Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Globallaşma Bölümi

 

ALTASda ıaılym senesi: Gurbansoltan 2, 2004

 

SERDARYŇ ADYL DAŞARY SYİASATY

Onjuk Musaıew

 

Bahym, 2000-nji ıylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan özüniň Hemişelik Bitaraplygynyň 5 ıyllygyny bellär. Türkmenistanyň Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permany bilen Bitaraplyk güni her ıyl bellenilip geçilıän milli

baıramçylyk diılip yglan edildi. Şu ıyl bu ıubileı senedir we Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet derejesini almagynyň bäş ıyllygyna taııarlyk işleri has ykjam we giňişleıin alnyp barylıar, bu dabaralara daşary ıurtly myhmanlaryňam gatnaşmaklaryna,

bu babatda halkara maslahatynyň geçirilmegine garaşylıar.

 

Biziň halkymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň bäş ıyllygyny ıurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 9 ıyllygynyň yzıanyndan belläp geçer. Bu şanly senäni bolsa biz täzet äze üstünlikler bilen mynasyp garşyladyk. Köpsanly baıramçylyk desgalary işe girizildi, olaryň arasynda Beıik Garaşsyzlyk binasyny, Aşgabatdaky täze Olimpiıa stadionyny aıratyn bellemek gerek. Bu ajaıyp sport desgasynyň dabaraly açylyşyndan soň ol ıerde ıurduň Baştutanynyň, aşgabatlylaryň we myhmanlaryň 30 müňüsiniň gatnaşmagynda

baıramçylyk dabaralary we dürli hili sahnalar görkezildi.

 

Türkmenistan Garaşsyzlyk baıramçylygyna ykdysadyıetiň ähli ugurlary boıunça gazanan uly üstünlikleri bilen geldi. Döwletiň senagat kuwwatlyklary Türkmenistanyň Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ıurtda durmuş-ykdysady özgertmeleriň

2010-njy ıyla çenli baş ugrunda göz öňünde tutulyşy ıaly ıokarlandy. Türkmenistanda jemi içerki önümleriň 9 aı üçin görkezijileri geçen ıylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 17 göterim ıokarydyr. Bu bolsa biziň ıurdumyzyň ykdysadyıetiniň örän ıokary depginler bilen ösıändigini görkezıär. Şeıle üstünlik esasan senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda önümçiligiň möçberiniň ösmeginiň hasabyna üpjün edildi. Şu ıyl senagatyň ileri tutulıan ugurlarynda öndürijilik depginleri has hem güıçlenıär. Umuman, Türkmenistanda senagat önümleriniň möçberi geçen ıylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende hereket edıän bahalarda 49 göterim artdy. Bu örän ıokary görkezijidir.

 

İylyň başyndan bäri ıurduň ıangyç-energetika toplumynda geçen ıylyň şu döwrüniň netijelerinden 1,5 esse köp önüm öndürildi. Elektrik energiıasynyň, tebigy gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň öndürilişi düıpli ösdi. Önümçiligiň iň ıokary ösüşi ıurduň gaz

çykaryjy pudagynda gazanyldy, muňa Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nebit-gaz toplumy boıunça özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny ıola goımaga gönükdirilen netijeli syıasaty ıardam berdi. Şu ıyl türkmen .mawy ıangyjy. örän uly möçberlerde

Russiıa, Eırana, Ukraina goıberilıär.

 

Oba hojalygynda şu ıyl iň uly üstünligi ıurduň isleglerini dolulygyna üpjün edıän, görlüp-eşidilmedik ıokary bugdaı hasylyny ıetişdiren we ıygnan gallaçylarymyz gazandylar. Tutuşlygyna oba hojalygy boıunça 9 aıyň dowamynda önümçiligiň ösüşi

