
Eziz Annamyradow
Nowruz
16, 2004. Dünýäniň iň uly kynçylyklarynyň
bir bolan parahorlyk maddy zyýany uly bolup, asyl bu ruhy keseldir. Kiçi zat
bilen ogurlyga başlan adam “aý, tutulmadymlaý!” pikrine gidip,
ogurlygyň yzy üzülmeýär. Bu onuň ruhyna jaýlaşýar we adamdaky
wyždanyň berýän biinjalygy ýuwaş-ýuwaşdan gidýär.
Bu keseli Orsiýetdäki Ýukos kompaniýasy, Türkiýedäki Uzan topary, Indoneziýadaky Suharto maşgalasy bilen örän oňat bilýäris. Bu parahorluklaryň hötdesinden gelmek üçin dünýäniň ähli künjeklerinde dürli çäreler alnyp barylýar. Hatda Malaýziýada “Parahorluga Garşy Göreş” guramasy (Anti-Corruption Agency) hem bar. Gynansakda bu kesel ülkämizde-de giňden ýaýran. Hanamow, Yklymow, Şyhmyradow, Orazow, we birnäçe mälim şahsyýetler ogurlany-ha ogurlany, yzyndan daşary ýurda gaçyp gidip, özlerini nädip “oppozisiýa” we “demokrat” diýip yglan edip bilýär? Galyberse-de ‘it doýsa, ogurlyk eder’ diýişleri, beýik serdarymyzyň janyna kasdetmäne synanşyp, hökümeti zorlyk bilen ele geçirmäne ymtylyşlaryna näme diýjek? Dogry, ýokarda oturyp arkaýyn halkyň puluny iýip oturmaly-da.
Parahorlyk ogurlygyň bir görnüşi bolan soň, bu hem bir ruhy keseldir. Munyň düýpki çözümi ruh kämilligidir. Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 2001-nji ýylyň sentýabr aýynda, ilimiz üçin mukaddes häsiýetleri içine alýan Ruhnama kitabyny sowgat berdi. Serdarymyz parahorluk bilen göniden göreşişi ýaly, geljek nesiliň kämil ruhda ýetişmegi üçin şu wagtdan alada edýär. Birnäçe jemgiýet keselleriniň çözgüdi, edil parahorlukda boluşy ýaly Ruhnamadaky mukaddes häsiýetlere eýe çykmalydyr. Ol görkezmeler ýeke kagyzyň üstünde galmaly däl, bu häsiýetleri durmuşa geçirmeli.
Ýetmiş ýyllyk soýuzyň astynda kommunizm propagandasy bilen “sosialistler aldamaz, ýaşasyn kommunizm!” ýaly sözler giňden ýaýrandy. Kommunizmiň soňky 30 ýyly iýjek-işjeklerimiz gelip dursa-da, döwletimizden alynan baýlygyň hasabyna deň geler ýaly maýa goýum hiç edilmedi. Ol iýjek-işjeklerem şol bir zatlardy, hili hem, tagamy hem, önümem birdi. Kommunizmdäki demir perde sebäpli bazarymyzda dünýäki önüm görnüşleriniň ondan biriniňem ýokdugyna göz ýetirip bilemzokdyk. Baýamana mümkinçilik ýokdy. Işleseň-em, işlemes-em şol bir aýlyk. Adamlaryň aňyýeti ösüşi pikretmez ýaly düzülen bir ulgam bardy. Ýagny gozgalaň turuzulmaz ýaly. Birem halky, bagyşlaň söz ýerinde däl bolsa, ‘haýwan’ ýaly öz tejribeleriniň gurbany etdiler. Birinji ahmak (Lenin) halky “açlyk eksperimentinden” geçirdi, ikinjisi “Sibiriň sowugynda bugdaý ekin” tejribesiniň ýany bilen “watan duşmanlaryna” garşy göreşdi. Yzyndan gelenlerem, “mekge tejribesi”, “iş wagty daşarda bolmazlyk” tejribeleri bilen dowam etdi. Galyberse-de Türkmenistanda Garabogazy guradyp eksperiment geçip ýörenler, ekinleriň azotlaryny köpeldip toprak zaýalap ýörenlerem boldy. Halk özüniň eşretli saýan günlerini ýada salsynlar, bir maşyn almak üçin parlamentdäki agzalaryň berjek sesiniň netijesinde beriljek kwitansiýasyna bagly bolandygyny.
