
Ahmet
Gaýypow
Nowruz
11, 2004. Meniň Gurluşuk Inžinerligini gutaryp aspirantura
başlan bir dostum bardy. Onuň aspirantura ugry ‘Köpri Inžinerligi’di.
Men onuň unwersitedindäki oturýan otagyna bardym. Diýseň oňat
enjamlaşdyrylan we dürli şertler döredilen, göwnehoş iş
otagy, bar eken. Üstünde işleýän zatlarynyň tejribesini etmek üçin
edil aşakgy gatynda labarotiýasyna çenli bar eken. Otagda üç
inžineriň ýeri bar, biri himiýa inžineri, beýleki elektrik inžineri eken,
üçünji bolsa meniň dostum. Men bularyň gözleg-agtaryş üçin
çeşme hökmünde ulanýan kitaplaryna
göz gezdirip otyrkam, haýranlyk bilen şolaryň birine: “Köprüler
barada şunça açyşlar edilipdir, enjeme hasaplamalar emele gelipdir,
netijelendipdir. Bu wagta çenli eýýam täze açylyş eder ýaly zadam galan
däldir.”diýdim. Ýaş Elektrik inžiner tiskinip, beýninden atylan ýaly: “Sen
beýle diýme. Şeýle sözi diňlejek
bolsaň tehnika we ylym hiç haçan ösmez. Adamzat bir zat tapdygyça hiçzat
bilmeýändigini has-da oňat düşünýär. Ylym belli mowzukda soňky
nokadyna ýetdi diýende-de hökmän gözlenip tapyljak zat bardyr. Ylym hiç haçan
gutarmaýar. Allatagallanyň bu älemde goýan ylmy, bize açaçan kylan bölegi
uly okeanda bir monjuk ýalydyr, tapsaň tapyp oturybermeli.”
Bu sözüň nähili dogrudygyna
şonda göz ýetirdim. Mysal biz 2-3 asyr yza gitsek, şol döwrüň
adamlaryna kompýuter düşündürýänçäk janymyz çykar. Kompýuter beýlede
dursun, elektro-çyrany (lampa) düşündürmek hem aňsat düşmese
gerek.
Täze zat oýlap tapmak üçin bir zady
hyýal edip bilmeli, aklyňa getirip bilmeli. Emma şeýle birzat hem bar,
mysal bir orta ýaşlardaky synpda oturan çagalara geljek baradaky
hyýallaryny ýazuw bilen ýa-da surat bilen taryplamagyny sorasaň, olar bar
bolan, eýýam tapylan zatlaryň daşynda näçe zady hyýal edipbilerlerkä?
Ýagny uçmak üçin enjamlar, nahar pişirmek üçin , ýa-da bile oýun oýnamana
robotlar, wideo-telefon... Emma bu zatlar eýýam bar we gitdigiçe has hem
kämilleşdirilýär.
Emma biz täze zat tapmak üçin näme
etmeli? Bu soragy jogaby ýene-de okamak, okamak we ýene-de okamak. Taýýar
eserleri okap gözleg-agtaryş etmek, şol pudak ugrunda gözýetimi
giňeldýär we şol serişdeleriň içki düzümi barada maglumata
eýe bolup bolýar. Netijede öwrenilen zatlaryň nähili ýagdaýlarda ulanyp
boljakdygyny derňäp, öň synanşylmadyk halatlarda ulanyp
boljakdygyny ýa-da boljak däldigini bilesigelijik netijesinde tejribe geçirip,
ylmyň täze pudaklarynda ýol açmaly.
Ýagny hyýal, bilesigelijilik ylma
hyjuw döreder, emma gözleg-agtaryş üçin bu ýeterlik däl, okamaly.
Parahat Meläýew
Fewral 4, 2000. Biri dostuna:" Nädip
haker bolup bileriñ?" diýip soraýar. Dosty: "Okamak okamak ýene-de
okamak", diýip jogap berýär.
Howwa,
okamak. Okamak we oýlanmak. Oýlanmak we problemany çözmek. Bularyñ hemmesi adamzadyñ öz
özüni ösdürmesi diýmek dälmi?
Diýmek okamak ösmek bilen dogan-garyndaş-da?! Howa üsdüne
basdyk, okamak ösmegiñ birinji ädimi. Serediñ hytaýlar bu
hakynda näme diýýär,"Müñ ýyllyk bir ýol bir ädim ätlemek
bilen başlaýar" ýada türkmen näme diýýär,"Bir okana , bir
dokana"diýenokmy? Men bulary näme üçin samrap otyryn?
Diýjek
bolýanym şular-------------------
Fransiýada
37’308,
Ýaponyada 42’216, Angliýada 48’069, Germaniýada 64’716 dürli kitap
ortaça hasap bilen ýyllyk basylýar. A Tükmenistanda...? Yada gazet tiražy Yaponýada 68’000’000, ABDde 63
milýony geçýär. A Türkmenistanda...? Dogry olarda adam sany köp , yöne men
Türkmenistanda gazetleri gündelik okap, ya-da aýda bir kitap
okaýan
adamlary az gördüm diýsem ýalan bolmaz. Bir ýapon ýylda 25 kitap, şwessariýaly
10 we fransuz 7 kitap okaýar. Hatta ýaponiyada ayakda kitap okamagy "taşiyomi" diýip
sözlügüne hem girizipdirler. A biz, türkmenler, näme edyäris.
Aýakda kitap okamak beylede dursun, ayakda kitap okaýanlary masgaralamak bilen
bolýarys (hemme üçin däl). Şu ýerde başýmdan
geçen bir wakany ýazaýyn. Bir toýa gidipdik, stollaryñ üstüne gazetleri
seripdirler. Men şol gazetlerden birini alyp
okamaga başladym. 5 minut geçmänkä biri gelip "näme alymsyrap
otyrsyň" diýse nätjek. Gepiñ tümmegi biziñ entäk çözmeli problemalarymyz
köp öýdýän.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center