
[ First ] [ Previous ] [ Index ] [ Next ] [ Last ]
Prawda: Buşlyk, Lenin-babamyza gowuşdyk!
Aljazira: Amerika Dünýäň soňuny getirdi.
Al-Arabiýa gazeti: Biz aýdypdyk, hiç kim ynanmandy.
CNN: Buş: ‘Muňa sebäp bolan teroristler hökmän tapylar’
BBC: El-Kaida wideo-ýazgylary yzarlanýar
RIA habar gullugy: Kyýamat boldy. ria
Financial Times: Paýdarlar Jemgyýetinde indeks indi hiç
üýtgemez
PC Oýunlary žurnaly: Game Over
Auto Show žurnaly: Syrat köprüsinden sagatda 100 kilometr batda
geçýän maşynlar
Bilim-Tehnika žurnaly: Älem barada bütin bilmeýän zatlarymyz
Aktual žurnal: Indi gerekli iki zat bar: sogaplar we
gyzgynlygy geçirmeýän eşikler
Star gazeti: Aldadylar, Şeýtan gowy eken(!)
ORT: Gazanlar lokur, lokur gaýnaýar, gyzýar, bugarýar. Giňişleýin
öz koresspondentimize bagalnýas.
TV6: Häzir ekranda görşüňiz ýaly bir daýyny süýräp dowzaga alyp
barýarlar
NTV: Biz şu wagt göni efirde gazanlary garawullaýan perişdä ýüzlenýäs:
‘Jenap Perişde! Gazanyň ýanynda gyzaňzokmy?’
Ukraina Telewideniýesi: Buşluk, ýangyç üçin pul tölämzok.
Gruziýa Metbugaty: Doňdurujy gyşlara soň
Türk Hökümet Edarasynyň metbugaty: Döwletimiz bütin ýaralary baglajakdyr!
TMT: Efirde ‘Iň Täze Habarlar’. Salam, gadyrly diňleýijiler! Bir
hepde öň ahyrzaman boldy. Bu barada materilaymyzy iki hepde boýy size
gaýta gaýta ýetireris.
Altas HG: Käbirleri diýýär ‘ahyrzaman bolupdyr’ diýip. Entek çeşmeler habary
doly dogrulamady.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas News Agency & Information Center