
1981-nji ýylda düşürülen
bu film kakasynyň Ikinji Jahan Urşundan
gaýdyp gelmegine garaşýan Bahar atly gyzyň hekaýasy barada gidýär. Bir oglan jigisi bolan Bahar, ejesi
işine gidende ejesiniň özleriniň ýeke-täk sygyryndan sagyp goýup giden
süýdüni aýlanyp töweregindäki öýlere satyp, maşgalany eklemegiň bir çäresine şeýle seredýärdi.
Emma bu söwdasynyň soňy şowly
bolmaýar, haçan-da ýanyndan geçip barýan wagytlaýyn gospitalyň aýnasyndan urşda ýaralanan esgeriň Bahara gözi ilip bir
käse süýt dileýänçä.
Ahmadulin bilen tanyşandan soň, Bahar hergünki satmaly süýdüni şol gospitaldaky esgerlere eltip berýär. Uzak wagtlap süýdüň pulunyň gelmändigine gözi ýeten Baharyň
ejesi şübhelenip soraşdyryberse-de, Bahar ýalan sözläp gizläp
gezýär.
Esgerler Bahary näçe kyn
ýagdaýda goýmajak bolup, süýdüni almajak bolsa-da, ýa-da ýerine birzatlar
berjek bolsa-da, Bahar jigisine gantdan başga hiçzat alanok.
Ahyr ejesi süýdiň puly gelmän soň
gyzy bilen bile özi aýlanmagy kararlaşdyrýar. We hakykat açaçan
bolýar. Ejesi bu hereketi buýsanç bilen garşylaýar.
Bu film asyl gahrymanyň
hekaýasyna geçmezden öň, wakanyň ýer alýan Budýonnyý
kolhozynyň 5 km ýakynyndaky
bir obada bolup geçýän bir
waka hödürlenýär.
Bu ýerde merkezden poçtadan hat we gazetleri getirmekden jogapkär aýal köwüşiniň ýyrtyklygy sebäpli, gyşyň sowugynda gaty daşa gitmäne el bermeýär.
Elbetde bu mesele obadakylar
bilen gatnaşyklarynda işi kynlaşdyrýar. Ogly Merdany awansyna
fermanyň soýulan malyndan et dilemäne
iberende, ferma müdiri Tomma gazetler
gelmese awans ýok diýýär. Muňa
namys
Ahyr merkeze ýeterläberende güýjüni ýitirip emedekläp başlanda wokzalyň ýanynda duran, uruşdan bir aýagyny ýitirip
ýaňyja gelen esgerin gözüne oglanjyk ilýär. Muny demirýolçy, Gurban, alyp poçtanyň binasyna, Nina-daýzanyn ýanyna getirýär. We ýylyjak geýindirip
gyzgynjak içirip çalaja açylyşar ýagdaýa getirýärler. Uruşdan gelen esger, Muratguly, hem Merdanyň obasyndan bolan soň, raýkomyň maşyny bilen ikisi obalaryna
gaýdýarlar.
Obasyna geleden gözüni açan Merdan Myratgulyny tanaýar, we onuň maşgalasyna gelendigi barada buşlap buşluguna çokaý aýakgap alýar. Çokaýlaryny geýip, gazetleri gelen badyna paýlaýar,
we ilknji bolup Tommynyň gazetleriniň eltip berýär.
Bu ýerde gynandyryjy bir mesele, Tommy gazetleri okamany, epleşdirip, kiçiräjik edip ýyrtyp çilim
ýasaýar. Uruş döwründe
kakasy Watany goramana giden oglanjyga erbet endigi sebäpli azar berip, awans
bermeýişi ýaly erbet häsiýetlerini aýalynyň hem halamaýandygyňy
şu sahnada görmek mumkin.
|
Alty
Garlyýew adyndaky “Turkmenfilm”
kinostudiýasy Sahnanyň awtorlary Halmämmet
Kakabaýew Aleksandr
Çernow Filmi goýan režisýor Halmämmet
Kakabaýew Filmi Goýan Operator Öwez
Welmyradow Filmi Goýan Hudožnik Selim
Amangeldiýew Kompozitor Nury
Halmämmedow Ses Operatory Ýusup
Ýagmyrow Režisyor A.Çarygulyýew Operator B.Goçmyradow Ýardamjy Režisyorlar K.Annanow,
Ç.Meredow Ýardamjy Operatorlar O.
Kasymow, T.Tekemyradow Redaktor Habyp
Guseýinow Montažçy Lidiýa
Trýaşenko Geýim hudožnigi A.Obuhowa Grimçi E.Kormilisina Kombinirlenen kadrlaryň
operatory B.Goçmyradow Kombinirlenen kadrlaryň
hudožnigi S.Amangeldiýew Ýolbaşçy topar Y.Sagirow R.Taňrygulyýew B.Gurbanow T.Artykow |
Rollarda Bahar Merdan Ahmadulin Suren Nikolaý Baharyň ejesi Nina daýza Gülnabat Serdar Aman Serhen-aga Tommy Sona Myradowna Demirýolçy Esger Epizotlarda SSSR Döwletkinokomitetiniň
simfoniki orkestry Dirižýor Konsultant Filmiň Direktory ©Türkmenfilm |
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas News Agency & Information Center