geçen ıylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 27 göterim boldy. Garaşsyzlygyň dokuz ıylynyň için-de Türkmenistanyň senagatynda bolup geçen düzüm üıtgetmeleri gaıtadan işleıän pudagyň tutıan ornuny ıokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Aıratynam ıetişdirilen pagta hasylynyň ep-esli bölegini ıerinde gaıtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kuwwatly dokma toplumyny döretmekde gazanylan üstünlikler haıran galdyryjydyr. Türkmenistanyň ıeňil senagatynyň ösüşine şu aşakdaky maglumat ynamly şaıatlyk edıär: pudak 2000-nji ılyň dokuz aıynda önüm öndürilişini 18 göterim artdyrdy. Bu üstünlige Garaşsyzlyk ıyllarynda . Türkmenbaşy zamanasynda gurlan täze döwrebap dokma toplumlarynyň, dokma we tikinçilik fabrikleriniň durnukly işlemegi netijesinde ıetildi.

 

Garaşsyzlygyň 9 ıyllygyny senagatyň beıleki pudaklarynda: gurluşyk industriıasynda, himiıa, azyk, maşyngurluşygy, medisina senagatynda işleıän zähmetkeşlerem mynasyp garşyladylar. Täze demir we gara ıol ulgamlaryny gurıan kollektiwler hem depginli

zähmet çekıärler.

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 5 ıyllygyna biziň halkymyzyň durmuşykdysady ösüşindäki täze üstünlikler bilen barıandygyna şübhe ıokdur. Türkmenistanyň Halkara Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk derejesini gazanmagyny biziň halkymyz öz Baştutany, Türkmenistanyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen aırylmaz baglanyşdyrıar. Munuň üçin näçe diıseň delil bardyr. Ilki bilen, biziň döwletimiziň Baştutanynyň gadymy türkmen topragyndaky taryhy özgertmeleriň başyny tutujy, teoretigi we praktigi hökmünde Garaşsyz Türkmen döwletiniň hemişelik, oňyn

Bitaraplyk syıasatynyň filosofiki esaslaryny ylmy taıdan hemmetaraplaıyn işläp taııarlandygyny bellemek zerurdyr.

 

Öňi bilen şu ıerde men Türkmen döwletiniň bitaraplygynyň nazarıetiniň türkmen halkynyň özüne mahsus bolan gylyk-häsiıetine, aň-düşünjesine esaslanandygy barada biziň Baştutanymyzyň çuňňur pikir ıöretmesini mysal getirmek isleıärin: .Türkmenleriň

milli aň-düşünjesinde düıp özeniniň milletparazlygy ret edıändigi, iň belent gymmatlyk hökmünde ynsanyň bähbitlerinden ugur alıandygy tötänden däldir. Onuň binıadynda açyk göwünlilik, başganyň dinine sarpa goımak, beıleki halklaryň medeniıetini

sylamak, asylly, parahatçyl bolmak ıaly sütünler bardyr. Hut şonuň üçin Bitaraplyk pikiri biziň daşary syıasat ugrumyzy ösdürmegiň tebigy we pähime laıyk dowamy boldy.

 

Onda halkara syıasy gatnaşyklarda öz ornuna akyl ıetirmek hyjuwy türkmenleriň

töwerekdäki dünıä bilen gatnaşyklarynyň taryhy däpleri bilen sazlaşykly utgaşıar..

Biziň ıurdumyzyň bitaraplygynyň konsepsiıasynda diňe bir türkmen halkynyň aňdüşünjesi beıan edilmän, eısem dünıä taryhynyň osüş ugurlary we bu ösüşde Garaşsyz

Türkmenistanyň tutıan orny baradaky çuňňur pikirlerem öz beıanyny tapdy. 1994-nji ıylyň 17-nji ıanwarynda bolup geçen Halk Maslahatynyň we Umumymilli Galkynyşhereketiniň birinji gurultaıynyň birleşdirilen mejlisinde eden çykyşynda Beıik

Saparmyrat Türkmenbaşy bu pikiri şeıle görnüşde kesgitledi: .Türkmenistan Garaşsyz, özygtyıarly döwlet hökmünde umumydünıä özgerişlikler döwründe, konfrontasiıa ıörelgesinden dünıäniň bitewiligi filosofiıasyna geçilıän eııamda emele gelip başlady.

