
MAGTYMGULY – PYRAGY
( 1733 – 1791)
Magtymguly-Pyragy XVIII asyrda ıaşan, türkmen klassyky edebiıatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan , türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr . Ol öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk ara-synda beyik söıgä mynasyp bolan klassykdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy suratlarynyň wasp edip, ulumsylyk edıänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünıärleri rehimsiz paş eden şahyrdyr. Magtymguly edebiıaty halk köpçüligine has ıakynlaşdyryar. Ol edebiıatyň dili, tematikasy jähitden göniden-göni halkyň jümmüşine aralaşıar, onuň zeruriıetliklerinden ugur alıar.
Türkmen edebiıatynyň taryhynda ençeme söz
ussatlarynyň – şahyrlarynyň arasynda Magtymguly şöhratly
orunda durıar.
Nowruz 25, 2004. Alman(Germaniıa)daky Eıranly türkmen talyplarynyň garaşsyz guramasynyň taııarlan Magtymguly Pyragynyň sahypasy internetde hyzmat berıär. Şahyryň örän köp (mümkin hemme) goşgulary
elipbiı orunlamasy esasynda, pars harplary bilen ıazylan ıagdaıda
hödürlenipdir. Pars harplaryny bilmeıänler gaıgy etmesin, sebabi her goşgynyň ıany bilen awtomatiki
açylıan audio ıazgysy hem
bar. Audio ıazgylar Real
Media formatynda.
Nowruz 8, 2004. 2001-nji ıyldan bäri
internetde Türkmen Medeniıeti
static sahypasy hyzmatda.
Giň kitaphanasy bolan bu sahypada şol
sanda beıik şahyr atamyz Magtymguly Pyragynyň 13 goşgusy we ginişleıin ömür beıany hödürlenipdir.
Sahypanyň ıönekeı, göze-mylaıym
gurluşygy, sahypanyň
her sepine girmäne höwes döredıär.
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas News Agency & Information Center