Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Mukaddes Ruhnama Bölümi

 

Ýaýlym Senesi: Nowruz 6, 2004

Ruhuma şükürim bar

 

Ylýas AMANGELDI

 

Dostlarym ruhnama hakynda ýazmagymy haýyş etdiler. Dogrusy men onuň bir harpyny ýazmakdanam öz ruhy güýjümi ejiz görýarin. Gurbannazar neresse: “Men nire, sen nire eziz Pyragy” diýerdi. Edil şonuň ýaly men nire, Ruhnama nire? Men diňe öz ruhumyň namasyny ýazyp bilerin. Oňa synanyşybam gördüm. Hakyna seredende hiç bir ýazanym ruhumdan daşdaky zatlar däldiler. Olar sowetnama-da, münbernama-da, partiýanama-da, wezipenama-da, şöhratnama-da, hatda pulnama-da däldiler. Şükür edýärin, olar diňe meniň öýümiň, kakam pahyryň, garryja ejemiň, dostlarymyň, halypamyň.. şeýle ýakynlarymyň ruhlaryndan namalardy, müňde bir şükür edýärin.

Şükür etmek diýmek islendik zatdan hoşal, razy bolup öz kanagatlanma duýgyňy aňlatmak eken. Ol biziň aňymyzda, ýüregimizde bolup geçýar. Ony aňlatmagyň ýoly diňe bir şükür edýärin diýip aýtmak däl eken. Öňünde goýlan nygmaty hoşallyk bilen kabul eden, şeýle nygmatyň özüne berlenine şükür eden adam ondan işdämenlik bilen iýýär. Onuň iýmegi - şükür etmegi. Edil şonuň ýaly ýazmak ukybynyň özüme berlendiginden edýän şükürimi aňlatmak uçin menem yhlas bilen ýazmalydyryn. Şu günlerki günüme şükrüm bar bolsa men ony öz başarýan ugrumda edýän yhlasym bilen aňlatmalydyryn. Şol sebäpli hem hakykatdanam ruhnamany ýazyp biljek ussatlar bu ýazgylarymy öz işleriňe goşantdyr diýibem kabul etmesinler. Çünki goşant bolmak üçinem goşar ýaly goşandyn bolmaly. Bu ýazgylarym diňe ýazmak ukybynyň maňa-da azda-kande berlendigi üçin hem-de şu günki günüme şükürimdir.

Öz ruhumyň namalaryndan, (“nama” sözi bu ýerde has uly eşidilýär) iň dogrusy ýazgylarymdan tapanjalarymy okap, tapmadyklarymy hakydamda agdaryşdyryp otyrkam geň ýagdaýyň üstünden bardym. Olaryň hiç birinden nadyl bolmasamam, hersinde öz ýazylan gününiň täsiri bar eken.

Şu günlerki başdan geçirýän galkynyş döwrümizinem öz täsirini ýetirmeýän ýeri ýok bolsa gerek. Ol täsir nähili täsir?

Men ýaňy ýerimden ören ýaly bolup duryn.. Ýadawlyk ýok, eginlerinden basýan “kiçi ölüm” - ukudan nam-nyşan ýok. Namaz okasym gelýärdi, okadym. Hemme zat gowulyk, sag-aman ördüm, beýnimi iýip barýan aladam ýok. Şeýtan dürtgeläp: “Dogup gelýän günüň saňa nämäni getirjegi belli däl” diýýär. Eýsem belli dälmi? Ol maňa gündizimi getirer, ýagtylyk getirer. Öýümiň, ilimiň, ildeşlerimiň, Watanymyň bardygyny görerin. Öňümi görmän büdüremerin. Öňümi görmesem gözümiň gapyklygy. Özümden ululara salam bererin, özüme berlen salamlary alaryn. Zähmetimi netijesine baglaryn. Netijesiz işden gaça duraryn, netijeli işi buýrmankalar etmäge çalyşaryn... Meniň şu günki ruhum geler.

Gyşdan ýerini sürüp taýýarlap, ýaz tohumyny sepip, jokrama yssylarda idedip ýetişdiren hasylyny ýygnaýan daýhanlaryň öndüren gallasy garaşsyzlyk we bitaraplyk ýaly uly ýeňişlerimiziň biridir. Kakam pahyr demir kapasadaky gaplaňy mysal alyp: “Şu janaweri indi dag-derelere goýberseň awuny alyp bilmän aç öler. Ölmez-ödi iýjegi berlip duransoň garny hepbik ýaly, dyrnaklary ösüp gidipdir. Emma gününiň şeýdip geçip durmasyna öwrenşipdir. Şeýle güne halk bir düşmäwersin” diýerdi. Indi görüp otursam, ony bu pikirleri etmäge şol döwrüň, sowet zamanasynyň ruhy mejbur eden eken. Häzir o bende diri bolan bolsa halkynyň şol gorkan halynda däl ekendigine şükür ederdi...

