Free Web Hosting Provider - Web Hosting - E-commerce - High Speed Internet - Free Web Page
Search the Web

Kömek Sahypasy

 

1.    <Pop-up>lardan nähili dynmaly?

2.    Altas Açyk Bölüm – Weblog

3.    Bölümler Barada

·       Habarlar Bölümi

·       Aktual Bölüm

·       Portal Bölümi

·       Nokat Bölümi

·       Dutar Bölümi

·       Topar Bölümi

 

POP-UP penjirelerinden nädip dynmaly?

Pop-up penjireleri – bir web sahypany açjak bolanyňyzda gapdaly bilen, ýany bilen başga penjirede açylýan, köplenç mahabat mazmunly penjirelere pop-up diýilýär.

 

Java Kodlary işlänok

Gynansak-da biziň şu wagtky ulanýan serwerimiziň hem pop-uplary sahypamyzyň myhmanlaryny biynjalyk edýär. Biz öň-em birnäçe gezek bu penjireleriň çykmazlygy üçin Java kodlary ýerleşdirip gördük. Emma örän oňat işleýän Freeservers topary her gezeginde çözgüt tapyp munyň hötdesinden gelýärler.

 

Onda Näme Maslahat?

Şol sebäpli eger siz Internet Explorer ulanýan bolsaňyz, Google Toolbar programmasyny çekip, kompýuteriňize gurnamagyzy maslahat berýäs. Toolbaryň soňky wariantynda Pop-up block hyzmaty bar. Bary etmeli işiňiz Google Toolbary gurnandan soň ‘Site popups allowed’ düwmesine basmagyňyzdyr. Eger düwmäniň ýazgysy ‘** blocked’ diýip üýtgese, mundan beýläk çykjak pop-uplaryň açylmagynyň öňüni alar, we düwmäniň üstünde sanawaç hökmünde yzarlar.

 

Google Toolbary nirden çekmeli?

Google Toolbar http://toolbar.google.com sahypasyndan alyp bilersiňiz. Etmeli işiňiz berilen dillerden birini saýlap, yzyndan üstünde ‘Download Google Toolbar’ ýazdyly gök reňkli düwmä basyň. Emma bir size iňlis dilindäki (English) wariantyny çekmegiňizi maslahat berýäs. Sebäbi beýleki dillerdäkileriň käbirleri köne ‘pop-up blocker’ bolmadyk wariantlary ýerleşdirilendir.

 

 Google Toolbar Sahypasyna

Altas Açyk Bölüm – Weblog

Bilşiňiz ýaly Altas weblogumyz hem hyzmatda. Bu weblogda käbir makalalar ýa-da habarlar ýaýymlanýar. Weblogy görmek üçin web adresi:  http://altas.blogspot.com

 

Weblogda täze ýazgynyň ýollanyp ýollanmandygyny barlamak üçin rss okaýyjy programmalaryň birini internetden çekiň we aşakdaky adresi goşuň:

http://altas.blogspot.com/atom.xml

 

RSS okaýyjy programmalary http://blogspace.com/rss/readers ýa-da http://www.syndic8.com sahypasyndan saýlap-seçip, kompýuteriňize çekip bilersiňiz. Aşakdagy baglardaky programmalar möhletli synag görnüşüni çekip bilersiňiz:

http://wcarchive.cdrom.com/pub/bws/bws_27/nwinstall.exe

http://www.bradsoft.com/download/feeddemon-trial.exe

 

Bölümler Barada Maglumat

Habarlar

http://www.altasnet.tk

 

Altas Habar Gullugynyň Türkmenistandan we Dünýäden dürli çeşmelerden peýdalanylyp ýazylan bitarap habarlary we synlary ýer alýar. Bu bölüm habarlar Jahan, Bilim, Tehnika, Ykdysadyýet, Syýasat, Saglyk, Oba-hojalyk, Sport, Metbugat, Miras synplara aýryldy.

Bulardan düşündüriş getirip biljeklerimiz şular:

  • Ykdysadyýet synpy – Ykdysadyýet we söwda habarlary. Ülkamiziň malyýe ýagdaýyny berkidiji alynyp barylýan işler barada habarlar.
  • Syýasat synpy – Syýasat, kanun, kararlar, mejlis, hökümet, kazyýet, adalat, halkara gatnaşyklar mowuklar astyndaky alynyp barýan çäreler baradaky bitarap habarlar.
  • Saglyk synpy– Ýeke saglyk bilen baglanşykly bolman, eýsäm howa ýagdaýy ýaly saglyga göniden täsir edip biljek unsurlar barada habarlar.
  • Metbugat synpy– Täze çykan kitaplar, žurnallar, dürli ýazuw ýaýlymlary bilen bilelikde ülkämizde metbugat, teleýaýlym we radioýaýlym bardaky ösüşleri size ýetirýän synp.
  • Miras synpy– Medeniýet, Sungat we Ruhy Baýlyklarymyz barada olary goraýyş, ösdüriş esasynda edilýän işleri bu synpdan yzarlap bilersiňiz.

