıtagtynda gazanylan gepleşiklere
we owganara gepleşiklerini gurnamak boıunça Türkmenistanyň Prezidentiniň
we hökümetiniň
tagallalaryna
ıokary baha berdi.
Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistanyň, onuň çuňňur hormatlanylıan Baştutany
Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň barlyşdyryş çäreleri
we teklipleri şeıle bir köp bolup, olary bir makalanyň çäklerinde
sanap geçmeklik mümkinem däl. Şu ıerde Türkmenistanyň
hemişelik
Bitaraplygynyň esasy üç sany . syıasy, ykdysady we ynsanperwerlik ugurlar boıunça amala aşyrylıandygy
baradaky biziň döwletimiziň Baştutanynyň pikirini belläp geçmeklik zerurdyr.
Syıasy
ugur Türkmenistanyň bitaraplygynyň öz mazmuny boıunça oňyn ıa-da konstruktiw bolup
durıandygyny aňladıar. Bu biziň sebitimizde, şeıle-de onuň çäkleriniň daşynda-da
parahatçylygy we asudalygy gorap saklamak meselelerinde döwletiň işjeň
pozisiıasyny göz öňünde tutıar.
Beıik
Saparmyrat Türkmenbaşy 1995-nji ıylyň dekabrynda .Ikinji ugur boıunça
biz şundan
çen tutıarys. Türkmenistanyň ähli zerur mümkinçilikleri, potensialy bar,
esasy zat bolsa, biz hemişelik bitarap döwletiň statusyny alyp,
netijeli ykdysady özgerişleriň uly
möçberli
maksatnamasyny kabul etmäge taııarlyk görıäris, bu zatlar örän gysga möhletde maliıe-bank
ulgamy, hyzmatlary ıeňillikleri bermek we inwestorlar, halkara maliıe institutlary we
beılekiler üçin pugta ıeňillikleri bermek babatda Türkmenistana iň
ıokary
halkara ölçeglerine laıyklygy üpjün etmelidir. diıip belledi. (Saparmyrat Türkmenbaşy:
.Bitaraplyk hakyndaky rezolıusiıasy umyt döredıär we Türkmenistanyň jogapkärçiligini
artdyrıar.. Türkmenistanyň Prezidentiniň ITAR-TASS agentligine interwıusy. “Türkmenistan”, 1995-nji ıylyň 16-njy
dekabry).
Filosofiki,
dünıägaraıyş nukdaınazaryndan biziň ıurdumyzyň hemişelik
bitaraplyk syıasatynyň gumanitar meseleleriniň toplumy ıa-da ony
ıerine ıetirmegiň gumanitar ugurlary aıratyn mana eıe bolıar. Biziň ıolbaşçymyzyň
belleışi ıaly, Türkmenistan adam jemgyıetiň iň ıokary gymmatlygy bolup durıar we
döwletiň her bir tagallasy şahsyıetiň erkin ösmegi üçin aňrybaş oňaıly
şertleri döretmäge gönükdirilmelidir diıen düıpli tezisden ugur alıar.
Türkmenistanda
halkara hukuk kadalarynda bellenen we dünıa jemgyıetçiligi tarapyndan kabul edilen
adamyň esasy hukuklary we erkinligi ykrar edilıär we hormatlanıar, bu bolsa
olaryň netijeli amala aşyrylmagy üçin syıasy, hukuk we beıleki kepillikleri döredıär.
Diımek,
Türkmenistanyň hemişelik oňyn bitaraplyk konsepsiıasynda beıik
teoretik we praktik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan işlenip
taııarlanan yzygiderli filosofiki düzgünler öz beıanyny tapıar.
Türkmenistanyň
Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň .Türkmen milleti, türkmen döwleti we dünıä:
müňıyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiıalaryň gatnaşygy. atly
ylmy-teoretiki, syıasy makalasynda adamzadyň ykbaly barada çuň
filosofiki
pikirlenmeler beıan edilıär. Bu taryhy ähmiıetli makala 2000-nji ıylyň sentıabrynda bolup geçen
BMG-niň Müňıyllygyň Assambleıasyna bagyşlandy.
