Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Ynsanlyk İazgydy

‘Gije 2-3 sagat ıatandan soň oıananymda, bir waka ıadyma düşdi. Unudup

gaıtadan uka gitjek boldym, emma bu barada eden pikrim kellämi iıdi, gemirdi.

Şol sebäpli şu ıazgyny ıazmagy kelläme düwdim.’

Jemgiıetimizi Nämeler İykar?

Eziz Annamyradow

 

“Dillerniň ujundan köp ıalan sözläp,

Kalbynda sen kimin bolasy geler.”

 

Gurbansoltan 21, 2004. Akyş Saparyň bir albomunda goşgy hökümde “…Dillerniň ujundan köp ıalan sözläp, / Kalbynda sen kimin bolasy geler,” diıen setirler geçıär. Edebiıatdan mahrum bolanym üçin, bu setirleriň kime degişlidigini bilemok. Emma muny Pyragy diıenem bolsa, günümüzdäki bir şahyr hem diıen bolsa, nähili dogry sözdügini aıdyp oturmagyň zeruryıeti ıok.

 

Munyň iki ıyl öň bir wakadan soň göz ıetirdim. Bu wakadan öňem 1-2 ıagdaıa şaıat bolupdym. We bu wakalar gynansak-da aramyzda dar gursakly, dar düşünjeli adamlaryň sany-çägi ıokduguna subutnamadyr.

 

Asyl aıtmak isleıän wakamdan öň bir-iki zat aıdyp geçmek isleıän. Meniň bu wakadan öňki we soňky düşünjelerime göz ıetirip bilersiňiz. Hatda siziňem şeıle pikredıändigiňizden hiç şübhe duıamok.

 

Bir näçe gezek käbir adamlaryň başgalarynyň üstünliklerini ıa-da aıratynlyklaryny siňdirip bilmän, öz aralarynda gyıbat edendiklerine şaıat boldum. We bu örän uly milli kesel ıagdaıyna gelendigine göz ıetirdim. Bu gyıbatlary, öňler men halys ıürekden, gynanç bilen aıdylıan sözlerdir öıdıädim. Emma munyň beıle däl indiler has gowy düşünıän. Mysal ıanymyzdan 40-45 ıaş arasynda bir ykjam telefonda gürleşip geçip gitdi. Yzyndan bolsa ıanymda duran şol ıaşlar töwereginde-de bir-iki erkek adam ‘Bolup ıörşüni’, ‘köwek’, ‘magtançyk’, ‘näme, baılygy içiňe syganokmy’ ıaly sözler sarpetdiler. Ol wagt ıaş bolanym üçin, bu sözleri halys içinden aıdıandyrlar öıdıädim. Belki ykjamly adam hakykatdan-da köwek bolup biler. Emma onuň gyıbatyny, hasabatyny etmek bize galmandyr ahyryn. Adam halaldan-haramdan gazananjasy bilen satyn alypdyr. Haram alan bolsa, gaıgy etme Hudaı iki-üç essesi bilen alar. Halalyndan alan bolsa, diımek halal alyp bolıar, gyıbat etmegiň ıerine, halal gazanjyň ıollaryny yzarla. Meşhur hytaıly filosof Konfiçıuz: “Garaňkylyga sögmegiň ıerine, bir mum (şem) ıak!” diııär.

 

Bir gezek Aşgabatda bir taksa münenimde, sürüji ıanynda oturan bilen gep gurjak bolup otyrdy. Ol-am öz pikirlerini beıan edende, taksist-em ony goldaıardy. Ol müşderi düşenden soň bolsa taksist bize onuň gyıbatyny etdi. We ıanymdaky başga bir müşderi bilen gepini dowam etdi. Sürüji bu gezek onam goldady, emma bu hem ol müşderi düşmeli ıerine gelıänçä dowam etdi. Ahyr-am aılanyp gezek maňa gelenini aňdym, menem ‘bilemok, agam’, ‘bolup biler, agam,’ diıip öz pikrimi beıan etmekden saklandym. We eger şeıle diıen hem bolsam, arkamdan gyıbatymy eden bolsa hiç haıran galjak däl.

 

Bahyllyk, göriplik näçe baıam bolsaň, garybam bolsaň bir ıerden çogup çykıar, özüni belli edıär. Käbirleri muny gyıbat etmek bilen içini sowatjak bolıar, käbirleri palmança gidip doga okatdyran bolıar, wşm. (men bärde o zatlar barada aıtmakçy däl).  Seniň kyn günüňde baıram, bagtly günüňde bolsa ıas edıär. Emma göriplik näme getirer? Bahyllygyň eltjek ıeri nire? Sen ile zyıan bermek isleseň-de ruhy taıdan asyl sen öz içiňi gemirip iıip bitrıäň, we özüňi bagtly duıaňok… Peıdasyz işler bilen meşgullanmak nirä elter? Bary-bir halal-haram gazananyňam öleniňde ıanyň bilen alyp gidip bilmeıäň. Eger biriniň aıratynlygy we üstünlügi bar hem bolsa, onuňam seniňem soňuň ölüm boljakdyr. Hudaıyň öňünde deň hasap berersiňiz…

 

