
Eziz Annamyradow
Gurbansoltan
2, 2004. Kakasy uly işde işleıän käbir ıaşlaryň
hondan bärsi bolup şäherde maşyn tozadyp uçuryp ıörendigini görmek
elmydama mümkin.
Bularyň hiçkime azary ıetmän, näme haram
işleriň yzyndan kowalaıanam bolsa hiç welin, ıaňy ıakynda bir
dostum, şolaryň käbirleri bir zada gazaplanan mahaly gyşyň
sowugy, ıazy yssysy diımän şäheriň köçelerini arassalap ıören päk ıürekli
daızalary bilgeşleıin kakyp geçip, gaharlaryny şolardan çykarıanlarynyňam
bardygyny eşitdim welin, ıeňsämden aşak dogry sowuk bir der
akdy.
Ol garamaıak daızanyň arkasy ıok diıip beıle
wagşylyk edibermelimikä? Asuda,
Dogrusy ol daızalar öıündäki garagöz çagajyklaryna
ryzkyny ıetrijek bolup, gara der işleıär. Alıan aılygy iıjek-işjegine
ıeterlik, emma baı maşgalalaryňky ıaly keıpe-sepalata sowarlyk ıetenok-am.
Ol daızalara käte awtobuslara ıer berilmeıär-em, gynansak-da.
Eı Allajan! Sen örän adyl! Kimlerini sylaıaň,
kimlerini synaıaň! Synagygda bize mizemez, ummasyz sabyr ber! Arkasy
bolmadyklara arka çyk, eı Halyk, eı Rahman, eı Jepbar! Dostlardan iň
sadyk, iň wepaly sensiň! Dosty bolmadyklara, wepalylyk et, el uzat, eı Hudaı!
Eziz Annamyradow
Nowruz 5, 2004.
2002-nji ıylyň Bitaraplyk
aıydy. Aşgabatda Winzawodyň ıanydan
geçip barıardym. Bir ıerde işim bardy, howlukmaçdym. Birdenem sähel öňrägimde bir daıza elinde
agyr ıük, kiçiräjik ogly bilen bir ıere
barıandygyny gördim.
Çalt ıöräp olary geçip barıarkam
daıza maňa ıüzlenip: “Jigim, şu sumkamy şol swetofora çenli göterişip bilermiň?”, diıip, daızanyň päk ıüzünden, süıji
dilinden beıle süıji ıagdaıda sözleriňi dökülişi içimden geçdi. Bir bada Aeroprtdaky
Ystanbuldan gelıärkäk aeroprtdaky söwdegär daızalaryň ıüküni göterişmäne kömek soranlarynda göni ıok diıip öwrenşip
gidenimdenmi, näme, şol daıza-da “Daıza men howlukmaç,” diıip sypaıçylyk edenimi duımany galdym. Bir salym ıöränden
soň beınimden atylan ıaly boldym,
emma yzyma
dolanyp daızanyň agyr ıüküni göterişmäne
batyrlyk ıygnap bilmedim.
Eı, Hudaı Jan! Sen meni
synagdan geçirdiň, men
bolsa ıykyldym. Bagyşla eden
günämi! Bu tenimi, güıç kuwwatymy beren Sen! Bu saglykly
amanadyňy Seniň ugruňda bir adam kömekleşip
ulanyp bilmek pursady elime geçen
mahalyna depip goıberdim.
Eı, Alla Jan! Maňa şol pursady gaıtadan ber! Şol daızany maňa
gaıtadan duşur.
İüki ıeke çyra çenli
däl, öıüne çenli hem eltip bererin.
Eı, daıza! Senem meniň günämi geç! Kim
bilıär belki sen keselhanadaky bir hassa ıakynyňa
nahar äkidip barıardyň. Belk-em esger ogluňa
görmäne uzagrak bir ıerden gelipdiň.
Belkem wokzala otla ıetişjek
bolup howlugyp barıardyň.
Nirä barıardyň bilemok, emma
meniň öz ejemiň ıerinde şeıle ıagdaıa düşmegini islemezdim dogrusy. Bir-em birinden kömek
sorandan soň el uzadylmasa ikinji adama soramana ıüz bolmaıar. Seni beıle umytdan-am
düşürenim üçin-em bagyşla, daıza!
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center