 

Munuň özi biziň üçin hem goşmaça artykmaçlyklary hem-de goşmaça jogapkärçiligi döretdi. Türkmenistan adamzadyň kollektiwleıin hyzmatdaşlyga geçıän mahalynda özüniň daşary syıasatynyň esasy hökmünde oňyn bitaraplygy yglan etdi. Munuň özi gizlenmek, öz aladalaryň bilen çäklenmek, umumy kynçylykly meseleleri çözmekden özüni çetleşdirmek synanyşygy däldir. Biziň döwletimiziň iki ıylyň dowamynda amala aşyrıan hereketleri şol sowallara doly kesgitli jogap berıär. Türkmenistan haısydyr bir

halkara başlangyçlaryny goldap çykyş etmek bilen çäklenmän, Bitaraplygy, köptaraplaıyn hyzmatdaşlygy ıöredip, halkara işlere iň oňat pikir-niıetler bilen goşulmakçydyr. Biz beıleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ıörelgesine gyşarnyksyz eıermek barada BMG-de dabaraly wada etdik. Biziň pikirmizçe, munuň özi Türkmenistanyň kiçi hem uly döwletleriň, biziň ıakyn goňşularymyzyň hem-de Türkmenistandan müňlerçe kilometr uzakda ıerleşıän döwletleriň seçip alan ugruna, olaryň ıaşaıyş usulyna, olaryň pozisiıalaryna we ygtykatlaryna sarpa goııandygyna pugta ynanmalydygyny aňladıar..

 

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň İewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky sowetiň sebitara howpsuzlyk meseleleri boıunça maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda (1994-nji ıylyň maıy) adamzat ykbaly baradaky, Türkmenistanyň dünıä

işlerindäki roly baradaky çuňňur filosofiki pikirlenmeler jemlenip, onda şeıle diıilıär: .Häzir dünıä bileleşigi örän çynlakaı kynçylyklara sezewar bolıar. Biziň nesillerimiz konfliktleri we uruşlary ıok etmegiň we olaryň öňüni almagyň netijeli we täsirli

mehanizmlerini tapyp bilşimiz boıunça bize baha bererler. Biz üstünligi diňe bilelikde, tagallalary birleşdirip gazanyp biljekdigimize ynanıaryn. BMG-niň, İewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky geňeşiň, beıleki halkara guramalarynyň agzasy

hökmünde Türkmenistan beıik ynsanperwerlik ideıallaryň durmuşa geçirilmegi üçin, halkara gatnaşyklarynyň hil taıdan täze derejä çykarylmagy üçin özüne bagly bolan ähli zatlary eder. Pozitiw Bitaraplyk, açyklyk, deňhukukly we özara peıdaly hyzmatdaşlyga

taıyarlyk Türkmenistany hem gyzykly partnıora, hem möhüm durnuklaşdyryjy faktora öwürıär..

 

Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy diňe bir Türkmenistanyň hemişelik hoşniıetli bitaraplyk syıasatyny işläp taııarlamak bilen çäklenmän, eısem bu syıasatyň iş ıüzünde Garaşsyz Türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesiniň halkara ykrar edilmesiniň amala aşmagyny üpjün eden ägirt uly guramaçylyk, düşündiriş işlerinem geçirdi.

 

Öňi bilen, Türkmenistan dünıä arenasynda garaşsyz döwlet hökmünde çykyş edip başlaly bäri biziň ıurdumyzyň parahatçylyk, halkara hyzmatdaşlyk, hoşniıetli bitaraplyk syıasatyny yzygiderli alyp barıandygyny bellemek gerek. 1992-nji ıylyň iıun aıynda

Helsinkide geçirilen İewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň (İEHHS-niň) agzalary bolup durıan ıurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň konferensiıasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Beıik Saparmyrat