 

Mundan başga köne habarlary okamak üçin sene esasynda yzarlaýan arhiwi dörüp bilersiňiz.

 

Aktual

http://www.aktual.tk

 

Ýakynlarda bolup geçýän wakalaryň türkmen ahlaky we medeniýeti esasynda ele almak, döredijilik ukyplaryny şu bölümde ýetirmäne çalyşýas. Bu ýazgylar biziň dünýegaraýşymyza we gözýetimize, biziň ahlaky we wyjdan düşünjämiziň esasynda terjibe durmuşumyza ornaşdyrmak esaslandyrylandyr. Şol sanda watansöýerlik we serdarymyza wepalylyk, döwletimiziň tutumly işlerini iň içki duýgylarymyz bilen goldamak syýasaty, biziň baş ýörelgämiz bolup durýar. Çylşyrymlaşýan dünýäde taryhyň sahypalaryndan ýitip gitmezlik üçin öz medeniýetimize bagly galmak zerurdyr.

  • Serdar synpy – Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň alyp barýan tutumly işlerini galamyň güýji bilen goldamak, oňa bolan söýgümizi döredijilik ukyby arkaly bu synpda ýetirjek bolarys.
  • Galkynyş synpy – Ülkämiziň Garaşsyzlygyndan soň gysga wagtyň için gazan üstünlüklerini baradaky yzarlamalary, makalalary, pikirleri, söhbetleri we synlary şu synpda okap bilersiňiz.
  • Bilim we Ylym synpy – Adamzady hamyry bilim bilen  ýugurulýar, ylym bilen kämilleşýär. Bu synpda bilimiň we ylymyň ähmiýetini durmuşumyzdan mysallar bilen galama alynýar.
  • Sungat synpy – Sungatda we döredijilikde ynsabyň we ahlakyň ýeriniň nähili möhümdigini bu synpda nygtalýar.
  • Medeniýet synpy – Medeniýet ynsany haýwanlardan aýyrýan häsiýetlerden biridir. Medeniýet manysynda ýeke däp-dessurlarymyza baglylyk däl, eýsäm döwrüňi üýtgemegine garamazdan modadan gaçmaýan ynsap, wyjdan, dürüslik, hormat, ahlak ýaly unsurlar we Jemgiýetiň kämilligi üçin zerurly bolan Ruhy Galkynyş barada synlary bu synpda okap bilersiňiz.

 

Sport, Edebiýat, Taryh we Dürli-dümen synplary barada aýdyp oturmagam gerek däl.

 

Portal

http://www.portaltas.tk

 

Obýektiw maglumatlaryň ýerleşdirilen bölümi. Umuman kiçi kitaphana diýseň boljak.

  • Turkmen Grammar – Türkmen dili gramatikasy iňlis dilinde
  • Magymguly – Şahyr atamyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan bölüm
  • Degişme – Durmuşdan we döredijilik dünýäsinde gülki, ýumar, şorta sözler
  • Kino – Türkmen kinosungaty barada

 

Mundan başga Aýdym-Saz bölümünde türkmen klasik we halk aýdymlarynyň sözlerini ýerleşdirmekçi.

Awtomobil bölümünde bolsa ulaglar barada maslahatlar, bazar, enjamlar, suratlar ýerleşdirmek niýetimiz bar.

Hünär bölümünde durmuşunyň hünär saýlama ädiminde bolanlar üçin saýlap seçer ýaly, dürli hünärler barada maglumat ýerleşdirmekçi.

 

Elbetde taýýar däl synplaryň mazmunyny biziň ýazmagymyza garaşmak hökmän däl. Sizem bize ýazyp ýollap bilersiňiz. altas@turkmen.net ýa-da altynasyr@yahoo.com.

 

Nokat

http://www.nokat.tk

 

Bu bölüm belli bir derejede Aktual bölüm bilen baglanşygy bar. Emma Nokat bölümindäki synplar umumylykda has köp, belli bir mowzugyň töwereginde jemlenmegi maksaýandyr.

 

Biziň metbugat toparymyz hökmünde öňümüzde goýan maksatnamalarymyz bar. Bular esasanda türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde osüşi yzarlamak we gerekli ruhy goldawy bermek, ülkämiziň dünýäniň öňünde kemala gelýän ornuny ünse ýetirmek, Mukaddes Ruhnamadaky pähim-paýhaslardan peýdalanmak, medeniýetimiziň we dilimiziň baýlyklaryny ýüze çykarmak we ülkämizdäki gerek sport, gerek ykdysadyýet, gerek bolsa medeniýet ýaly dürli pudaklardaky üstünlikleri goldamak.