Ejemden ruhuma sinen söz: “Günä işi etmäň, gözüňiz kör bolar”.

Günäniň gözüni kör edişi başgaça eken. Günä edeni sebäpli garagy gapylanlaryň gözüne gara suwam inenok, görejini ýorka-da örtenok. Iki gözem sagdyn, emma iň gerekli zady görmeýär. Alarman söwdagäriň alýan harytlarynyň kemlerini görmeýişi ýaly. Ýogsa... ýokary bilmiňem bar, terbiýäňem bar, işiňem, wezipäňem, maşgalaňam bar... Emma günä işi etmezlik üçin bu ýeterlik däl eken. Günäniň bardygyny, ony saňa etdirjek bolup gözüňe görünmeýän şeytanyň pelesän urýandygyny bilmek gerek eken. Günä diýilýäniň oýlap tapylan zat däldigini görmegiň gerek eken. Ýönekeý bir mysal, adam ýalan sözlemegiň günädigini bilse-de, ony günä derejesinde görmeýär. Bu körlükden nyşan. Ol indi hakykaty aýtmagyň sogapdygynam görmeýär. Gözi görmänsoň ol ýuwaş-ýuwaş azaşmak bilen bolýar. Oňa halaly-haramy seljermek başartman başlaýar. Soň bolsa aýylganç biparhlyk kalbyňy gaplaýar. Indi ol hiç zadyň tapawudynam etjek bolup duranok. Hezreti Muhammet pygamberimiz günäni kalba düşen bir gara nokada deňäpdir. “Aý, ýekeje nokat hiç zadam edesi ýok” diýen adamyň kalby şolar ýaly nokatjyklardan ýuwaş-ýuwaş dolup, soň garalyp galýar. Şonuň üçin günäniň ýekeje nokadynam äsgermezçilik etmek bolmaýar. Ony bada-bat ýuwup aýyrmaga çalyşmak gerek eken.

Pygamberimiziň hadyslarynyň ýene birinde günäniň aňyrsynda ynanmazçylyga, inkär etmege, şübhä alyp barýan ýoda ýatýar diýen manydaky sözler bar. Imany berk adam kiçijik bir günä iş etmekdenem saklanar. Çünki ol ýüregine garalykdan ýekeje nokadyňam düşmegini islemeýär. Imany gowşak, Allaha bolan ynanjy yrgarak adamlar: “Günä edenim bilen endamyma ýara düşüp baranok-la. Ýürek diýdiler, gara nokat diýdiler, bularyň bary...” ýogsa ol bilýar, ol sözleri Allahyň hut Resulynyň aýdandygyny... Şonda-da... Iman yrgalygy nähili aýylganç!

Adamlaryň günä işlerden saklanmagyny hemmelerden çuň islän pygamberimiz ýene bir hadysynda bir günä işi etmän saklanana altmyş sogap iş edeniňki ýaly sogap ýazylar diýibem aýdypdyr. Näme üçin günä işiň edilmezligine haýyr iş etmekdenem has uly ähmiýet berildikä? Çünki günä hakykatdanam gözüňi gapýar. Neşeden kä wagt bir gezek dadanym bilen neşekeş bolasym ýok diýýänler köplenç gözleri gapylyp batgalyga nädip çümenlerini bilmän galýarlar.

“Günäden gutulma ýok. Adam perişde däl. Onsaň günäden gorkup ýaşajak bolsaň, arkaýyn çöregiňem iýip boljak däl. Iň bärkisi, kelleaçyk ýa-da eliňe direnip çörek iýmegem günä diýýärler. Gowusy...” Azajyk pikirleniň gowusymy?

Barja gurbatyňy haýyr-sogaba gidirip, bolanja güýjüňi näçe agyram bolsa özüňi günä işden saklamaga harçlap, ýene täzeden gurplanmak üçinem saçagyň başyna geçmegiň aladasynda bolmak ilkinji orunda durýar. Biziň bolsa ikinji derejedäki meseläni öňe çykaryp “gowusy günä-sogabyň pikiriňem etmäli-le” diýesimiz gelip dur. Sebäbi şeýtan aňymyzdaky derejeleri, orunlary bulaşdyryp bizi günä işlere itekläp dur...