Türkmenbaşy başga döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, hoşniıetli bitaraplyk syıasaty Garaşsyz Türkmenistanyň esasy syıasat ugry bolar diıip jar etdi. Soňra Türkmenistanyň Baştutany Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy öz ıurdunyň parahatçylyk söıüjilikli daşary syıasatyny, onuň öz bitaraplyk derejesiniň halkara ykrar edilmesini gazanmaga çalyşmasyny düşündirip, dürli kontinentleriň döwlet ıolbaşçylary, öňdebaryjy syıasy işgärleri bilen köpsanly duşuşyklary we söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu mesele abraıly halkara guramalarynyň we hereketleriniň öňünde-de goıuldy.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ıylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG-nyň) agzalary bolup durıan döwletleriň baştutanlarynyň Yslamabatda geçen üçünji duşuşygynda eden çykyşy giň halkara seslenmesini döretdi. Şonda ol Türkmenistana sebitde bitarap döwletiň we parahatçylygy ıola goıujy merkeziň derejesini bermek hakynda teklibi öňe sürdi. Bu teklip diňe bir YHG-nyň agzalary bolup durıan ıurtlar tarapyndan goldaw tapmak bilen çäklenmän, eısem ASEAN ıaly başgada

halkara guramalary tarapyndan goldanyldy. Goşulyşmazlyk hereketiniň Kolumbiıanyň Kartahena şäherinde bolup geçen duşuşygynda Türkmenistany bu guramanyň agzalary öz hataryna kabul etdiler we onuň bitaraplyk derejesiniň halkara ykrar edilmegi üçin agzybirlikli seslendiler.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleıasynyň 1995-nji ıylyň 23-nji oktıabrynda bolup geçen ıubileı sessiıasynda eden taryhy çykyşynda Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň hemişelik oňyn bitaraplyk syıasatynyň düıp mazmunyny

çuň esaslandyrdy we bu syıasatyň iş ıüzünde durmuşa geçirilıändigini nygtap belledi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň geçiren ıadawsyz, ägirt uly işi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň Dünıä Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine getirdi. 1995-nji ıylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň 50 ıyllyk taryhynda ilkinji gezek şol guramanyň agzasy bolan döwletiň hemişelik bitaraplygy baradaky mesele, onuň Baş Assambleıasynyň garamagyna berildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleıasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini ykrar etmek we goldamak baradaky ıörite rezolıusiıasyny BMG-niň agzalary bolup bolan 185 ıurt biragyzdan tassykladylar. BMG-niň Baş Assambleıasynyň, bu guramanyň agzalygyndaky döwletleriň Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine hormat goımaga çagyryşy örän möhümdir.

 

Halkara bileleşiginiň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini ykrar etmegi we goldamagy bilen baglanyşykly 1995-nji ıylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiıasyna üıtgetme we goşmaça girizmek hakynda

Kanun kabul etdi. Şonuň ıaly-da, .Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda. Türkmenistanyň Konstitusiıon Kanuny we başga-da möhüm ähmiıetli birnäçe dokumentler kabul edildi.

 

Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pähimli ıolbaşçylygy astynda biziň parahatçylyk söıüjilikli ıurdumyz hemişelik bitaraplyk syıasatyny yzygiderli durmuşa geçirıär. Biziň ıurdumyz sebitde hakyky parahatçylygy ıola goıujy merkeze öwrüldi. 1995-nji ıylyň

noıabryndan 1996-njy ıylyň iıunyna çenli aralykda Aşgabatda dawany parahatçylykly düzgünleşdirmekde möhüm rol oınan täjigara gepleşikleriniň bäşinji gezeginiň üç tapgyry geçirildi. Gepleşige gatnaşıan taraplaram, BMG-niň wekilleri hem Aşgabatda

geçirilen gepleşikleriň oňyn netijelerinde Türkmenistanyň Prezidenti S.A. Nyıazowyň ägirt uly rolunyň bardygyny bellediler.

