Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Nesihat-Maslahat-Teklip Bölümi

nesihat@yahoogroups.com

Bazarda Bolıanlar

Eziz Annamyradow

 

Gurbansoltan 2, 2004. Käte bazara söwdalamana gidende, käbir söwdegärler sada görıärmi näme, mysal pomidor ölçedeniňde iki sany ulusyny goıup, galanynam bolsa maıdajyklaryndan we çüırüklerinden üışürip terezä goıan mahallary bolıar. Bu ıagdaıda hiç zat diımän geçip gitmek, ıa-da siziň özüňize saılamana erk berkse, özüňiziň saılamagyňyzdyr. Muny esasanda çagalara edıäler. Bu barada çagalaryňyza öwredip bilersiňiz, bu ıagdaıda taşlap gidäımegi. Sebäbi siz söwdanyň şertnama bölegindediňiz, puly tölemezden öň närazyçylyk hakyňyz bar. Pul töländen soň yzyna tabşyrjak bolup çemeleşmek, söwdanyň dessurlaryna gabat gelmeıär.

 

Söwda edeniňizde her gymmat zadyň hiliniň ıokary däldigini, her arzanyňam pes hilli däldigini ıatdan çykarmaly däl.

 

Konditer ıa-da gaplanan fabrika önümleriniň köıüş möhleti bir gün geçenem bolsa almaň. Bir gün geçenden hiçzat bolmaz, emma gowy endik edinersiňiz. Saglygyňyzyň arzan baha bilen alyp bolmajakdygyny ıatdan çykarmaly däl.

 

Gynansak-da soňky döwürlerde tereziden iıme gylygy çykypdyr. Bu barada näme edip bolar, bilemok. Belki öz kilo daşlaryňy ıanyň bilen getirmelidir. İöne beıtseňem saňa hiçkim zat satmak islemez. İene-de bu ugurda ekspertler käte-käte barlag geçirıärler.

 

Biz güıjümiziň ıeteni bilen şu wagt öz haklarymyzy goraly. Galany wagty gelende düzeler.

Jaı Gyzdyryjylar Barada Maslahat

Eziz Annamyradow

 

Türkmenbaşy 13, 2004. Geçen ıyl (2003) Türkmenbaşy aıynyň 13-ne (ıalňyşmaıan bolsam) Aşgabatda mekdepde bile okan, şol wagty talyp iki synpdaşlarym, ıaşaıan kwartiralarynda gaz bilen zäherlenip, ıaşaıyşyny ıitiren ıagdaıda tapylypdy. Kwartira köp gatly jaılaryň birindedi. Jesetleri 3 gün soň taypylypdyr. Eli – ıüzi gazdan ıaňa gap-gara bolup giden ıagdaıda, her ıeri öl we ys alan jaıyň içinden çykarypdyrlar. Belki takmyn edensiňiz gaz zäherleniş sebäbini. Eıran gaz ojagy. Şol ojaklar ülkämizde gaty ıaıgyn. Bahasy arzan, emma halk beıleki tarapyny görmezlikden gelıär, gaz gidende awtomatik ıagdaıda gapagy ıapylanok, we ol ojagy öıiň içinde goımaly. Bugly gyzdyryş ulgamynda bolsa, gazyň ıanıan ıeri daşarda bolan soň hiçhili howp döredenok. Emma Eıran ojaklary olar ıaly däl. Onuň birinjiden-hä öıüň içinde ıanany üçin, kislorody kömürturşy gaza ıakyp gutarar. Ikinjidenem, ıokarda belleıişim ıaly, gaz gelişi kesilse, soň belli bir wagt soň ıene gelse otagyň içine gaz doldurar. Arzan ojak bolany üçin elektronik gas-kesgitleıijileri (gas detector) we elektronik ıapylıan gapagy ıok. Soňky birnäçe ıylda onlarça adam şu ıagdaıda gazdan zäherlenip öldi

 

Şonuň üçin meniň şahsy maslahatym: bile bir gatda bolıan goňşylaryňyz bilen bilelikde üışüp bir bugly gyzdyryş ulgamyny ıaz aılarynda geçirdi. Umumy bir gyzdyjy merkez ornaşdyryň, hatda öıüňüziň täze bir otagçyk ıeleşdirip bilersiňiz. Belki bu ıokarda gatda galıanlara kyn düşüp biler. Olaram kiçiräjik bir otagy şoňa aıyryp biler.

Elektrik gyzdyryjy hem bolup biler, emma olam kislorody köp ıakıar, we gaty saglykly däl. Kiç çagalaryňyz bar bolsa howpul-am.

 

Elbetde bu size gymmat düşüp biler, emma pulyň janyňyzyň ıanynda näme gadyry bar. Arzan ojak aljak diıip, ıaşaışyňyzy howpa almaň!

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center