Dogrudanam ynsan perişde däl. Emma ol bizde öňi-soňy perişde bolmamyzsoň haramdan gaýtmalyň diýen düşünjäni däl-de, perişde däldigimiz üçin günä etmekden goranalyň diýen düşünjäni oýarsa dogry bolmazmy? Birinji düşünjäni şeýtan bize salgy berýän bolsa, ikinji düşünje hakyky dury paýhasdan gaýdýar.

Görüň ahyryn, “Altyn asyryň bosagasynda, sen näme türkmenleriň dindar bolanyny isleýäňmi?” diýen ters sorag böwrüme dürtülýär. Ýok, daýhan hakyky daýhan, işçi hakyky işçi, ýolbaşçy hakyky ýolbaşçy, dindar hakyky dindar bolsun. Ýöne olaryň hemmesine-de günä işlerden saklanmak, sogap işe dowtalap bolmak mahsus bolsun. Men halkymdan şuny isleýärin.

Harama kowalaşmak, edardan alýanyň daşyndan gyrp-çyrp etmek endigi gynansagam şol döwrüň özi ýaly arkamyzda, geçilen etap ýaly yzymyzda galmady. Indi ol has çylşyrymly hem has uly göwrümdäki bela öwrüldi. Käbir adamlaryň körlügi haram näçe ulalsa-da ony görmez ýaly derejä ýetdi. Bu körlükden olar nädip saplanyp biler? Ilkinji nobatda nasaglaryň nasaglandyklaryny boýun almaklary zerur. “Men kör däl” diýip uçut gaýanyň gyrasyna barýan adama edip biljek kömegiň ýok. Emma “Men nirä barýanymy göremok, maňa kömek ediň” diýen adamy elinden tutup lukmanyň ýanyna eltse bolar.

Lukman kim? Olar diňe bir ynsanyň däl, döwrüň keselini kesgitläp bilýän hakyky ýazyjy-şahyrlar, sungat işgärleridir. Olar öz paýlaryna şeýle jogäpkärli işiň düşýändigine düşünmeseler “dertli bendelere” sagalma ýok. Agy-garany ýaňy saýgaryp ugran ogul-gyzlardan başlap, döwlet işinde işläp ýören kakalara, ejelere çenli hemmelere şol lukmanlaryň kömegi gerek. Olaryň kömegi bilen görmeýänler görüp başlar, görýänler has ýiti görerler. Edebiýatyň çöken ýerinde toý şagalaňam, depiňe bat berýän estrada-da, dabaralary söýýän şygarparazlaram halkyň ruhuny göterip bilmez. Çünki ruhuň göterilmegi üçin ýüregiň sap, gözüň ýiti bolmagy gerek. Günä eden müýnli adamyň aňsat-aňsat gadamy batly, ýöreýişi dürs bolmaýar.

Türkmen halky Gorkut atany ýazanda kagyzyň ýa deriň bahasy, syýaň bahasy, iň esasysam eklenç üçin wagtyň bahasy nähili gymmat bolandyr?! Ony köşgüň bol-eliň durmuşynda ýaşan köşk şahyrynyň ýazmandygy belli zat. Emma hernäçe gymmadam, kynam bolsa türkmen onuň ýazylmagynyň zerurdygyna düşünipdir. Ol özüniň gözüniň gapylmazlygynyň aladasyny edipdir.

Ýa Magtymguly Pyragy, elinden dur dökülýän zergär. Oňa goşga güýmenen bolup oturmagyň nämä geregi bolduka? Ol halkyna “Sogap işe güýmenewer” diýmegi özüňe borç bilipdir. Çünki ol döwrüniň lukmanydy. Halkyna günä işi etmezden ozal elini köze goýup, dözüp bilseň kylgyl bu işi diýip aýtmalydy.. Iň bolmanda Gurbannazar şahyr ýaly ýürejiginden syzdyryp:

“Säher turup syl ýüzüňe çagaňy,
P
äkligiňde bolup bilseň şonça bol”

diýip gygyrylmagy ähli döwürlerde-de zerur, hatda altyn asyrda-da olaryň zerurlygy pese gaçmaz.

Açyk, medisina babatda sagdyn emma görmeýän gözler diňe bir halal haram babatda däl, gaty köp gymmatlyklary görmekden mahrumdyrlar. Olar günälere bogulyp ýatan sowetler döwrüne dolanmak isleýärler. Olar laýa öwrenen gurçuklar mysalydyr. Olar edil kesel ýaýradyjy wiruslar ýaly ömürlerine mahsus hereketleri bilen töweregi hem zäherleýärler.

