Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Okamak Bölümi

İaılym: Gurbansoltan 2, 2004

IŇLS DILINI ÖWRETMEKDE ONUŇ LEKSIKASYNY GIRIZMEGIŇ USULLARY

M. A. Waliıewa, O. A. Arabalyıewa

ATNIWL

 

 

Dili bilmek üçin onuň leksikasyny öwrenmek zerur bolup durıar. Leksikany özleşdirmekde esasy kynçylyklaryň biri-de leksiki birlikleriň manysynyň we formasynyň özara gatnaşygydyr. Ol kynçylyklar leksikanyň kontekstde we sintaktik strukturalarda

semantirlenmegi arkaly ıok edilıär. Predmetleri aňladıan sözleri dil öwrenıäniň ene diline terjime etmek onçakly amatly usul däldir, şonuň üçin hem ol sözleri surat, hereket, sözlemler arkaly dil öwrenıänleriň aňyna ıetirmek möhümdir.

 

Mysal üçin: dil öwrenıänleriň başlangyç döwründe olara iňlis diliniň ıönekeı leksikalaryny öwretmek üçin konkret predmetleriň şekili bolan tablisalary ulanyp bolar. Şoňa görä-de öwrenilıän sözi terjime etmän onuň manysyny surat arkaly olaryň aňyna ıetirmek

ähmiıetlidir. Şeıle-de ol sözleriň ıazylyş nusgasyny bolsa tagtada görkezmek bolar. Bu ıerde dil öwrenıänler şol sözüň manysyny eşidıärler we onuň şekilini we ıazylyş nusgasyny görıärler.

 

Şu ıerde sözleri many taıdan özleşdirmek kynçylygy suratlaryň kömegi bilen aırylıar. Indi dil öwrenıänleriň öňünde başga bir çylşyrymly wezipe durıar: ol hem düıbünden nätanyş dilde nätanyş sözleri aıdyp bilmegi başarmakdan ybaratdyr. Munuň üçin mugallym her bir sözi köpçülükleıin okamagy teklip edıär. Şu ıerde mugallym dil öwrenıänleriň sözleri gowy özleşdirmeklerini, dogry aıtmaklaryny gazanmalydyr. Muny barlamak üçin bolsa mugallym ilki bilen dil öwrenıänleriň özlerine aıtdyrmaly we her bir sözüň arasyna salym salmagy tabşyrmaly we şol goılan wagtda (salymda), eger olar ıalňyş aıtsalar, mugallym gaıtalap berıär, eger dogry aıytsalar, olary tassyklaıjy hökmünde ümsümligi bozmaıar. İöne öwrenilıän sözleri dogry ulanmak üçin bu iş bilen çäklenmek ıeterlikli däldir, olary hökmany suratda sözlemde getirmek möhümdir.

 

Meselem: Sözleıiş nusgalary .Eıe /çalyşma/ + habar /baglaıjy işlik + at. boıunça sözlem düzmek bolar.

 

İagny:

 

Predmeti takyklamak üçin sözlem:

This is a table

This is a flag

This is a bag

 

Predmetiň hiline degişli sözlem:

This is a good table

This is a good flag

This is a good bag

 

Predmetiň reňkine degişli sözlem:

This is a white table

This is a green flag

This is a red bag

 

Predmetiň göwrümine degişli sözlem:

This is a big table

This is a big flag

This is a big bag

 

Predmetiň kime degişlidigini aňladıan sözlem:

This is my table

This is my flag

This is my bag

 

Sözlem nusgalarynyň başga-da birnäçe görnüşlerini ulanyp bolıar.

 

Meselem: This is a bag, I see a red bag. I take this bag. This is my bag, I like a red bag.

 

Elbetde, käbir sözleri terjime etmeli bolıar, sebäbi olaryň şekilini, manysyny bermek mümkin däl. Emma ıokardaky ıaly köp sözleri terjimesiz öwretmek dil öwrenıänleri ol sözleriň manysy barada pikirlenmäge alyp barıar.

 

Mundan başgada iňlis dilini öwretmekde onuň leksikasyny girizmegiň ıene bir usuly hökmünde sözleri sözlemleriň içindäki manysy, ıagny kontekst boıunça öwrenmek bolar. Bu usul esasan dil öwrenıänleriň başlangyç döwründe däl-de, orta etabynda ulanylsa has netije berıär.