Şükür indi, ol günlerem geçdi. Meniň bu zatlaryň samranymyň parahorluk bilen näme baglanşygy bar. Aýdaýyn… Bir topar kemçiliklere garamazdan umumy halkyň moral ýagdaýy arassarakdy. Halk dürüsdi. Munyň sebäbi “sosialist aldamaz” propagandasynyň arkasynda, halkyň iýjeg-işjegi gelip durdy. Ýagny propaganda çüýrük hem bolsa daýanara bir öresi bardy. Emma çydamsyz bolan bu ýasama öre ýykylandan soň, moral ýagdaý düşdi we halkyň içinde ogurlygam-jümriligem köpeldi.
Ynha edil şol öre çydamly, ýykylmajak öre bolmaly. Olam biziň Hudaýyň bardygyna we birdigine ynanyp, ony söýüp, ondan gorkmagymyzdyr. Hudaýdan gorkmadyk adam ogurlykdan çekinmez. Serdarymyzyň Ruhnamany ýazanynyň sebäplerini biri, Türkmeni asyrlarça dik tutan bu çydamly öräni gaýtadan dikmekdir. O öre ýykylmandy, o öre çykarylyp zyňylypdy, ýerine çüýrük öre goýulypdy.
Ogurlyk edende “aý başlyk görenog-a!”, diýýän adam, başlyk görmese-de, Allanyň görýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Galyberse-de haram pul bilen doly bagt tapan adam ýok. Haram bir bolup girse, iki bolup çykar. Hatda Ruhnamada öň prezidentimiz bilen bile işleşen biriniň ýazan haty ýer alýar (sah.346). Iki ogluny hor etmejek bolup ýygnan haram pullary bilen maşyn we öý alyp berip, netijede bolsa olaryň biri awariýa bolup oňurgasyny ýazdyryp, ömürlik düşekde geçirmeli ýagdaýa düşendigini ýazypdyr. Beýlekisem bolsa jalaýlyk edip ýörşine, yzyndan gerreçi bolup gidipdir, kakasy bolsa mundan giç habary bolupdyr. Aýaly bu weýrançylyga çydaman ölüp gidipdir.
Asrymyzyň beýik alymlaryndan biri “Halalyň ýoly şeýle giň, harama girere hajat ýok”. Dogurdanam, güýmener ýaly bir topar halal ýol bar. Hökmän arag içip laý-läş bolup ýatmaly diýilen zat ýok. Aýdym diňläp ýa-da aýdyp, toýda tans edip, boş wagtlar degişmeler aýdyşyp oturmak, futbol oýnamak hem güýmenjedir. Pul meselesinde bolsa halal baýap hem bolýar. Netijede üýşürjek baýlygyňy öleňde gabryňa ýanyň bilen alyp gidip bilmeýäň. Magymguly “Halala hasap bar, harama azap”, diýişi ýaly, haram pulyň getirjegi zat ýeke azapdyr. Haram pulda bereket ýokdyr. Maşgalany – ojagy ýykmakdan başga hiçzat etmeýändigini bilmelidiris.
Illeriň ýalňyş tejribelerini özüň synap edip görmek ýaly erbet zat ýokdyr. Biriniň oda bökenini görüp, şondan oňat netije almandygyna göz ýetiribem, zäherli baly datmak neneňsi akylsyzlykdyr. Şol sebäpli Ruhnamany ýygy-ýygydan okap durmaly, bir ýalňyşy etmezden öň “ýedi ölçäp, bir kesmeli”.
Şu pursatdan peýdalanyp ýurt baştutanymyza peşgeş beren Mukaddes Ruhnamasy üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýän. Başyň dik, ýurdyň abat bolsun eziz Serdarym!
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center