Ýene-de halkynyň dadyna ýetişmeliler lukmanlardyr - ýazyjylar, şahyrlar, kino, telewideniýe işgärleri, heýkeltaraşlar, hudožniklerdir. Olaryň galamynyň ýitiligi şol “wiruslaryň” güýjünden birjikde pes bolmaly däldir.

Görogly ýaly gerçek, mert ýigidiň obrazyny döreden halk näme üçin öz gahrymanyna Bezirgen dostuny öldürdip, Aysoltanyň - bir naçaryň öňünde günäkär edip, soň bolsa özüne “Namart Görogly men boldum” diýdirdikä? Ussatlygyň hatyrasynamy? Ya ol başarjaň ýazyjynyň ösen fantaziýasyny açyp görkezmegimi? Ýa-da eser gyzykly bolsun, şol bir akymda bolmasyn diýlip edildimikä? Ýok. Şeýle galamy ýiti halk olar ýaly ownuk maksatlara gulluk edip bilmez. Ol öz döwrüniň “wiruslary” bilen göreşýär. Ol wirus badyhowalyk. “Görogly” eposynyň “Bezirgen” şahasy badyhowalyk keseline garşy halk aňynda geçirilen halas ediji, dermanly sanjymdyr. Görogly, çarygyna bakýan Aýazhan, halal teňňeden bir teňňäni saýlan Mämmet jan... bularyň bary badyhowalykdan daş, asuda, sylaşykly, sadalygy bilen beýik, göwniaçyk, halalsöýen häzirki türkmen milletini kemala getiren gudratlar dälmidir eýsem? Olar türkmeniň gözlerini ýitelden, kalplaryny arassalan, aň-düşünjelerinde halallygy ösdüren lukmanlaryň deňi-taýsyz dermanlarydyr...

Deň-duş, dostlarymdan biri: “Dynç almagy başarmaýan, işlemegem başarýan däldir” diýdi. Biz nädip dynç alýarys? Ol bize başardýarmy? Dynç almak, dünýä nygmatlarynyň keýpini bilmek, olardan lezzet almak iň bir aňsat zat ýaly. Emma ynsan ogly dynç wagty, keýpi-sapadaka köp babatda gowşaýar. Onda höwes artýar, talap edijilik peselýär. Mysal üçin, toýda şadyýan wagtymyz, höwesimiziňem artan wagty gözümizde ýitilik ýok, paýhasymyzda durulyk. 1960-70-nji ýyllarda türkmenleri hakyky türkmenliginden azaşdyrmagyň ýoly hökmünde, ýaşlary ele almak üçin sowet propogandasy komsomol toýlaryny döretdi. Şol wagta çenli toýam bolsa ýygşyrylyp, obaň ýaramazyraklary diýlip hasap edilýänleriň içýän aragy hemmeleriň öňünde açyk goýuldy. Tost aýtmak, şondan soň bolsa hemmeleriň içmegi kada boldy. Toýa barjak bolsaň indi hokmän arak içip bilýän bolaýmalydyň. Onsaň hatda ene-atalar ogullarynyň arak öwrenişlerine göz ýummaly boldular. Mekdebi gutarmagyň toýy, harby gullugyna ugradyş toýy diýen ýaly ýaşlary azdyrýan toýlar diş toýunyň, galpak toýunyň ýerini doldurdylar. Stol bezäp, soň olaryň üstüne güjeňleýän ýaly edilip goýlan nygmatlary çagalara aldyrmajak bolmak terbiýeçiligiň köküne palta urýan dert boldy. Çagalarda biedepligi ösdürdi. Ýaşlarda utanç-haýadan atlap geçmegi, ulularda bolsa şöhrata kowalaşmak, at etmek, töwereginden kem galmazlyk ýaly dertleri döretdi. Ol toýlar edil şol döwürlerdäki halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi ýaly, halk ruhunyň göýdükliginiň gazananlarynyň sergisidi. Ol sergä tomaşa edýänler üýşüp arak içmegi, bukulyp neşe çekmegi, yrsaraşyp uruşmagy... gördüler öwrendiler. Ol halkyň agyr derdi. Biz altyn asyra şu derdimiz bilen bararysmy? Kim bizi ondan halas eder?