 

Aşgabatda 1999-njy ıylyň fewral, mart aılarynda Owganystandaky özara duşmançylykly bolan esasy iki toparyň arasynda BMG-niň howandarlygynda göni gepleşikleriň iki tapgyry geçirildi. Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti S.A.

Nyıazow BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan baradaky ıörite wekili ilçi Zahdar Brahimini kabul etdi. Ilçi türkmen paıtagtynda gazanylan gepleşiklere we owganara gepleşiklerini gurnamak boıunça Türkmenistanyň Prezidentiniň we hökümetiniň

tagallalaryna ıokary baha berdi.

 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň, onuň çuňňur hormatlanylıan Baştutany Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň barlyşdyryş çäreleri we teklipleri şeıle bir köp bolup, olary bir makalanyň çäklerinde sanap geçmeklik mümkinem däl. Şu ıerde Türkmenistanyň

hemişelik Bitaraplygynyň esasy üç sany . syıasy, ykdysady we ynsanperwerlik ugurlar boıunça amala aşyrylıandygy baradaky biziň döwletimiziň Baştutanynyň pikirini belläp geçmeklik zerurdyr.

 

Syıasy ugur Türkmenistanyň bitaraplygynyň öz mazmuny boıunça oňyn ıa-da konstruktiw bolup durıandygyny aňladıar. Bu biziň sebitimizde, şeıle-de onuň çäkleriniň daşynda-da parahatçylygy we asudalygy gorap saklamak meselelerinde döwletiň işjeň pozisiıasyny göz öňünde tutıar.

 

Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy 1995-nji ıylyň dekabrynda .Ikinji ugur boıunça biz şundan çen tutıarys. Türkmenistanyň ähli zerur mümkinçilikleri, potensialy bar, esasy zat bolsa, biz hemişelik bitarap döwletiň statusyny alyp, netijeli ykdysady özgerişleriň uly

möçberli maksatnamasyny kabul etmäge taııarlyk görıäris, bu zatlar örän gysga möhletde maliıe-bank ulgamy, hyzmatlary ıeňillikleri bermek we inwestorlar, halkara maliıe institutlary we beılekiler üçin pugta ıeňillikleri bermek babatda Türkmenistana iň

ıokary halkara ölçeglerine laıyklygy üpjün etmelidir. diıip belledi. (Saparmyrat Türkmenbaşy: .Bitaraplyk hakyndaky rezolıusiıasy umyt döredıär we Türkmenistanyň jogapkärçiligini artdyrıar.. Türkmenistanyň Prezidentiniň ITAR-TASS agentligine interwıusy. Türkmenistan, 1995-nji ıylyň 16-njy dekabry).

 

Filosofiki, dünıägaraıyş nukdaınazaryndan biziň ıurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syıasatynyň gumanitar meseleleriniň toplumy ıa-da ony ıerine ıetirmegiň gumanitar ugurlary aıratyn mana eıe bolıar. Biziň ıolbaşçymyzyň belleışi ıaly, Türkmenistan adam jemgyıetiň iň ıokary gymmatlygy bolup durıar we döwletiň her bir tagallasy şahsyıetiň erkin ösmegi üçin aňrybaş oňaıly şertleri döretmäge gönükdirilmelidir diıen düıpli tezisden ugur alıar.

 

Türkmenistanda halkara hukuk kadalarynda bellenen we dünıa jemgyıetçiligi tarapyndan kabul edilen adamyň esasy hukuklary we erkinligi ykrar edilıär we hormatlanıar, bu bolsa olaryň netijeli amala aşyrylmagy üçin syıasy, hukuk we beıleki kepillikleri döredıär.

 

Diımek, Türkmenistanyň hemişelik oňyn bitaraplyk konsepsiıasynda beıik teoretik we praktik Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan işlenip taııarlanan yzygiderli filosofiki düzgünler öz beıanyny tapıar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň .Türkmen milleti, türkmen döwleti we dünıä: müňıyllyk we XXI asyr, döwürleriň we siwilizasiıalaryň gatnaşygy. atly ylmy-teoretiki, syıasy makalasynda adamzadyň ykbaly barada çuň

filosofiki pikirlenmeler beıan edilıär. Bu taryhy ähmiıetli makala 2000-nji ıylyň sentıabrynda bolup geçen BMG-niň Müňıyllygyň Assambleıasyna bagyşlandy.