Ykjamlardan galan ıerimizden dowam edeli…. Şu wagt ülkämizde ykjam eıesi bolmak nähili kyn we gymmat bolsa-da, daşary ıurtlaryň uly böleginde bu eııam adatdan daşary zat däl, we herkimde bar, we bolaımal-am. Arzan bolsa çagalaryň herbirine birini alyp beräımeli. Sebäbi ogluň ıa gyzyň ıolda yzda ıitäıse jaň edip soraıar ıaly. Emma biz bu zatlary bahyllanyp gyıbatyny etjek bolsak, ykdysady taıdan össek-de, medeni we ruhy taıdan bir ädimem süışip bilmeris. İaponlar bizden akyllydyr öıdıäsmi? İalňyşıas. Men arkaıynlyk bilen aıdyp bilerin türkmenler olardan kem däl, hatda hasam akyllydyr. Biz kommunizmiň kynçylyklaryny, urşyň yzy-ıanyndaky açlygy başymyzdan geçirip gören adamlar. Biziň durmuşa garaışymyzam tapawutly. Hatda İaponiıanyň hiçhili tebigi baılyklaram ıok. Hudaıa müň şükür, bizde mizemez, ummasyz baılyk bar. Emma ıaponlar ıaly ösjek bolsak, onda bahyllanmagy däl-de, arkalaşmagy, dostuň bagtly gününde-de, kyn gününde-de ıanynda bolmagy başarmaly.

 

Indi asyl waka: Meniň Myrat adynda bir dostum bar. Ol iki ıyla golaı bir kompıuter aljak bolup pul ıygnady. Stipendiıasyndan agyşdyrdy, boş wagtlar işledi. Soňam kän oňat bolmasa-da dizüsti kompıuter (notebook) satyn aldy. Dizüsti alanynyň sebäbi ıanyňda syıahat edeniňde ıanyň bilen göterip bolşydy. İogsam birazrak gymmadrakdy we gaty ıuwaşdy. Emma ıolda-yzda 5-6 sagatlyk ıolda iň bolmanda aıdym diňlemäne, film seretmäne ıeterlikdi. Biz bir gün 3-4 oglan bolup Türkiıä syıahata gitdik. Şonda ıolda-yzda gezekleşip Myradyň kompıuterini ulanıardyk. Türkiıäni 1 hepde gezip bolandan soň yzymyza Türkmenistan Howaıollary uçary bilen yzymyza geldik. Şonda 4 sagatlyk ıol bolany üçin uçaryň içinde-de gezekleşip ulanmana dowam etdik. Şonda ahyrky gezek Myradyň özünde gelipdi we ol aıdym diňläp, kompıuter öňünde açyk ıatyp galypdyr. Aşgabada gelip gonanymyzda aeroportda düşen 25-26 ıaşlarynda iki ıigit çilim otlap öz aralarynda gepleşip durdy. Biri beılekisine “Notebook-y öňünde açyp goıupdyr, özem uklap ıatyr. Köwek,” diıenini eşidenimde ıüzüm ak-tam boldy. Eger men Myrady tanamadyk bolsadym bu barada hiçhili pikir beıan etmezdim. Emma Myrat biziň aramyzda iň ak-ıürekli, sada we okuwlarynda-da üstünlükli adam. Onuň köweklik, güjeňleme bilen hiçhili baglanşygam bolup bilmez. Bu iki ıaş ıigit özlerinde ıok kompıuteriň bahyllygyny içinden şeıdip çykaryp durdy. Men hiçzat diımedim. Sebäbi adamlar belli bir ıaşdan soň pikirlerini özgertmekleri kyn bolıar. Bualara bahyllanmagyň we gyıbatyň ıalňyşdygyny we hiçhili peıda getirmeıändigini düşündirmek üçin 10 ıyl yza gidip, entek ıaşka düşündürmeli. Beıle gyıbat etmegiň ıerine çilime aıyran pulyň bir bukja üışürse, belli bir wagtdan soň özi hem alyp biler. Muňa bir akyl ıetirip bilse.

 

Umuman meniň bu zatlary samramagymyň netijesi ‘Göriplikden we Gyıbatdan Garyn Doıanok!’ Bu meseläni aňmasak, gaplat ukysyndan oıanmasak hiç haçanam ösmeris, kemala gelmeris.

 

Mowzuk bilen baglanşykly şorta söz:

Dowzahda dürli milletler, dürli gazanlarda ıakyp gaınadylıar eken. Hemme gazanlaryň gapaklary berk ıapylan we daş-töweregi garawullaıan melekden (perişdeden) doly eken. Bu melekler gazandan dyrmaşyp çykjak bolıanlary elindäki gural bilen dürtüp aşak düşürıämiş. Emma bu gazanlaryň arasynda biriniň gapagam ıok, daşynda garawul meleklerem ıok eken. Dowzah perişdelerine ıüzlenip: “Bu gazanyň näme üçin gapagy we garawullary ıok,”diıip soralanda, perişdelerden biri “Ol gazandakylar türkmenlerdir. Beıle milletler gazandan çykmak üçin arkalaşıalar, ıoldaşlarynyň öňürti çykmagy üçin yzyndan itip ıardam berıärler. Emma türkmenler bolsa özleri-hä çykyp bilenok, çykjak bolıanlaram çekip aşak düşürıärler.”

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center