
Gurbansoltan 18, 2004.
Sahypamyz ilkinji
1999-nji ıylyň dekabrynda nobatda Altyn Asyr ady bilen açylypdy, we bu ady
bilen 1999-2003 aralygynda hyzmat berdi. Emma, ‘Altyn Asyr’ adynyň köp
türkmen edara we merkezlerinde ulanylmagy, hatda bu at bilen döwlet saıtynyňam
we teleıaılym kanalynyňam açylmagy sebäpli toparymyzyň adyny birazrak
üıtgetdik: ‘altyn’ sözünden ‘ALT’, asyr sözünden ‘AS’bölegini alyp, ‘ALTAS’
habar gullugyny döretdik. 2003 Sanjar aıy bilen 2004 Türkmenbaşy aıy
aralygynda Altyn Asyr Zonasy birazrak dinç aldy. Altas Habar Gullugy ady bilen Türkmen.Net sahypasynda habarlarymyzy
ıaıymlamana dowam etdik. Emma Türkmen.Net
baş redaktorunyň gaty meşgul bolanlygy sebäpli Altyn Asyr
freeserverimizi ‘Altas’yň adyndan ulanmana dowam etdik. Türkmenistan
habarlaryny esasanda şu çeşmelerden alıas:
http://www.turkmenistan.gov.tm
http://www.newscentralasia.com
Şol sanda TürkmenPost üçin birnäçe
gezek habar ıazyp, TurkmenNet-e goşant goşmana çalyşdyk.
Toparymyza sizem
goşulyp bilersiňiz. Bize ıazmak üçin altas@turkmen.net ıa-da altynasyr@yahoo.com .
Şamyrat İusupow
Sanjar 27, 2003.
Salam, eziz dostlar !
Biz kän zerur bolmasa-da sahypamyz we özümiz barada bir-iki agyz aıdaly diıdik.
Umuman sahypamyzyň açmak pikri 1999-nji ıylyň ahyrlarynda kellä
geldi. Biz Malaıziıa’da okaıan talyplar bolan soň, bärdäki tehniki
müňkinçülüklerden peıdalanyp örän gyzykly bir sahypa açmak niıetimiz
bardy. Sebäbi ol wagt internetde Türkmen dilinde sahypalar örän azdy. Hatda
diňe Sanjar Kafe we
Turkmens.Com bardy.
Beıleki Türkmenistanyň sahypalary Ors we Iňlis dillerindedi.
Meşhur agAjanyň
sahypasy ıaňy üıtgeşik dizaınlarda ıüze çykyp başlan wagtydy.
Beıleki sahypalaryň köpsi şahsy bolup, özi barada maglumat,
başga sahypalara sepler, beıleki dillerde(Ors, Iňlis we Türk
dilleri ıaly) makalalar ıerleşdirilendi, wşm.
Emma biziň käbir ıetmezçiliklerimiz
sebäpli beıle bir sahypany ıüze çykaryp bilmedik. Sahypamyz bir ıarym ıyla
ıakyn hyzmatda däldi. Soň elimize mümkinçilik geçende bolsa eııam gijä
galypdyk. TürkmenNet-de eııam her mowzukda sahypalar, makalalar, suratlar
çykypdy. Şol sebäpli biz Altyn Asyr Sahypamyzda kän bir bölüm açmadyk, we
kän makala-da ıazmakçy däl. Munyň iki sany esas sebäpleri:
Mysal çet ıurtlylar üçin aňsat
görnüşde Türkmen Dili Gramatikasy bolümüni
açdyk. Bu bölüm biziň üçin örän zerurdy, sebäbi uniwersitedimizde ıerli
talyp dostlarymyz üçin uniwersitediň rugsady bilen Türkmen we Rus dilleri
kurslary açdyk. Jogapda Türkmenistana gidenimde çet ıurtlylara Türkmen Dilini
öwretmek üçin ulanyp boljak oňat materıal gynansakda tapyp bilmedim. Rus
Dili materıaly internetde-de doly, şonuň üçin ol gaty uly mesele
bolmady. Türkmenistanda tapyp bilmedik zadymy internetde nädip tapçak diısene.
İöne beıle-de diımeli däl. Belki hemmäňiziň habaryňyz bardyr,
Greg Lastowkanyň Çaıhana
atly websahypasynda kompıuteriňize geçirip bolıan WinWord-da taııarlanan
Türkmen-Iňlis, Iňlis-Türkmen Sözlügi bar. Bu sözlügiň
soňunda gysgaça oňat görnüşde Türkmen Dili Gramatikasy dokumenti
taııarlanypdyr. Greg Lastowkadan rugsat sorap HTML görnüşünde
Türkmen.Net-e ıerleşdirdik.Eıho!-daky Türkmen Elipbiıiniň hem peıdasy boldy.
Talyp Täzelikler-em edil
şolar ıaly. Daşary ıurtdaky talyplar wiza meselesi sebäpli
Türkmenistan kän gidip gelesleri gelenokdy. We beıle bir täzeligi eşiden
Türkmen talyp jogapdaky planlary üıtgedip biler.Wşm.
Baıramdyr
bildirişler hakynda ıazanymyzda hem gysgaça we degişme görnüşde
tutjak bolıarys. Sebäbi bu mowzuklarda habar okajak bolıan Ajap.Net-e,
düzme okamak isleıän agAjan
bilen Eıho! sahypalaryna,
surat görmek isleıänler-em Turkmens.Com
we Suratlar.8m.Com-a
girse gözleıän zadyny arkaıyn tapar. Bu sebäpli biz okyjylarymyza
üıtgeşik, aıratyn ıüz bilen seretjek we seretdirjek bolıarys.
Abdy Rahmanow
Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved
Altas
News Agency & Information Center