 

Bu maksatnamalar ýeke bular bilen çäklenmän goňşy döwletlerimiz, esasan-da Türki halklar bilen aragatnaşygyň kämilleşmeginde gelinen nokada göz ýetirmek we yzarlamak hem bardyr.

  • Jahan Kubogy synpy – Bu synp milli ýygyndy toparymyzyň Jahan Kuboguna çykmana mümkinçilikleri barada syn, pikir alyş we söhbetdeşlik merkezidir. Siz-em öz pikirleriňizi ýazyp ýollap bilersiňiz. altas@turkmen.net
  • Globallaşma synpy – Tehnikanyň, aragatnaşygyň we ulagçylygyň örän äpet derejede ösüşi sebäpli gaçyp bolmajak dünýäniň kiçi oba halyna gelişi bolan gloaballaşmanyň Türkmenistanyň alyp biljek täsirleri, umumy manyda globallaşma eşretmi ýa-da boş pelsepemi? Bu barada Türkmenistan nukdaýy nazaryndan synlar we makalalar bu synpda hödürlener.
  • Ene Dili synpy – Dilimiziň inçe häsiýetleri, käbir sözleriň gelip çykyşy baradaky makalalary yzarlamasy.
  • Ruhnama synpy – Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnama kitabyndaky meseleriň durmuşa geçirmegiň zerurlulygy we ädilmeli ädimler barada synlar we makalalar.
  • Türkistan synpy – Türki doganlyk halk doganlyklarynyň medeni, syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň kämilleşmegi ugrundaky habarlaryň yzarlamasy.
  • Nesihat synpy – Durmuşumyzda bolýan käbir kiçi ýa-da kynçylyklar barada maslahatlar, nesihatlar we teklipler hödürlenýär.
  • Maşgala synpy – Maşgala agzybirligi, çaga terbiýesi barada nesihatlar.
  • Ynsanlyk Ýazgydy synpy – üýtgeýän döwür häsiýetimize-de, adamçylygymyza-da täsiri ýetýär. Kalbymyz haýwanlaşyp, adamlara kömek eli uzatmakdan men edýäs özümizi. Ynsan bolup ýaşamak, ýardamlaşmak erbetmi eýsäm?
  • Okamak synpy – Okamak, okap aňyýetimizi we dünýegaraýşymyzy giňeltmek, ylmymyzy artdyrmak barada-da az makalalar ýazylmady. Emma köçede kitap okany görenimizde ‘Alymsyrap bolup durşuny(!)’ diýmegimiz, okamasak-da okaýanlaryň badyny saklamak, dünýesini ýykmak dogrumy?

 

Dutar

http://www.dutar.tk


“Täze Bilim Syýasatynyň” alýan ugry, goşulýan goşantlar. Talyplaryň DUTARynyň sesi.

 

  • Bilim we Ylym synpy – Adamzady hamyry bilim bilen  ýugurulýar, ylym bilen kämilleşýär. Bu synpda bilimiň we ylymyň ähmiýetini durmuşumyzdan mysallar bilen galama alynýar.
  • Alymlar - Ylym dünýäsine uly goşant goşan türkmen we dünýä alymlary.
  • Gündeligim - “Atamyň we obamyň ýaşulylarynyň beren nesihatlaryny gündelik edip saklapdym. Şolary size hödürlemekçi.”
  • Ruhnama – Mukaddes Ruhnamadan ylym we bilim baradaky bölekler.
  • Täsin Mekdepler Prezidentimiziň ‘Täze Bilim Syýasatyna’ uly goşant goşýan Türkmen-Türkmen mekdepleri barada.
  • Talyplyk Ýyllar – Bu synp ýörite ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin açylandyr. Başdan geçiren wakalaryňyzy, ýatlamalaryňyzy, makalalaryňyzy, goşgularyňyzy, suratlaryňyzy bu bölümde ýaýymlap bilersiňiz.
  • Internet – TürkmenNet-e bagyşlan bu bölümümiz taýýarlanýar. Taýýarlanýar
  • E-Mekdep - Size şu ýerde dürli ylmy makalalary size hödürlemekçi. Taýýarlanýar
  • Kitap Älemi – Türkmen ýazyjylarynyň täze we köne türkmen we daşary ýurt dillerinde çap edilen kitaplary.

 

Topar

http://www.topar.tk

Sahypamyz, toparymyz we ýaýlym syýasatymyz barada. Bu bölümde proýektlerimiz we sizden gelen hatlardan saýlamalar hem ýer alýar.

 

 

 

 

 

Copyright © 1999 - 2004, All Rights Reserved

Altas News Agency & Information Center