Ýadyma düşyär, Gypjak obasynda birden ölüm-yitim känelipdi. Gölegçiler öwliýäden çykmaýardylar diýen ýalydy. Ahyry obaň ýaşulylary maslahat edip, bu belanyň düýp özeni toýlarda aýdylýan bozuk aýdymlardan diýen karara geldiler. Şondan soň ep-esli wagtlap Gypjakda toýlara şol döwrüň ýaramaz aýdymçylary çagyrylman türkmen toýlary toýlanyp başlandy. Bu däp goňşy obalara-da geçip ugrady. Şeýdip toýlarda bozuk aýdymlaryň aýdylmagynyň öňi alynypdy. Häzirki günümiziň toýlary hakynda-da ýaşulylarymyz belki degerli sözlerini aýdarlar. Toýlary halkyň öz ruhuna ýakyn şekilde geçirilmegi, sowet döwründen saklanyp galan düzgünleri toýlarymyzdan saplamagy başarmaga gaýrat tapmagymyz gerek. Günä işlerden saklanmagyň sogap işi edeniňdäkiden altmyş esse sogabynyň bardygyny ýene bir gezek ýatlalyň. Çünki günäden saklanmak diýmek özüňi haýyr işe ukyply adama öwürmek diýmekdir. Dynç alşymyzy günäden saplap bilsek iş edenimizde-de sogap işe erjel ýapyşarys.

Ozallar men gözellik diýseler gök meýdan, tokaýlar, çyrpynyp ýatan deňiz, ala garly dag, keýikler... umuman tebigat göz öňümde janlanardy. Emma agasyny görenine begenjinden ýylgyryp gelýän iniň salam berip saňa uzan gollaram gözellik eken. Oňa kömek edesiň geler, olam gyr-çytyr seni goldajakdyr. Nähili gözellik! Pygamberimiz ähli musulmanlar biri-birine dogandyr diýende belki ymmatynyň şeýle gözellikde ýaşanyny isländir. Dogan dogana diňe gan taýdan ýakynmy näme? Doganlar her näçe biri-birlerinden tapawutlansalaram olaryň arasynda ruhy ýakynlyk, ruhy bütewilik bar. Hatda gany bir doganlaryň arasynda-da şol ruhy birlik bolmasa biziň höwes eden gözelligimiz döremeýär.

Bize Hudaý ýokdur diýip öwretmäge jan edenler ösüş bir-biregi inkär etmekdedir, jedeldedir, gapma-garşylykdadyr diýip öwretmäge hasam yhlas etdiler. Şeýdip olar iki doganyň biri-birini inkär etmegini, ogulyň kakasynyň aýdanlary bilen ylalaşmazlygyny, aýalyň adamsy bilen hukuklaryny deňeşdirip sylaşykdan geçilmegini... başarsalar iki eliňem biri-birine jet bolmagyny gazanmakçydylar. Şeýle ýagdaýda gybat ösýär, ýalan ýol alýar, akyla sygmajak bikanunçylyklar uly ýaraga öwrülýär. Biri-birini inkär eden adam toparlara bölünip, edil ýer şarynyň polýuslary ýaly biri-birinden şeýle uzak hem sowuk şekile geçýär. Ol biziňkilerdenmikä diýen sowal beýnä çümen buz gyýçagy ýaly bolup durýar. Bu betnyşanlyk, bu bedroýlyk bize gapma-garşylygyň getirjek ösüşimi? Kakam aytmyşlaýyn, şeýle ösüşiň tüf ýüzüne!

On iki synan kuwwaty bir kellede ýerleşýän beýnä tabynlygyndadyr. Bir beýnä gulak asýandyklary üçin iki el mydama sazlaşykly iş eder, iki aýak adamy aklyňy haýran edýän ýadawsyz sazlaşyk bilen ýöreder!

Dogry, dürli pikirler, dürli ugurlar, dürli görüşler bar. Emma haýsy hem bolsa bir ugur saýlanmasa aýaklar ädilmez, belli bir, ýeke-tak netijä gelinmese pikirler dagar, görüşler dürli bolanda-da göz bir zatda saklanmalydyr. Çünki Alla bir, her döwletde prezident bir, her maşgalada maşgalabaşy bir. Aňyrdan gelýän iniňe: “Dur men saňa salam bermegi öwredeýin” diýseň, olam saňa: “Dur agam men saňa salam almagy öwredeýin” diýse biziň salamlaşyşymyz owadanlaşmaz. Gaýta tersine biz salamdan galarys. Sen maňa öwret, menem saňa öwredeýin. Bilmeýane öwrediler. Emma ilkinji nobatda göreldäň bilen, zähmetiň bilen, tapawutlanýandyň bilen. Çünki sen meniň doganym. Çünki men saňa dogan. Çünki ikimiziň ruhumyz dogan!

Allaha ýüzde-müň şükür edýärin, şü ýazgylarym bilen şükür edýärin.

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center