Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Jahan Kubogy’2006

Ýigitlerimiz Germaniýa Kubogyna Saýlanşykda

Aýratyn  Bölüm

Türkmenler Aziýa Çempiony Bolup Bilermi?

Abdy Rahmanow

 

Oguz 11, 2004. Dostluk oýnunda Wladimir Baýramowyň gyzyl kart alyp oýundan aýrylmagy netijesinde asyl topardan 4 adamyň oýnan 10 kişilik toparymyz Katardan 5-0 ýeňilmeginden soň, asyl düzüm bilen meýdança giren ýygyndy toparymyz düýn Jahan Kubogy'2006 taýýarlyk nobatdaky oýnuny saudylaryňkyda myhmançylykda oýnadyk. Gynansak-da netije umyd edişimiz ýaly bolmadyk. Emma obýektiw nazardan garanda Aziýanyň ýyldyz ýygyndysyndan ýeňiş garaşmak has makuldy. Milli ýygyndymyzyň 3-0 ýeňilmegi ýagdaýy kynlaşdyrýar elbetde, sebäbi tapawudy öňümizdäki oýunlarda ýapmak kyn bolar. Biziňkiler araplary öýümizde uly tapawut bilen ýeňmeli bolar. Şeýlelikde ermeniler we katarlylardan soň türkmenleriň bu ýyl 3-nji halkara oýunda utuluşy boldy. Saudylar bu oýun bilen Aziýa kubogy üçin hem umytlandy.
Meşhur Ýewropa sport telekanaly ESPN türkmen ýygyndysynyň oňat goýum goýulyp üns berilse arkaýyn Aziýa çempiony bolup biljegini belläp geçdi. Gysga wagtda halkara orunlamasynda 124-nji ýerden 96-njylyga çykan toparyň barhada gowulaşýandygyndan şübhe ýok. Dört ýyl öň halkara metbugatynda kän agzalmadyk milli toparymyza şu wagt hökümet has köp üns we hemaýat berýänligi sebäpli dünýä metbugatynyň ünsüni çekýär. Belki bu ýyl çempion bolmarys, belki indiki gezekde bolmarys. Emma ýaş ülkämiziň abraýy 10-20 ýyl soň sport pudaklarynda-da göteriljegine ynamymyz bar.
Şu milli ýygyndymyz umytdan düşmeli däl. Laosy we Indoneziýany uly tapawut bilen ýeňip, gol sanynda saudylaryň öňüne geçmeli we araplara asla mümkinçilik döretmeli däl, we hökmän ýeňmeli.
Milli ýygyndy toparymyza üstünlikler dileýäris.

Indoneziýa Synagyndan Geçdik

Abdy Rahmanow

 

Gurbansoltan 1, 2004. Halkara ýagdaýy bilen ýakyndan kän tanyş bolmadyk toparymyz Indoneziýanyň, milli toparymyz bilen oýnajak oýnunda görkezjek netijeleriň nähili boljagyny gaýgy edýärdim. Elbetde öýümizde olary 3 – 1 ýeňmek başartdy, emma ýene-de umytlar sönük däl. Indi sabyrsyzlyk bilen Oguz aýynyň 9-ny garaşýan. Saudylar Indoneziýany tämiz 3 – 0 ýeňipdiler. Elbetde bu Saudylaryň ussatlygyny ýene-de subut edenok, sebäbi biziň 2 – 0 hasaby bilen utan Şri Lanka toparymyzy, olar ýekeje gol bilen ýeňmegi başardy. Şri Lankanyň adyna iň üstünlikli oýun Nowruz aýynyň 31-ndäki oýun bolsa gerek. Sebäbi araplardan bary-ýogy bir gol bilen halas bolupdyrlar. Emma doly bir netijä gelip bolmaz, sebäbi bu netije Şri Lankanyň oňat taýýynlanandygyna subutnama hem bolup biler. Biziň-em, saudylaryňam iki oýunda iki ýeňişi bar. Indiki oýun üçin umytsyz boljak däl, emma araplar öz meýdançasynda peýdalanmagy oňat başarýandyr diýen kanagatym bar. Indoneziýa – Şri Lanka oýny meniň pikrimçe Indoneziýa ýeňşi bilen jemlener. Indonezleriň janköýerleri stadiony doldurar, bulam Şri – Lankany ruhy tarapdan düşürmegi mümkin.

Nobatdaky Şri Lanka Ýeňişimiz

Abdy Rahmanow

 

Baýdak 19, 2004. Şri Lankanyň ýene bir gezek ýeňmegi başardyk. Oýuny seredip bilmändigim sebäpli biziňkileriň we olaryň nähili oýlandyklary barada pikir döredip bilemok. Emma netije kanagatnalarly däl diýip pikredýärin. Şri Lanka toparymyzda görnüşine görä ejiz topar. We Saudy Arabystan Indoneziýany 3-0 ýeňdi. Iki toparam FIFA orunlamasynda bizden öňki hatarda ýerleşýär. Elbetde FIFA orunlamasynyň hiçhili netijä geler ýaly bir ýagdaý däldiginiň mysallaryny öňem gördik. Indiki oýun indiki aýyň ahyrynda Indoneziýa bilen öz öýümizde oýnaýarys. Bu topardan örän seresap bolmaly. Belki futbolda indonezleriň ady çykan däldir, emma futbol indonezleriň durmuşynda örän wajyp ýere eýe. Men 2002-nji ýylda Indoneziýa gezmäne gidenimde paýtagt Jakarta bilen Banduň şäherine otly bilen syýahat edip barýarkam 4 sagatlyk ýolda, her 5 minutlyk aralykda uly üýşmeleň bolup futbol oýnaýandyklaryna üns ýetirdim. Oýnaýanlaryň ýaşlary ortaça 13-35 aralygynda. Bir-em bellemeli zat, biziň ülkämizdäki ýaly ýöne güýmenje üçin oýnaýanlar ýaly dogry gelen eşik geýip gelenok. Örän guramaly ýagdaýda, we her toparyň öz formasy bar. Biz bu topar bilen deňe-deň hem galmagymyz hem howply. Meniň kanagatym Aşgabatda olary az 2-0 ýeňmeli. Sebäbi 1-0 ýeňsek olaryň öýünde 2-0-lyk tapawut bilen ýeňilsek, olaryň netijede bir gollyk üsünligi bolar, we ahyrky netijelerde bir topar bilen deň baha ýygnan ýagdaýymyzda golara serediler. Uly tapawuda ýol bermeli däl, sebäbi gezekgi oýunda garşydaşymyzy uly tapawut bilen ýeňmeli bolar. Oglanlara goldaw bereliň. Döwlet maddy goldaw berýär, metbugat-am ruhy goldawyny kem goýmaly däl. Şol sebäpli Altas Toparynyň astynda biz “Nokatýaýlym bölümi hökmünde sizden-em öz goşandyňyzyň bize ýollamagyňyzy garaşýas.

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center