
1981-nji
ýylda düşürülen bu film kakasynyň Ikinji Jahan Urşundan gaýdyp
gelmegine garaşýan Bahar atly gyzyň hekaýasy barada gidýär. Bir oglan
jigisi bolan Bahar, ejesi işine gidende ejesiniň özleriniň
ýeke-täk sygyryndan sagyp goýup giden süýdüni aýlanyp töweregindäki öýlere
satyp, maşgalany eklemegiň bir çäresine şeýle seredýärdi.
Emma bu
söwdasynyň soňy şowly bolmaýar, haçan-da ýanyndan geçip barýan
wagytlaýyn gospitalyň aýnasyndan urşda ýaralanan esgeriň Bahara
gözi ilip bir käse süýt dileýänçä.
Ahmadulin
bilen tanyşandan soň, Bahar hergünki satmaly süýdüni şol
gospitaldaky esgerlere eltip berýär. Uzak wagtlap süýdüň pulunyň
gelmändigine gözi ýeten Baharyň ejesi şübhelenip
soraşdyryberse-de, Bahar ýalan sözläp gizläp gezýär.
Esgerler
Bahary näçe kyn ýagdaýda goýmajak bolup, süýdüni almajak bolsa-da, ýa-da ýerine
birzatlar berjek bolsa-da, Bahar jigisine gantdan başga hiçzat alanok.
Ahyr ejesi süýdiň puly gelmän soň gyzy
bilen bile özi aýlanmagy kararlaşdyrýar. We hakykat açaçan bolýar. Ejesi
bu hereketi buýsanç bilen garşylaýar.
Bu film
asyl gahrymanyň hekaýasyna geçmezden öň, wakanyň ýer alýan
Budýonnyý kolhozynyň 5 km ýakynyndaky bir obada bolup geçýän bir waka
hödürlenýär.
Bu ýerde
merkezden poçtadan hat we gazetleri getirmekden jogapkär aýal köwüşiniň
ýyrtyklygy sebäpli, gyşyň sowugynda gaty daşa gitmäne el
bermeýär.
Elbetde bu
mesele obadakylar bilen gatnaşyklarynda işi kynlaşdyrýar. Ogly
Merdany awansyna fermanyň soýulan malyndan et dilemäne iberende, ferma
müdiri Tomma gazetler gelmese awans ýok diýýär. Muňa namys
Ahyr
merkeze ýeterläberende güýjüni ýitirip emedekläp başlanda wokzalyň
ýanynda duran, uruşdan bir aýagyny ýitirip ýaňyja gelen esgerin
gözüne oglanjyk ilýär. Muny demirýolçy, Gurban, alyp poçtanyň binasyna,
Nina-daýzanyn ýanyna getirýär. We ýylyjak geýindirip gyzgynjak içirip çalaja
açylyşar ýagdaýa getirýärler. Uruşdan gelen esger, Muratguly, hem
Merdanyň obasyndan bolan soň, raýkomyň maşyny bilen ikisi
obalaryna gaýdýarlar.
Obasyna
geleden gözüni açan Merdan Myratgulyny tanaýar, we onuň maşgalasyna
gelendigi barada buşlap buşluguna çokaý aýakgap alýar. Çokaýlaryny
geýip, gazetleri gelen badyna paýlaýar, we ilknji bolup Tommynyň
gazetleriniň eltip berýär.
Bu ýerde
gynandyryjy bir mesele, Tommy gazetleri okamany, epleşdirip, kiçiräjik
edip ýyrtyp çilim ýasaýar. Uruş döwründe kakasy Watany goramana giden
oglanjyga erbet endigi sebäpli azar berip, awans bermeýişi ýaly erbet
häsiýetlerini aýalynyň hem halamaýandygyňy şu sahnada görmek
mumkin.
|
Alty
Garlyýew adyndaky “Turkmenfilm”
kinostudiýasy Sahnanyň awtorlary Halmämmet
Kakabaýew Aleksandr
Çernow Filmi goýan režisýor Halmämmet
Kakabaýew Filmi Goýan Operator Öwez
Welmyradow Filmi Goýan Hudožnik Selim
Amangeldiýew Kompozitor Nury
Halmämmedow Ses Operatory Ýusup
Ýagmyrow Režisyor A.Çarygulyýew Operator B.Goçmyradow Ýardamjy Režisyorlar K.Annanow,
Ç.Meredow Ýardamjy Operatorlar O.
Kasymow, T.Tekemyradow Redaktor Habyp
Guseýinow Montažçy Lidiýa
Trýaşenko Geýim hudožnigi A.Obuhowa Grimçi E.Kormilisina Kombinirlenen kadrlaryň
operatory B.Goçmyradow Kombinirlenen kadrlaryň
hudožnigi S.Amangeldiýew Ýolbaşçy topar Y.Sagirow R.Taňrygulyýew B.Gurbanow T.Artykow |
Rollarda Bahar Merdan Ahmadulin Suren Nikolaý Baharyň ejesi Nina daýza Gülnabat Serdar Aman Serhen-aga Tommy Sona Myradowna Demirýolçy Esger Epizotlarda SSSR Döwletkinokomitetiniň
simfoniki orkestry Dirižýor Konsultant Filmiň Direktory ©Türkmenfilm |
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas News Agency & Information Center