 

Mugallym sapak wagty täze tekst girizıär. Dil öwrenıänleriň we mugllymyň elinde täze tekst bar. Mugallym dil öwrenıänlere, eger tekst (makala, hekaıa) uzak bolsa, başdaky kiçiräk bölegini, eger gysga bolsa onda tutuşlygyna 5-7 minudyň içinde sessis okuw usulyny ulanyp, içlerinden okamagy we şol bir wagtda onuň manysyny aňlaryna ıetirmeklerini hemde bilmeıän sözleriniň aşagyny gara galam bilen çyzmaklaryny tabşyrıar. Mugallym şeıle usul ulanmak bilen dil öwrenıänleriň pikirlenmeklerini we nätanyş leksikany (özlerine belli bolmadyk sözleri) saılamaklaryna mümkinçilik berıär. Bu iş ıerine ıetirilıän döwründe mugallym dil öwrenıänleriň sözlük ulanmazlyklary we biri-birine päsgel bermezlikleri üçin olara gözegçilik edıär.

 

Tabşyryk ıerine ıetirleninden soň mugallym dil öwrenıänlere iki-ikiden jübüt bolup gezekli-gezegine tagta geçip tekstde özlerine nätanyş bolan leksikalary ıazmagy tabşyrıar, ıone soňraky jübütleriň özlerine nätanyş leksikalary (sözleri) gaıtalap ıazmazlyklary üçin tagtadaky ilki ıazylan sözlere üns bermeklerini tabşyrmaly. Bu iş hem tamamlanandan soň mugallym dil öwrenıänler bilen tekste girişıär. Mugallym birinji sözlemi okaıar we tagtada ıazylan nätanyş sözüň, olara öňden belli bolan sözlemdäki beıleki sözleriň manysy bilen baglanyşykly (kontekste görä) manysyny ıüze çykarıar. Mysal üçin tekstden şu sözlemi alyp göreliň. İagny: .I am a fat man and destroyer of my figure were the sweetest biscuits. Bu sözlemde dil öwrenıänlere .destroyer. sözünden başga sözler tanyş we olar bu sözüň manysyny sözlemdäki beıleki sözleriň manysyna (kontekste) görä aňlaryna aılaıarlar. Mugallym dil öwrenıänlerden onuň manysyny başga bir oňa manydaş sözler bilen çalşyp aıytmaklaryny soraıar we olara goşulyp gerek bolsa hereket bilen nätanyş sözleriň ıerine manydaş sözleri goıup, eger dil öwrenıänleriň bir-ikisi ol sözleriň sinonimini (manydaş

sözüni) bilıän bolsa, olaryň aıtmagy ıa-da nätanyş sözleriň kontekstdäky manysyna görä iňlis dilinde düşündiriş bermek arkaly dil öwrenıänlerin bellik edıän depderlerine ıazdyrıar.

 

Munuň netijesinde iňlis dilini öwrenıänlere onuň leksikasyny giňişleıin ıetirip bolıar we hatda onuň manydaş sözüni (sinonimini) hem öwretmek başardıar. Bu usul netijesinde dil öwrenıänleriň işlerinde üç tarapdan bolan ukyba ıol açıarys. Olar: pikirlenmäge, söz öwrenmäge, öwrenilen sözleri ulanmaga bolan ukyplardyr.

 

Dil öwrenıänleriň şol kontekste görä öwrenen nätanyş sözlerini özleşdirişlerini barlamak üçin bolsa .Sözleri perefraza (manydaş sözüni berip üıtget) et. diıen ıumuşly gönükme tabşyryp bilner. Dil öwrenıänler bolsa şol gönükmä görä sözlemdäki nätanyş diılip öwrenilen sözleriň deregine sözlemleriň içinde olara manydaş goılan sözleri nätanyş leksika bilen çalyşmalydyrlar. Şeılelik-de, mugallym olaryň işiniň netijesini barlap biler.

 

Mugallym täze sözüň manysyny beıan edeninde, onuň içki we daşky aıratynlygyndan, anyklygyndan peıdalanıar. Ol täze sözi sözlem nusgasynda berip, onuň gapdalyndan surat, predmet ıa-da gerekli ıerinde hereket bilen görkezıär. Täze öwrenilıän söze degişli sorag berıär. Netijede, täze söz dil öwrenıänleriň aňyna ıeke-täk ıalňyz söz hökmünde ıetmän, ony iş ıüzünde ulanmak üçin taıyn görnüşinde, sözleıişde ornaşıar. Munuň üçin mugallym tablisalary ulanıar. Eger tablisada ıazylan ıazgy ıa-da çekilen surat azapsyz göze agram salman okamak we görmek mümkinçiligini döredıän bolsa, grafiki ıerine ıetirilişi estetiki duıgyny oıadyp, dil öwrenıänlerde çeperçilik islegi döredip, ösdürıän bolsa, onda bu esbap ergonomiki, estetiki hem-de gigeniki talaplary berjaı edıär diıip bileris.

