
Abdy Rahmanow
Gurbansoltan
7, 2004. Çaga söıgi bilen kemala geler. Emma perzentimizi
söııändigimizi subut etmek üçin onuň her diıenini etmeli diıip zat ıok.
Durdmuşda her islegiň hasyl bolmaıandygyna kiçilikden öwrenşmeli.
Galyberse-de çaga özi üçin nämäni oňatdygyny, nämäni erbetdigini
ene-atasyndan oňat bilmez. Şonuň üçin çaganyň aglanyna
garamazdan ıerinde ‘ıok’ diımegi başarmaly.
Uzak her islegini ıerine ıetirip birden-em bir
islegine ‘ıok’ diıeniňizde, siziň oňa bolan söıgüňiziň
indi kesendigiňizi pikreder we her diıeniňiziň tersini etjek
bolar. Alymlaryň yzarlamalary esasynda kiçikä her islegi ıerine ıetirilen çagalar,
ulalanda herhili keıpi dadyp görensoň, has tapawutly keıipleriň awyna
çykıandygyny, ıagdaıyň neşekeşlige çenli barıandygyna göz ıetirilendir.
Kiçikäm goňsylaryň çagalary bilen
uruşanymda, men hakly bolaıyn ıa-da bolmaıyn, ejem meni urardy,
goňşymyň çagalaryny däl. Men şol sebäpli uly birinden taıak
iısem-de, ejem-em uraımasyn diıip aglap gaçardym. Ejemiň bu
Kiçikä bir ‘ıok’ diıip bilmek bilen, duıduruşlar
bilen çagaňyzy geljekdäki uly howplardan goraıandygyňyzy ıatdan çykarmaň.
Bu waka bilen baglanşykly halk arasynda ıaıran iki wakany hem aıdyp bermekçi:
Bir oglanjyk
goňşusynyň towugynın guzzan ıumurtgasyny ogurlap öıüne
getiripdir. Ejesi ıylgyryp, kellesini sypalap ‘berekella’ diıipdir. Oglanjyk bu
erbet endigine dowam edipdir, we waka towuk ogurlana çenli gelipdir. Ejesi ıene
sesini çykarmandyr. Oglan ıigit bolupdyr, we ömri boıy puşman ediji endik
onuň ganyna geçensoň gutulyp
bilmändir, we indi ogurlyklary uly mukdarda dowam edipdir. Bu endik onuň
ruhynda halys uly kesel döredipdir. We bu ıigidiň ejesi bir gün öljek
bolup düşekde ıatyrka, soňky deminde ogly ejesine: ‘Ezizim! Sen ölmezden
öň men seniň süıji diliňi ogşasam bolıarmy?’ diıipdir.
Ejesi dilini agzyndan çykarypdyr. Ogly ogşajak ıaly bolup diline
dişleri bilen gaıym gemirip dişläp alypdyr. İigit samrapdyr ‘Şu diliň sebäpli men şu günlere
düşdim!’ (Bu wakanyň herhili görnüşleri bar.)
Bir oglanjygy kiçi bolansoň ejesi ıany
bilen pagta otagyna alyp gidipdir. Ekini otap ıören ejesiniň elindäki
oragy gören oglanjyk ‘maňa ber-de, maňa ber’ bolup ugrapdyr. Ejesi
agysyna çydaman oragy beripdir. Oglanjyk orak bilen oınap otyrka birdenem iki gözünden
birine nädip dürtenini bilmäni galypdyr. Bir gözi akyp, agy içindäki çagasyna
oragy beren ene müň puşman bolsa-da, oglanjyk bir gözünden mahrum
bolupdyr. Oglan ulalypdyr, ıigit bolupdyr. Öılenjek bolup gyz-juwanyň gözlegine
çykypdyr. Emma kakan gapysy gyzyny bermekden ıüz öwüripdir. İigit aılanyp
ejesine gelip: ‘Eje, şol oragy näme üçin elimden almadyň?’ diıende
ejesi ‘Seniň aglanyňa dözmedim,’ diıipdir. Ine şonda şol goç
ıigit taryha girjek şu sözleri aıdypdyr: “Eje-jan! Bir aglardym, bir goıardym. Indi bolsa men ömrüm ötıänçä
aglamaly boldum-a!”.
(Emma, meniň gulagyma şoňa ıüregi awap
bir daıza öz gyzyny beripdir diıip eşitdim. İöne şu wagt bize möhüm ıeri
bu däl. Sebäbi mowzugyň daşynda.)
·
02.04.2004.Çagalarymyza ‘İok’ Diıip Bilmeli, İerinde Duıduruşlar
Bermeli
·
07.03.2004. Telewideniıäniň Çagalarymyza Täsiri
Copyright
© 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center