 

Biziň Serdarymyzyň diıseň çuň manyly bu makalasynda häzirki zamanyň çylşyrymly global meseleleri düşündirilıär. Şu ıerde makalanyň Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanan bölümlerini getirip görkezmeklik maksadalaıykdyr. .Şu ıyl Türkmenistan

özüniň garaşsyzlyk taryhynda şöhratly senäni . Birlişen Milletler Guramasy tarapyndan Bitarap döwletiň derejesiniň berilmeginiň 5 ıyllygyny bellär. Türkmenistanyň şol geçen ıyllaryň içinde sebit halkara taslamalaryň işjeň agzasy bolandygy, daşary syıasatyň ileri

tutulıan ugurlaryny saılamakda özbaşdak bolandygy BMG tarapyndan ıokary baha bermek arkaly bellenilıär. Goldaw üçin halkara guramalaryna çyn ıürekden minnetdarlyk bildirmek bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söıüjilik, hoşniıetli goňşuçylyk ıaly häsiıetleriň geljekde hem ıurduň daşary syıasatynyň özeni boljakdygyny öz ykbalyny adamzadyň umumy ykbalyndan üzňe göz öňüne getirip bilmeıän Türkmenistan hut iş ıüzünde subut etmegi nazarda tutıar.

 

Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bütin dünıäde gyzyklanma döreden şol ägirt uly makalasy Türkmenistanyň we onuň häzirki zamanyň meşhur döwlet we syıasy işgäri bolan Ilkinji we Ömürlik Prezidentiniň belent halkara abraıyna ıene-de bir gezek ynamly

şaıatlyk edıär. Türkmenistanyn garaşsyzlygyny alyp beriji, hemişelik oňyn bitaraplyk taglymatyny dörediji, biziň gadymy topragymyzdaky taryhy özgertmeleriň teoretigi we guramaçysy, öňdebaryjy däp-dessurlarymyzy dikeltmegiň, dine ynanmak erkinligini dikeltmegiň, türkmen halkynyň baı milli mirasyny ösdürmegiň we galkyndyrmagyň başyny başlaıjy Beıik Saparmyrat Türkmenbaşy hakykatdanam halk Serdarydr. Onuň yzy bilen ähli halk barıar, onuň töweregine ilatyň ähli gatlaklary jebisleşendir.

 

İene-de birnäçe aıdan . 2001-nji ıylyň 18-19-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň İaşulularynyň X Döwlet Maslahatynyň, Halk Maslahatynyň we Umumymilli .Galkynyş. hereketiniň bilelikdäki mejlisi geçiriler. Oňa türkmen halkynyň XXI asyrda . özüniň Altyn asyrynda ruhy-ahlak ösüşiniň maksatnamasyny . Beıik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasyny maslahatlaşmak we kabul etmeklik, şu ıüzıyllygyň ilkinji ıylynyň jemlerini jemlemeklik garaşıandyr. Elbetde, bu Ahlihalk Maslahatynyň Türkmenistanyň beıik garaşsyzlygynyň 10 ıyllyk ıubileıine taııarlyk görmegiň akabasynda geçjekdigi gümansyzdyr.

 

Öz Serdarynyň pähimli taglymatlaryna çäksiz berlen, onuň pähimli we öňdengörüjilikli içeri hem daşary syıasatyny gyzgyn goldaıan, Türkmenistanyň halky Beıik Saparmyrat Türkmenbaşa berk jan saglygyny, uzak-uzak ömri, biziň halkymyzyň bähbidi üçin, bütin

ıer ıüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna çekıän öňegidijilikli ägirt uly işinde täze-täze üstünlikleri arzuw edıär.

 

2000-nji ıylyň 20-nji noıabry

 

Öňki İazgylar

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center