 

Şeıle ıasalan görkezme esbaplary dil öwrenıänleriň bilimleriniň we başarnyklarynyň çuňňur, doly bolmagyna ıardam edıär, olaryň işe ukyplylygyny gowulandyrıar, täze materialy düşündirmage sarp edilıän wagtdan tygşytly peıdalanmaga mümkinçilik berıär.

Mugallym täze materialy düşündireninde, ıazylan sözlerden we sözlemlerden, kitapda berlen gönükmeler bilen çäklenmän klasdaky predmetlerden peıdalansa has ähmiıetli bolar. Mysal üçin, mugallym dil öwrenıänlerden partanyň üstünde birmeňzeş predmetlerden

birnäçesini goımaklaryny haıyş edıär. Eger-de agzalıan predmetler ıok bolsa, onda olaryň şekilinden peıdalanmak maslahat berilıär. Soň mugallym Take a .... sözlem nusgasyna görä tabşyryk berıär:

 

Take a pen!

Take a book!

Take a pensil!

Take an apple!

Take a pen and a pencil!

Take a book and an apple!

 

Dil öwrenıänleriň eşiden sözlerine dogry düşinendiklerini ıokary galdyryp görkezıän predmetleri boıunça anyklanylıar. Şondan soň, dil öwrenıänleriň özleri bir-birine ıumuş tabşyrıarlar.

 

Şeıle sözlem nusgasy özleşdirilenden soň, täze sözlem nusgalaryna geçmek amatlydyr:

I take a ...

Have you a ..

Yes, I have a ...

Mundan başga-da, .My family. atly surat boıunça dil öwrenıänleriň sözleıiş endiklerini, başarnyklaryny baılaşdyrmak mümkin.

 

Bu suratda enäniň, atanyň, ejäniň, kakanyň iki gyzyň we iki oglanyň suratlary aıratynlykda, bütin maşgalanyň otagda jemlenen suraty şekillendirilendir.

 

Mugallym täze sözleriň manysyny beıan edeninde, olaryň içki we daşky aıdyňlygyndan, anyklygyndan peıdalanıar. Ol täze sözi sözlem nusgasynda berip, onuň gapdalyndan surat, predmet, ıa-da gerekli ıerinde hereket bilen görkezıär. Täze öwrenilıän söze degişli sorag  berıär. Netijede, täze söz dil öwrenıäniň aňyna ıeke-täk, ıalňyz söz hökmünde ıetmän, ony iş ıüzünde ulanmak üçin taıyn görnüşde, sözleıişde ornaşıar.

 

Indi mugallym bu tablisadan peıdalanyp, dil öwrenıänler bilen gürrüň geçirip biler. Mugallym dialog-gepleşige-de, monolog-sözleıişe-de üns bermelidir. Iki-ıeke nätanyş sözleri hem dilden girizip biler. Netijede, dil öwrenıänler aşakdaky ıaly gürrüň düzmegi başararlar.

 

My family

My name is Aman. I am ten. I am ten years old. I am a boy. I am a schoolboy. I am the fifth form pupil. I have a family. I have grandmother, grandfather, two sisters and a brother. It is my grandmother. Her name is Ene. She is retired. It is my grandfather. His name is Ata. He is retired. too. It is my mother. Her name is Jennet eje. She is a teacher. She is a teacher of Russian. She teaches at school. It is my father. His name is Oraz aga. He is a worker. He works at the factory. My parents have four children. They are Altyn, Tylla, Merdan and me. Atlyn and Tylla are my sisters. Altyn is a little girl. She is four years old. She has toys. She

plays with toys. Tylla is my sister too. Tylla is not a little girl. She is eight years old. She goes to school. She is the third form pupil. She has books. It is my brother. He is a little boy. His name is Merdan. He is six years old. He is in the first form. He is playing now. He has cars. The cars are white, red and yellow. He plays and likes his cars. I have many books. I have Russian, Turkmen and English books. I read many Russian and Turkmen books.

 

Şeılelikde, dil öwrenıänleriň belli bir sözi dürli sözlem nusgalarynda birnäçe gezek gaıtalap, belli bir logiki yzygiderliligi saklap, sazlaşykly gürrüň düzmekleri, elbetde, olaryň diňe bir okaıyş däl, eısem sözleıiş endiklerini we başarnyklaryny durnukly ıola goımaga we indiki gerekli endikleriň we başarnyklaryň düıbüni tutmaga alyp barıar.

 

Türkmenistanda iňlis dilini öwretmegiň usulyıeti we türkmen-türk tejribesi” sah. 81.
HTTU
Neşriıaty

 

Öňki İazgylar

 

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center