Biziň
Serdarymyzyň diıseň çuň manyly bu makalasynda häzirki zamanyň
çylşyrymly global meseleleri düşündirilıär. Şu ıerde makalanyň
Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanan bölümlerini getirip görkezmeklik maksadalaıykdyr.
.Şu ıyl Türkmenistan
özüniň
garaşsyzlyk taryhynda şöhratly senäni . Birlişen Milletler
Guramasy tarapyndan Bitarap döwletiň derejesiniň berilmeginiň 5
ıyllygyny bellär. Türkmenistanyň şol geçen ıyllaryň içinde sebit
halkara taslamalaryň işjeň agzasy bolandygy, daşary
syıasatyň ileri
tutulıan
ugurlaryny saılamakda özbaşdak bolandygy BMG tarapyndan ıokary baha bermek arkaly bellenilıär.
Goldaw üçin halkara guramalaryna çyn ıürekden minnetdarlyk bildirmek
bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söıüjilik, hoşniıetli goňşuçylyk ıaly häsiıetleriň geljekde
hem ıurduň daşary syıasatynyň özeni boljakdygyny öz ykbalyny adamzadyň umumy
ykbalyndan üzňe göz öňüne getirip bilmeıän Türkmenistan hut iş ıüzünde subut
etmegi nazarda tutıar.
Beıik
Saparmyrat Türkmenbaşynyň bütin dünıäde gyzyklanma döreden şol
ägirt uly makalasy Türkmenistanyň we onuň häzirki zamanyň meşhur
döwlet we syıasy işgäri bolan Ilkinji we Ömürlik Prezidentiniň belent halkara
abraıyna ıene-de bir gezek ynamly
şaıatlyk
edıär. Türkmenistanyn garaşsyzlygyny alyp beriji, hemişelik oňyn
bitaraplyk taglymatyny dörediji, biziň gadymy topragymyzdaky taryhy
özgertmeleriň teoretigi we guramaçysy, öňdebaryjy däp-dessurlarymyzy dikeltmegiň,
dine ynanmak erkinligini dikeltmegiň, türkmen halkynyň baı milli mirasyny
ösdürmegiň we galkyndyrmagyň başyny başlaıjy Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy
hakykatdanam halk Serdarydr. Onuň yzy bilen ähli halk barıar, onuň töweregine ilatyň ähli
gatlaklary jebisleşendir.
İene-de
birnäçe aıdan . 2001-nji ıylyň 18-19-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň İaşulularynyň
X Döwlet Maslahatynyň, Halk Maslahatynyň we Umumymilli .Galkynyş.
hereketiniň bilelikdäki mejlisi geçiriler. Oňa türkmen halkynyň XXI asyrda . özüniň Altyn
asyrynda ruhy-ahlak ösüşiniň maksatnamasyny . Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
mukaddes Ruhnamasyny maslahatlaşmak we kabul etmeklik, şu
ıüzıyllygyň ilkinji ıylynyň jemlerini jemlemeklik garaşıandyr.
Elbetde, bu Ahlihalk Maslahatynyň Türkmenistanyň beıik garaşsyzlygynyň
10 ıyllyk ıubileıine taııarlyk görmegiň akabasynda geçjekdigi gümansyzdyr.
Öz
Serdarynyň pähimli taglymatlaryna çäksiz berlen, onuň pähimli we öňdengörüjilikli içeri hem daşary
syıasatyny gyzgyn goldaıan, Türkmenistanyň halky Beıik Saparmyrat Türkmenbaşa berk jan
saglygyny, uzak-uzak ömri, biziň halkymyzyň bähbidi üçin, bütin
ıer
ıüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna çekıän öňegidijilikli
ägirt uly işinde täze-täze üstünlikleri arzuw edıär.
2000-nji ıylyň 20-nji noıabry
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center