Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Maşgala-Çaga-Jemgiıet Bölümi

Çagalarymyza ‘İok’ Diıip Bilmeli, İerinde Duıduruşlar Bermeli

Abdy Rahmanow

 

Gurbansoltan 7, 2004. Çaga söıgi bilen kemala geler. Emma perzentimizi söııändigimizi subut etmek üçin onuň her diıenini etmeli diıip zat ıok. Durdmuşda her islegiň hasyl bolmaıandygyna kiçilikden öwrenşmeli. Galyberse-de çaga özi üçin nämäni oňatdygyny, nämäni erbetdigini ene-atasyndan oňat bilmez. Şonuň üçin çaganyň aglanyna garamazdan ıerinde ‘ıok’ diımegi başarmaly.

 

Uzak her islegini ıerine ıetirip birden-em bir islegine ‘ıok’ diıeniňizde, siziň oňa bolan söıgüňiziň indi kesendigiňizi pikreder we her diıeniňiziň tersini etjek bolar. Alymlaryň yzarlamalary esasynda kiçikä her islegi ıerine ıetirilen çagalar, ulalanda herhili keıpi dadyp görensoň, has tapawutly keıipleriň awyna çykıandygyny, ıagdaıyň neşekeşlige çenli barıandygyna göz ıetirilendir.

 

Kiçikäm goňsylaryň çagalary bilen uruşanymda, men hakly bolaıyn ıa-da bolmaıyn, ejem meni urardy, goňşymyň çagalaryny däl. Men şol sebäpli uly birinden taıak iısem-de, ejem-em uraımasyn diıip aglap gaçardym. Ejemiň bu eden hereketi meni bir tarapdan dogry bolaıyn, bolmaıyn uruşa goşuluşmazlygy endik ıagdaıyna getirdi. İagny çagaňyzyň ıalňyş bir zat edende ıalňyş edıändigini aıtmak, duıdurmak gerek.

 

Kiçikä bir ‘ıok’ diıip bilmek bilen, duıduruşlar bilen çagaňyzy geljekdäki uly howplardan goraıandygyňyzy ıatdan çykarmaň. Bu waka bilen baglanşykly halk arasynda ıaıran iki wakany hem aıdyp bermekçi:

 

            Bir oglanjyk goňşusynyň towugynın guzzan ıumurtgasyny ogurlap öıüne getiripdir. Ejesi ıylgyryp, kellesini sypalap ‘berekella’ diıipdir. Oglanjyk bu erbet endigine dowam edipdir, we waka towuk ogurlana çenli gelipdir. Ejesi ıene sesini çykarmandyr. Oglan ıigit bolupdyr, we ömri boıy puşman ediji endik onuň ganyna geçensoň  gutulyp bilmändir, we indi ogurlyklary uly mukdarda dowam edipdir. Bu endik onuň ruhynda halys uly kesel döredipdir. We bu ıigidiň ejesi bir gün öljek bolup düşekde ıatyrka, soňky deminde ogly ejesine: ‘Ezizim! Sen ölmezden öň men seniň süıji diliňi ogşasam bolıarmy?’ diıipdir. Ejesi dilini agzyndan çykarypdyr. Ogly ogşajak ıaly bolup diline dişleri bilen gaıym gemirip dişläp alypdyr. İigit samrapdyr ‘Şu diliň sebäpli men şu günlere düşdim!’ (Bu wakanyň herhili görnüşleri bar.)

 

            Bir oglanjygy kiçi bolansoň ejesi ıany bilen pagta otagyna alyp gidipdir. Ekini otap ıören ejesiniň elindäki oragy gören oglanjyk ‘maňa ber-de, maňa ber’ bolup ugrapdyr. Ejesi agysyna çydaman oragy beripdir. Oglanjyk orak bilen oınap otyrka birdenem iki gözünden birine nädip dürtenini bilmäni galypdyr. Bir gözi akyp, agy içindäki çagasyna oragy beren ene müň puşman bolsa-da, oglanjyk bir gözünden mahrum bolupdyr. Oglan ulalypdyr, ıigit bolupdyr. Öılenjek bolup gyz-juwanyň gözlegine çykypdyr. Emma kakan gapysy gyzyny bermekden ıüz öwüripdir. İigit aılanyp ejesine gelip: ‘Eje, şol oragy näme üçin elimden almadyň?’ diıende ejesi ‘Seniň aglanyňa dözmedim,’ diıipdir. Ine şonda şol goç ıigit taryha girjek şu sözleri aıdypdyr: “Eje-jan! Bir aglardym, bir goıardym. Indi bolsa men ömrüm ötıänçä aglamaly boldum-a!”.

(Emma, meniň gulagyma şoňa ıüregi awap bir daıza öz gyzyny beripdir diıip eşitdim. İöne şu wagt bize möhüm ıeri bu däl. Sebäbi mowzugyň daşynda.)

Telewideniıäniň Çagalarymyza Täsiri

Abdy Rahmanow

 

Nowruz 7, 2004. Bir hepde öň daşary ıurt kanallarynyň birinde 4 ıaşly bir çagajygyň gundakdaky öz jigisi pyçaklap öldürendigni we başga bir 10 ıaşly çagajygyňam banky talaň etjek bolandygy barada habar eşidenimde arkamdan iki damja sowuk der akdy.

 

İogsa-da çagajyklar näme beıle wagşata baş goşdularka? Jigisini öldüren çagajyk jigisine gabanyp etdimikä?

 

Bu soraglara jogaby ekspert psihologlardan alan jogaplary bilen habar dowam edıär.

 

Maşgala psihologlaryna aıtmagyna görä iň uly sebäp telewizor. Telewizordaky atyşmaly, esasanda günimizde meşhur bolan, hiçhili maksat-myrady bolmadyk, belli bir habary çagalaryň aklyna ornaşdyrmagy maksatlamaıan multiplikasiıa filmleri peıda boldy. Bu filmlerde lazer bilen atyşyp-uçuşup ıören aıylganç jandarlaryň sergilenişi, dogryny-ıalňyşy aňşamaıan çagalar bir oıun hökmünde group, durmuşda-da edilen halatynda bir gudrat bilen gahrymanyň halas boljagyny, ıa-da hiçkime hiçhili zyıan ıetmejekdigini, hiçkimiň ölmejekdigini pikredıärler. Şol sebäpli çaganyň aňyna ıigrenmegii, urşmagy dälde, söıgini, mähirliligi siňdirmeli.

 

Beıle bir ıagdaı hem bolsa, işleri bilen başagaı ene-atalar çagalaryna kän wagt aıyrmansoň, çaga özüne üns çekjek bolup dürli adatdan daşary, köplenç howply işlere baş goşup başlaıar. Ene-atalara aňsat bolmasa-da çagalaryny ıatdan çykarmaly däldir. Käte-käte hepdäň soňlarynda olar bilen güımenip oınamaly, 3-4 günlik jogap bolsa maşgala bilen daşaryny gezmeläp gaıtmaly. Maşynyň bar bolsa gowy, emma maşynyň ıoklugy muňa bahana däl. Men kiçikäm iki jigim bilen ejem, kakam bolup 6-7 km ıol piıada ıöräp gezip gaıdardyk. Bu maşgala içindäki aragatnaşyklary kämilleşdirer. İagdaıyňyz bolsa bir restoranjyga gidip nahar iıiň, ıagdaıyňyz ıok bolsa şäheriň görkli ıerlerini aılanmaga gidiň. Eger gadymy ıadyrgärlikler bar bolsa şolary zyıarat edip bilersiňiz. Eger gidere hiç ıer ıok bolsa obaňyzyň suratçysyna baryp maşgala suradyna düşiň. Olam ıok bolsa, goňşy obadaky garyndaşlaryňyzy görmäne baryp gaıdyň. Ynanyň her maşgala şular ıaly bir çäre görmäne ıylda az 1-2 gezek pursady bolıar. Mysal hatyra güni ölenlerimizi ıatlap gabyrlaryny zyıarat etmek däbe öwrüldi. Gyşyň sowugyna garamazda uly-kiçi herkim gidıär. Gabyr zyıaratyna maşgala bolup gitmek ıerlikli bolarmyka diıip pikredıärin.

 

Telewideniıede başga mesele jady we fantaziıa filmleridir. Kiçi ıaşdaky çagalar filmlerde gören jady sahnalarynyň durmuşda-da bolup biljekdigine ynanıar. Amerikada “Superman”- sahnalarda goıberilişinden soň näçe çaga Superman eşigini satyn alyp özüniň Supermandigini hyıal etdi, hatda olaryňam näçesi uçaryn diıip köp-gatly binadan aşak bökdi we ıaşaışyny ıitirdi. Hatda menem kiçikäm bir jady filminde jadywöı aıallaryň sübsäni iki eli bilen batly towlap uçuşyny görkezenlerinde, göni daşaryk ylgap ejemiň sübhesini alyp synap görenim ıadyma düşıär. Edil şol sebäpden Orsiıetde  kinoteatrlarda we telewideniıede “Gerri Potter” filminiň görkezilmegi gadagan edildi.

 

Şu sebäplerden biziň telewideniıämiz uly işler düşıär. Daşary ıurt multiplikasiıa we çeper filmlerini saılanlarynda örän iňňän dykgatly bolmalydyr. Galyberse-de biziň öz sapak-beriji, durmuşymyzda esasy ıer alıan ynsanlyk duıgylaryna ıüzleniji multfilmlerimizem az däl. Indi bolsa hasam köpelmeli, sebäbi bizin Altyn Asyr ŞamçyramyzMukaddes Ruhnamamyz bar. Ruhnamadaky hekaıalary multiplikasiıalaşdyrmagyň wagty geldi, geçibem barıar.

 

Emma ıeke telewideniıä bagly däl. Ene-atalaram öz wezipelerini ıerine ıetirmelidir.

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center